Ï Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

view-icon 121
Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa deglip geçildi we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşler ýokary we iň ýokary derejelerde meýilleşdirilýän saparlara we çärelere taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli meselelerini ulgamlaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gural hökmünde garalýan türkmen-koreý syýasy we konsullyk geňeşmelerini geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Lim Sang-Wu pursatdan peýdalanyp, Eýrandan gelýän Koreýa Respublikasynyň raýatlary üçin üstaşyr geçişi üpjün etmekde beren ýardamy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gepleşikleri mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.