Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmegi, ony has-da kämilleşdirmegi, zehinli ýaşlary ýüze çykarmagy baş maksat edinýär. Bu ugurda ajap taryhy eýýamymyzda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleriniň bilelikde guraýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň sebitlerdäki jemleýji tapgyrlaram açyk-aýdyň şaýatlyk edýär.



Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry hem şatlyk-şowhuna, bimöçber ähmiýete beslendi.



«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp dabaralarynyň, şanly wakalarynyň üstüni ýetiren abraýly bäsleşik höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlerini, sungatdaky ukyp-başarnyklaryny görkezip, olaryň hatarynyň ýylsaýyn artýandygyny doly subut etdi. Özboluşly sungat baýramynda gijäni gündizlige öwürýän, dürli öwüşginli owadan yşyklar bilen birkemsiz bezelen ajaýyp merkezde guralan «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyryna onuň etraplardyr şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.



Ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 35 ýyllyk baýramynyň şanyna guralýan bäsleşik aýdym-saz muşdaklary üçin hem ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli Diýarymyzyň medeniýet toplumyny nusgalyk ösüşlere besläp, naýbaşy derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallalaryndan ruhlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlar aýdym-saz bäsleşigine has taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Olar bu ýerde tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde şirinden şirin aýdymlary ussatlyk bilen joşgunly ýerine ýetirdiler. Şeýdibem, özleriniň köptaraplaýyn zehinlerini, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açmagy başardylar. Buýsançly çykyşlarynda hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mizemez Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerini, dost-doganlygy, parahatçylygy belentden wasp etdiler. Tomaşaçylarda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyran ajaýyp çykyşlar aýdym-saz muşdaklary tarapyndan dowamly, şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşlanyldy.



Bäsleşige gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda mynasyp orun eýeledi. Şatlyk-şowhunda geçen bäsleşigiň jemleýji pursatlary has-da gyzykly, tolgundyryjy boldy. Bäsleşikde has tapawutlanan ýaş aýdymçylardan welaýatyň Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Baýrammyrat Ýakubow, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy Amanmyrat Maýdyýew «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere ter gül desseleridir gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.



