Medeniýet
28.10.2026
2304
Dünýä halklarynyň saz sungaty bir sahnada
Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Dünýä halklarynyň milli saz gurallary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
28.10.2026
2243
Saz arkaly janlanan erteki
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň konsertler zalynda «Saz hakda. Çagalar» atly konsertler tapgyrynyň çäklerinde geçirilen «Çipollino» atly interaktiw konserte gatnaşmak isleýänleriň sany köp boldy.
27.10.2026
1751
Amerikan bilermeni Aşgabatda muzeý mirasyny sanlylaşdyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirýär
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ABŞ-nyň Wirjiniýa uniwersitetiniň wekili, doktor Daniel Waýs Aşgabat şäherindäki muzeýlere baryp gördi.
26.10.2026
2968
Teatryň halkara üstünligi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungatymyzy dünýäde wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
25.10.2026
2880
Sahna ussatlary Balkan welaýatynda döredijilik saparynda bolýarlar
A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary diňe teatrlaryň tomaşa zallarynda däl, eýsem, güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde hem yzygiderli çykyş edýärler.
25.10.2026
2398
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary «Karaoke» konsert bäsleşiginde ýeňiş gazandylar
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Karaoke» konsert bäsleşigi geçirildi. Ol estrada sungaty bölüminiň bir hepde dowam eden konsertlerini jemlän ahyrky çykyş boldy.
24.10.2026
1941
Medeni hyzmatdaşlyk köprüsi: Aşgabatda Gazagystanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň «Dostluk ýoly» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we netijeli medeni-ynsanperwer gepleşikleriň pugtalandyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
24.10.2026
1761
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde V halkara teatr festiwaly geçiriler
Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat we Arkadag şäherleri halkara teatr sungatynyň merkezlerine öwrüler.
23.10.2026
1773
«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisi Aşgabatda sungat we ekologiýa barada pikir alyşmaga çagyrýar
Paýtagtymyzda «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisi öz işini dowam etdirýär. Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti, IDEA jemgyýetçilik birleşiginiň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Leýla Aliýewanyň başlangyjy bilen döredilen hem-de Emin Mämedow tarapyndan guralan bu taslama häzirki zaman sungatyny, ekologiýa düşünjesini we ynsanperwer dialogy bir ýere jemleýär.
23.10.2026
3076
Teatr möwsüminiň täsirli başlangyjy
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary üçin täze teatr möwsüminiň başlangyjy şatlykly we täsirli wakalara baý boldy. Şu aýyň ikinji ýarymynda teatryň artistleriniň bir topary Lebap we Mary welaýatlaryna döredijilik saparyny amala aşyrdy.