Hyzmatdaşlyk
11.11.2026
762
Türkmenistanyň wekiliýeti altynnjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy
Türkmenistanyň müftisi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 8-11-nji noýabry aralygynda Jidde şäherinde geçirilýän Altynjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy.
11.11.2026
725
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi.
11.11.2026
743
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebejiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.11.2026
737
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa onlaýn duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildly Lord Wudyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
10.11.2026
1116
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
10.11.2026
473
Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk hormat bilen ýatlanyldy
10-njy noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda iki doganlyk halkyň dostlugynyň we medeni ýakynlygynyň nyşany bolup durýan Atatürk adyndaky seýilgähde Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
09.11.2026
1336
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-de çap edildi
2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi.
09.11.2026
1272
Yslamabatda Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýeti bellenildi
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda pakistan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen esasy halkara çärelere we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
06.11.2026
2438
Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumy öz işine başlady
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň dokuzynjy «China International Import Expo–2026» halkara import harytlary sergisine gatnaşmagy mynasybetli Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň açylyşy geçirildi.
06.11.2026
2166
Türkmenistanyň Ilçisi Er-Riýadda geçiriljek «Expo-2030» sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen «Expo 2030 Riyadh» sergisiniň halkara gatnaşyjylar departamentiniň direktory, öňde boljak Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň ýurt boýunça utgaşdyryjysy bolup durýan Muhammet bin Garadyň arasynda duşuşyk geçirildi.