Ylym
21.01.2025
3165
Iňlis dili mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary başlandy
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dilinden sapak berýän mugallymlar üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary başlandy. Ol AELLCA Britan Geňeşiniň taslamasynyň çäklerinde guraldy.
21.01.2025
4295
Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Beýik Britaniýanyň Kowentri uniwersitetiniň wekilleri onlaýn-duşuşyk geçirdiler.
21.01.2025
3691
Türkmenistanda hapa suwlary arassalaýan biologik organiki süzgüç döretmek boýunça ylmy gözlegler alnyp barylýar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri tehnologiýalary we ölçeg serişdeleri barlaghanasynda organik galyndylar bilen hapalanan suwlary arassalaýan biologik organik süzgüç ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça ylmy gözleg we synag işleri alnyp barylýar. Bu işde maldarçylyk toplumlarynyň hapa suwlaryna aýratyn üns berilýär.
20.01.2025
6640
XXI Halkara Žautyk olimpiadasynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylary sylaglandylar
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny – Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada 13-17-nji ýanwar aralygynda matematika, fizika we informatika «IzhO-2025» boýunça XXI Halkara Žautyk olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
18.01.2025
5310
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy
Türkmenistanda 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Bu meseleler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.
17.01.2025
4431
Türkmenistanyň Bilim ministrligi II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Olimpiada Aşgabat şäherinde şu ýylyň 21–26-njy apreli aralygynda geçiriler.
16.01.2025
3910
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň IV oýny geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual bäsleşiginiň IV möwsüminiň IV saýlama oýny geçirildi.
15.01.2025
4636
Ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze okuw kitaplarynyň nobatdaky tapgyry çykaryldy.
14.01.2025
4411
Türkmenistanyň okuwçylary XXI Halkara Žautyk olimpiadasyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň okuwçylary Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 13-17-nji ýanwar aralygynda geçirilýän «IzhO-2025» atly matematika, fizika we informatika boýunça XXI Halkara Žautyk olimpiadasyna gatnaşýarlar.
14.01.2025
3407
SUSI maksatnamasynyň uçurymy bolan türkmen talyp gyzy Pragadaky Global Zenanlar forumyna gatnaşdy
«ABŞ-ny öwreniş institutlary» (SUSI) atly ýaş zenanlar üçin akademiki maksatnamasynyň uçurymlary Çehiýa Respublikasynyň paýtagtynda 5-9-njy ýanwar aralygynda geçirilen Ählumumy liderlik forumyna (GLOW) ýygnandylar.