Wakalaryň jümmüşinde
31.07.2022
5189
Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyna çykýar
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň geçen alty aýda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi.
31.07.2022
4752
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek meseleleri girizildi.
29.07.2022
4446
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer daýhanlaryna, edermen gallaçylaryna
Sizi sahawatly türkmen topragyndan gallanyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylyny tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
29.07.2022
4069
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Siziň ähliňizi ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
29.07.2022
3912
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.07.2022
4989
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
28.07.2022
5899
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Nguen Suan Fuka hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.07.2022
4392
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
24.07.2022
8776
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
24.07.2022
10422
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, bagtyýarlyk, doganlyk özbek halkynyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmak baradaky arzuwlaryny iberdi.