Ylym
24.07.2026
895
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türkiýäniň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Rahmi Eriň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga dostlukly iki ýurduň bilim we awiasiýa ulgamlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
23.07.2026
950
Türkmen talyplary Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde bir ýyllyk tejribelik okuwyny tamamlaýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň üç talyby Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty aralygynda guralan bir ýyllyk okuw-tejribeligini üstünlikli tamamlaýar. Okuw sapary türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan ylmy alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.
22.07.2026
1853
Türkmenistanyň wekilleri Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde tejribelik geçýärler
14-nji iýuldan bäri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde tejribelik geçýärler.
22.07.2026
1272
Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda medallara mynasyp boldular
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 10 – 21-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 67-nji halkara matematika olimpiadasynda («IMO – 2026») üstünlikli çykyş edip, bir kümüş we üç bürünç medallary gazanmagy başardylar.
21.07.2026
1123
Täze okuw kitaplary neşir edildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplarynyň awtorlary boldular.
20.07.2026
1156
Türkmen okuwçylary Daşkentde geçirilen Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandylar
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 10–19-njy iýul aralygynda geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyza dört medal getirdiler.
17.07.2026
2545
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler.
16.07.2026
2834
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026-2027-nji okuw ýylynda geçiriljek «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi.
15.07.2026
2435
Türkmenistanly talyp gyz Germaniýada DAAD gullugynyň tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Mehatronika we robot tehnikasy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa Germaniýada 1–30-njy iýul aralygynda geçirilýän Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar.
14.07.2026
2452
Türkmen mekdep okuwçylary Baku şäherinde geçirilen «TIMO 2026» halkara olimpiadasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 2–6-njy iýul aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen «Turkic International Mathematical Olympiad – TIMO 2026» halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.