«Hormat ýoly» hojalyk jemgyýetiniň edarasynda «Meşhur ussatlar bilen el işi» at bilen döwürleýin maksatnamanyň çäginde mata we ýüplük arkaly çagalar üçin suratlary ýasamak boýunça ussatlyk sapagy guraldy.
Hünärmen Gülbahar Garaganowanyň ýolbaşçylygynda oglanlar we gyzlar bu işe höwes bilen girişdiler. Çagalar reňkleri saýladylar, dokma matadan nagyşlary kesdiler we ýüpek ýüplükden haýwanlaryň, ertekileriň gahrymanlarynyň şekillerini we tebigy görnüşleri hem-de açyk nagyşlary döretdiler.

Mugallymyň sözlerine görä, el işiniň diňe gyzlara degişlidigi baradaky düşünje kem-kemden geçmişde galýar. Ol şeýle döredijilik işiniň çagalaryň hyýalyny, pikirlenmesini we ellerdäki ownuk hereketleri ösdürýändigini, munuň bolsa mekdepden boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin örän haýyrly işdigini belledi.
— Biziň kompaniýamyz ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýar, bilim çäreleri üçin meýdançalary üpjün edýär we ekologiýa başlangyçlaryny goldaýar- diýip, «Hormat Ýoly» HJ-niň müdiri Gülaýym Kolakowa belledi.
Ussatlyk sapagy guramanyň jemgyýetçilik we içerki taslamasy hökmünde dolulygyna tölegsiz esasda geçirildi. Duşuşygyň baş wezipesi çagalary telefonlardaky güýmenjelerden hem-de telewizorlardan daşlaşdyrmak, şeýle hem deň-duşlary we ene-atalary bilen wagtyny gyzykly geçirmäge mümkinçilik döretmek islegi boldy. Çagalar biri-birleri bilen höwesli tanyşdylar, meýletinçilik hereketiniň ösmegine öz goşantlaryny goşdular, maksatnamanyň ahyrynda bolsa ekologiýa bäsleşigine gatnaşyp, ýadygärlik sowgatlaryny aldylar.