Ï Ankarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ankarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

view-icon 1710
Ankarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi.

Geçirilen çärä halkara guramalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna taýýarlyk işleri barada maglumatlar ýetirildi.

Mundan başga-da, tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgy görkezildi hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyny tanyşdyrýan sergi guraldy.