Ï Owazy kalplaryň baky myhmany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owazy kalplaryň baky myhmany

view-icon 133
Owazy kalplaryň baky myhmany

Ýyllaryň sahypasy – meşhur adamlaryň hatyrasy. Çagalyk, ýaşlyk döwrüme ser salyp, hyýalymda hakyda kitabynyň sahypasyny agdarýaryn. Göz öňümde geçen asyryň 60-njy ýyllary janlanýar. Oba durmuşy, şäherlileriňkä seredeniňde artygrak hysyrdy, ekerançylyk, maldarçylyk.

Günüň nädip geçýänini bilýän dälsiň. Ynha, birdenem oba ýyldyrym çaltlygynda habar ýaýrandyr – erte agşam daýhan birleşigiň (kolhozyň) klubunda Roza Hudaýbergenowanyň konserti boljakmyşyn. Bu buşlukdan soň, ulynyň-kiçiniň şatlygyny bir görsediňiz, bar kişi ussat aýdymçynyň aýdymlary bilen ýaşaýandyr. Erte agşama çenli wagtam pyşbaganyň tizliginde geçýändir. Herhal gün aşyryp, sabryňa sübse çalan konsertiň başlanjak wagtyna gelip ýetýärsiň. Obanyň ýazky kluby agzy-burny bilen mähelleden dolandyr. Ynha-da garaşylan pursat – alyp baryjy sahna Roza Hudaýbergenowany çagyrýar, ol öz muşdaklarynyň öňündäki tagzymyndan soň, ajaýyp owazy bilen aýdyma başlaýar.

Onuň aýdymlarynyň muşdaklarynyň bolşuny bir görsediňiz dünýäde olardan bagtly adam ýok ýalydyr. Ine, çaga döwürlerimiz aňymyzda Türkmenistanyň halk artisti Roza Hudaýbergenowa bilen baglanyşykly ýatlamalar. Aýdymçy üçin aýdymlaryň bilen halkyň kalbyna aralaşmakdan uly bagt ýok. Aýdymçy üçin halkyň hakydasynda orun almakdan uly zat ýok. Türkmen aýdym-saz sungatyna estrada žanryny ilkinji bolup getirenleriň hatarynda tanalýan, hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly mahmal owazy bilen türkmen halkynyň ýüreginde baky orun alan Türkmenistanyň halk artisti Roza Hudaýbergenowanyň ömür ýoluna ser salmak hemmeler üçin hem täsirli bolsa gerek.

Geljekki meşhur aýdymçynyň çagalyk döwri ýeňil geçmeýär. 1922-nji ýylyň 19-njy maýynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda dünýä inen Roza Hudaýbergenowa çagalykda ýetim galyp, Aşgabadyň etegindäki Garadamak obasynda ýerleşýän çagalar öýünde terbiýelenýär. Onuň zehini şu ýerde hem-de mekdep-internatynda okap ýören döwürleri ýüze çykýar. Hut şonuň üçinem Roza Hudaýbergenowa 1938-nji ýylda 7 ýyllyk mekdebi tamamlan badyna Aşgabatdaky Türkmen döwlet drama teatrynyň ýanyndaky studiýa okuwa kabul edilýär.

Ol bu ýerde meşhur artistler Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Galpak Herräýew ýaly halypalardan sapak alýar, 1939-njy ýylda okuwyny tamamlan badyna respublikan radio komitetiniň tabynlygynda hereket edýän hor bölümine işe girýär. 1941-nji ýylyň maý aýyndan başlap Türkmen döwlet filarmoniýasynda, 1943-nji ýylyň noýabryndan bolsa, şol wagtky Aşgabadyň drama teatrynda işleýär. 1944-nji ýylda maşgala ýagdaýy bilen baglanyşykly Türkmenabat (öňki Çärjew) şäherine göçüp gelýär. 1945-nji ýylda Çärjew oblast drama teatry açylýar we Roza Hudaýbergenowa bu ýere teatryň artisti wezipesine işe geçirilýär. Ol bu teatrda «Baý we batrak» spektaklynda Hamzadanyň, «Maşgala namysy» sahna oýnunda Ýazgülüň, «Bagbanyň gyzynda» Maralyň, «Ýürek syry» spektaklynda hem Sanaweriň keşplerini döredýär. Bu teatr bilen Roza Hudaýbergenowa respublikanyň dürli künjeklerinde döredijilik saparlarynda bolýar.

