2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebit integrasiýasy ministri Samuel Okudzeto Ablakwanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Telefon söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti tassyklandy.
Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn hem üns berildi.