Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleri üçin medeni maksatnama guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleri üçin medeni maksatnama guraldy

view-icon 538
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleri üçin medeni maksatnama guraldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde ak mermerli Aşgabat däp bolşy ýaly, ähli welaýatlarymyzdan we Arkadag şäherinden gelen wekilleri myhman aldy. Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar üçin Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döredijilik üstünliklerini we baý ruhy mirasyny şöhlelendirýän giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Paýtagtymyzyň öňdebaryjy medeni merkezlerine baryp görmekden başlanan bu maksatnama ýurdumyzyň taryhy ösüş tapgyrlary we häzirki zaman gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili» atly sergi guraldy. Serginiň merkezinde Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda gazanylan möhüm üstünlikleri beýan edýän fotosuratlar we hroniki maglumatlar ýerleşdirildi. «Watan mukaddesligi» muzeýine we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp görmek myhmanlara nesilleriň dowamatlylygyny we döredijilikli özgertmeleriň gerimini has çuňňur duýmaga mümkinçilik berdi.

Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Ol öňde boljak umumymilli forumyň baýramçylyk öwüşginini has-da güýçlendirdi.

Paýtagtymyzyň teatr sahnalarynda wekiller üçin dürli sahna oýunlar, edebi-sazly kompozisiýalar we konsertler görkezildi. Medeni çäreler Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi. Paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde geçirilen kino görkezilişleri bolsa täsirleriň baý öwüşginini artdyryp, milli kinematografiýanyň gazananlaryny görkezdi.

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçirilen maksatnama umumymilli foruma gatnaşyjylarda aýratyn uly täsir galdyrdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary güýçli el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Abraýly halkara baýraklarynyň, şol sanda 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýragynyň eýeleri, şeýle hem Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ilkinji dünýä çempionata gatnaşyjylar meşhur ahalteke bedewleriniň üstünde çapyksuwarçylyk sungatynyň inçe ussatlygyny görkezdiler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ýyl ýazgysyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazar. Wekiller täze binagärlik toplumlary we tematik gurnamalar bilen bezelen Aşgabadyň baýramçylyk keşbiniň Garaşsyz Watanymyza bolan çuňňur buýsanjy ýüreklerde has-da artdyrýandygyny belleýärler. Medeni çärelere gatnaşmak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda gatnaşyjylaryň ruhuny belende galdyran, olary döredijilige ruhlandyran we täze güýç-kuwwat beren hakykatdan-da ruhlandyryjy hem-de höweslendiriji waka boldy.