Ï «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy

view-icon 2397
«Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden ugur alnyp, indi geçirilmegi däp bolan bu bäsleşik 4-nji gezek geçirildi.

Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda yglan edilipdi.

Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, dünýä halklaryny edebi terjimeler arkaly ýakynlaşdyrmak we zehinli ýaş terjimeçileri ýüze çykarmak bäsleşigiň esasy maksadydyr.

Türkmen halkynyň milli ruhy gymmatlyklaryna kybap gelýän eserleriň dünýä dillerindäki görnüşlerini türkmen diline terjime etmek bäsleşigiň şerti boldy.

Bäsleşigi guraýjylaryň biri bolan «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow bilen söhbetdeşligimizde, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanýan ýaşlaryň ýyl geçdigiçe bäsleşige gatnaşýanlaryň sanynyň artýandygyny, şeýle hem şu gezekki bäsleşige gelen eserleriň, makalalaryň dünýä dilleri bolan, ýagny iňlis, fransuz, italýan, arap-pars, rus, hytaý, türk, koreý dillerinden edilen terjimeleriň bardygyny, olaryň aglabasynyň kämildigini belledi.

Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça ýeňijiler çäräni guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, ýagny haly, tozan sorujy, bug ütük, çörek gyzdyryjy bilen sylaglanyldy hem-de olara Hormat hatlar gowşuryldy.

Bellemeli zatlaryň biri hem bäsleşige öň hiç hili terjime edilmedik we çapa berilmedik, şol sanda emeli aňdan peýdalanylmadyk görnüşindäki eserler kabul edildi.