Şol wagtky Çärjew şäheriniň ýaşaýjylarynyň islegi göz öňünde tutulyp, drama teatrynyň ýanynda R.Hudaýbergenowanyň ýolbaşçylygynda konsert topary döredilýär. Bu topar bilen zehinli aýdymçynyň meşhurlygy hem artyp başlaýar. Konsert topary Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynda hem uly konsertler bilen üstünlikli çykyş edip gelýär. Doganlyk respublikalardaky konsertlerde çykyşlar, esasanda Roza Hudaýbergenowanyň aýdymlary gyzgyn garşy alynýar. 1962-nji ýylda Çärjewde (häzirki Türkmenabatda) Türkmen döwlet filarmoniýasy döredilýär we oňa R.Hudaýbergenowa işe çagyrylýar hem-de ol 1963-nji ýylyň ýanwar aýyndan bu ýerde ýolbaşçy bolup işe başlaýar. «Amyderýa mukamlary» ady bilen döredilen bu toparyň aýdym-saz muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanmagynda kämillige, halypalyga ýeten aýdymçy, guramaçy ýolbaşçy Roza Hudaýbergenowanyň zähmetiniň durandygyny bellemek möhümdir. Ol täze konsert toparynyň işini göwnejaý ýola goýmak üçin Aşgabatdan belli kompozitorlary, dirižýorlary, baletmeýsterleri çagyrýar.

Bu konsert toparynyň Russiýanyň Moskwa şäherinde, Özbegistanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Ýemende, Mongoliýada, Liwiýada we başga-da birnäçe ýerlerde üstünlikli çykyş edip gelmegi hut Roza Hudaýbergenowanyň guramaçylyk ukybynyň netijeleridir. Ussat aýdymçynyň ýerine ýetirýän türkmen, özbek we beýleki halklaryň aýdymlarynyň muşdaklary barha artýar. Onuň özbegistanly Tamara Hanum, Kamiljan Atanyýazow, azerbaýjanly Zeýnep Hanlarowa ýaly meşhur aýdymçylary bilen birnäçe gezek bilelikde aýdym aýtmaklygy Roza Hudaýbergenowany bu ussatlaryň derejesine ýetendigini görkezýär. R.Hudaýbergenowanyň öz ýolbaşçylyk edýän konsert toparyna zehinli ýaşlary jemlemekligi, olara halypalyk etmekligi Babamyrat Hamdamow, Gülşirin Alyjanowa, Kümüş Hezretkulyýewa, Ymam Ýollyýew, Abdyleziz Ymamow ýaly ýaş zehinlere sungatyň şa ýoluna – meşhurlyga ýol açýar.

Roza Hudaýbergenowanyň türkmeniň aýdym-saz sungatyna estrada žanryny getiren ilkinji aýdymçylaryň arasynda adynyň hormat bilen tutulmagy-da ýöne ýere däldir. Taryhy maglumatlarda «1945-nji ýylda Aşgabadyň Mylly Täçmyradow adyndaky türkmen döwlet filarmoniýasynda türkmen milli estradasy döredilýär. Ilki bada bagşy-sazandalar toparlary ilat arasynda bolup konsert bilen çykyş edýärler. Soňra bolsa Hojaw Annadurdyýew, Margarita Farajaýewa, Roza Hudaýbergenowa, Mämi Çaryýew, Aman Şamyradow ýaly aýdymçylar estrada sungatynyň kalbyna mähir bilen aralaşýandygyny ilkinjiler bolup subut etdiler» diýlen mazmundaky ýazgylar bar. Bu elbetde, taryhyň hakydasynda baky orun almakdyr.

Roza Hudaýbergenowa yhlasly zähmeti, ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin 1958-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1964-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar, ordenler bilen sylaglanylýar.

Milli medeniýetimiziň, şol sanda halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň döwrümiziň belent ruhuna laýyk ösmekligine, dünýä çykmaklygyna giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli sungatymyzyň ösmekligine uly goşant goşan halypalaryň hatyrasy belent tutulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2016-njy ýylda Roza Hudaýbergenowanyň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagy ýüreklerde orun alan ussatlaryň hiç wagt unudylmaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.