5–7-nji sentýabr aralygynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen halkara moda sergisi «Who’s Next»-de türkmen brendleri «Desert Heritage», «Binaym», «Mukaddes» we «AyMahri» öz kolleksiýalaryny hödürlediler.
Türkmen dizaýnerleri sergide täze işlerini görkezmek bilen çäklenmän, önümleri döwrebap görnüşde tanyşdyrmagyň, olary bazarda dogry ýerleşdirmegiň, şeýle hem daşary ýurtly alyjylar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki zaman usullaryny iş ýüzünde öwrendiler. Sergide türkmen wekilleriniň milli öwüşginlere baý diwary Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Gresiýanyň, Zambiýanyň we Ermenistanyň hünärmenleriniň ünsüni çekdi. Birnäçe ýurduň, şol sanda Italiýanyň hünärmenleri eýýäm täjirçilik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Sergi maksatnamasynyň çäklerinde türkmen telekeçileri üçin tanyşdyryş sapary hem guraldy. Wekiliýet «Texworld» we «Première Vision» ýaly ýöriteleşdirilen sergilere baryp, şeýle hem garaşsyz egin-eşik dükanlarynyň iri söwda merkezleriniň we köpçülikleýin sarp ediş bazaryna niýetlenen dükanlaryň iş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu sapar Ýewropanyň bölek satuw ulgamynyň guralyşyna içgin göz ýetirmäge, dokma pudagyndaky häzirki zaman meýillerini we täze tehnologiýalary öwrenmäge mümkinçilik berdi.
«AK Aýna» hojalyk jemgyýetiniň («Aýna Denim» brendi) direktory Merdan Hudaýberdiýewiň aýtmagyna görä, sapar täze hyzmatdaşlary we üpjün edijileri gözlemek üçin giň mümkinçilikleri açdy. Jinsi egin-eşiklerini öndürýän doly önümçilik toplumyna eýe bolan kärhana eksport ugurlaryna aýratyn ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, Ýewropa bazarynyň talaplary bilen göni tanyşmak möhüm ädim boldy. Saparyň dowamynda gazanylan amaly tejribe we täze işewürlik gatnaşyklary kompaniýanyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de täze halkara bazarlaryna çykmagyna gönükdiriler.
Türkmen wekilleriniň bu halkara çäresine gatnaşmagy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan guraldy. Taslamanyň esasy maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, işewürlik gurşawyny gowulandyrmak hem-de Türkmenistanyň dünýäniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdyr.