Ï Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip

view-icon 148
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.

Konsert başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda milli senetkärlerimiziň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli kümüş şaý-seplerimiz görkezildi. Serginiň çäklerinde şekillendiriş sungatynyň eserlerine hem orun berlipdir. Olarda berkarar Watanymyzyň üstünlikleriniň, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlaryň waspy bilen birlikde, ahalteke bedewleriniň keşbi beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen geçýär. Şoňa görä-de, konsertiň öňüsyrasynda şeýle mazmundaky sergini synlamak özboluşly häsiýete eýe boldy.

Soňra baýramçylyk konserti göwünleri galkyndyryjy ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler beýanyny tapdy. Amala aşyrylýan şol işleriň netijesinde, halkymyzyň we ýurdumyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen diňe öňe barýandygy wasp edildi.

Soňra dabara edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam edip, onda halkymyzyň hormatly Prezidentimize buýsanjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töweregine mäkäm jebisligi, şeýle agzybirligiň we ruhubelentligiň halkymyzyň alkyşy arkaly egsilmez söýgä öwrülýändigi şahyrana dilde aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan edildi. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ajaýyp sahnada ýerine ýetiren aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň hem-de döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahnanyň bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çünki olarda türkmen halkynyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy we bagtyýarlyk duýgusy şöhlelendirildi.

Bu ýere ýygnanan tomaşaçylar, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiliýet agzalary görnükli aýdymçylaryň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Baýramçylyk konsertindäki çykyşlarda tejribe we ussatlyk, ýaşlaryň döredijilik başarnyklary aýratyn sazlaşygy döretdi. Çykyşlaryň her biri çuň many-mazmuny, köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy, şol sanda türkmen we iňlis dillerinde ýerine ýetirilen «Arkadag şäheri» diýen aýdym tomaşaçylaryň ruhuny has-da belende göterdi.

Meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Mukamlar köşgünde emele gelen ýokary ruhubelentlik we şatlyk duýgusy halkymyzyň eziz Watanymyzyň ösüşlere beslenen täze taryhy döwrüne, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlaryna bolan buýsanjyny artdyrdy.

Konsertiň dowamynda tans toparlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetiren tanslary aýdym-sazly çykyşlaryň täsirliligini artdyrdy. Sungat ussatlary öz zehinleri we ýokary derejeli çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy baýramçylyk aýdym-sazlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy we sahnada janly çykyşlaryň emele gelmegini şertlendirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen hem-de indi birnäçe ýyllardan bäri halkymyzyň teşnelik bilen söýüp diňleýän “Kalbymda sen” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi konserte gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Şowhunly “Küştdepdi” tansy konsertiň täsirli çykyşlarynyň biri boldy. Halkymyzyň taryhy-medeni ýörelgeleriniň we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny beýan edýän halk döredijiliginiň ajaýyp nusgasy bolan küştdepdi geçmişiň däpleriniň we häzirki döwrüň döredijilik ruhunyň sazlaşykly utgaşmasydyr.

Konsertiň ahyrynda ýaňlanan we oňa gatnaşyjylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen «Şöhrat bolsun, şan bolsun Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza!» diýen aýdymyň ruhuňy göteriji sözleriniň hem-de joşgunly mukamynyň täsirleri ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanç, eziz Watanymyza belent söýgi duýgularyny, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary esasynda döredijiligiň we rowaçlygyň gadamlary bilen bedew bady bilen barha öňe barýan Diýarymyzyň röwşen geljegine bolan ynamy has-da berkitdi hem-de ýurdumyzda ajaýyp seneleriň, şol sanda Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllyk şanly senesiniň ýokary derejede dabaralandyrylýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.