Ykdysadyýet
07.11.2026
3407
«Tebigy ekiniň» bol hasylly pelleri
Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän Hasyl toýuna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň işçi-hünärmenleri hem mynasyp zähmet sowgatlary bilen geldiler.
06.11.2026
3508
Şanhaýda geçirilýän «China International Import Expo» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony ýaýbaňlandyrylýar
Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri halkara sergilere çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
06.11.2026
3196
Babadaýhan dokma toplumynyň önümlerine uly isleg bildirilýär
Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Babadaýhan dokma toplumy önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Kärhana ýurdumyzyň ýeňil senagatynda mynasyp orun eýeleýär. Zähmet toparynyň agzybirlikli we sazlaşykly işi öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, ýokary hilli önümleriň öndüriliş möçberini artdyrmaga ýardam berýär.
06.11.2026
2782
Gümrük gulluklarynyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär
2026-njy ýylyň 3-4-nji noýabrynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
05.11.2026
2474
Türkmenistanda Gazagystanyň serhedine barýan täze awtomobil ýolunyň bir bölegi ulanmaga berildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi.
05.11.2026
2485
Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz täze awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Türkmenistanda umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan Aşgabat – Daşoguz täze awtomobil ýolunyň giň gerimli gurluşygyna badalga berildi. Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüljek bu taslamanyň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
05.11.2026
2314
Daşoguz welaýatynda ýylda 700 müň tonna azotly dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbi tutuldy. Kärhana ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Giň gerimli maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga bermek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
05.11.2026
1899
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň düýbi tutuldy
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň düýbi tutuldy. Täze desganyň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
04.11.2026
2343
«CIET 2026»: Türkmenistan we Russiýa parahatçylykly atom energiýasy ulgamynda tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürýärler
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi– 2026» («CIET 2026») atly halkara sergi we maslahat bolup geçdi.
04.11.2026
2332
Türkmenistan bilen Swerdlowsk oblasty hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi– 2026» atly halkara sergi we maslahat («CIET 2026») çäginde forumyň hormatly agzasy, Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň gubernatorynyň orunbasary Dmitriý Ionin ikitaraplaýyn ykdysady, ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky garaýyşlary barada gürrüň berdi.