Ï Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 1411
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň türkmen-belarus strategik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Iki döwletiň köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti hem bellenildi.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem garadylar.