Baýramçylyk we dynç alyş günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli birnäçe medeni çäreler, konsertler we sergiler geçiriler.
26-njy sentýabrda sagat 17:00-da "Watan" kinokonsert merkezinde Meýlis we Musa Halbaýewleriň aýdym-saz söýüjileri begendirjek konserti bolar.

27-nji sentýabrda sagat 19:00-da "Watan" kinokonsert merkezinde tanymal türkmen estrada artistleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçiriler. Sahnada Maksat Tuwakow, Parahat Pürjäýew we Begmyrat Çaryýew dagy çykyş ederler. Konsertde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp edýän ilhalar aýdymlar hem-de kompozisiýalar ýerine ýetiriler.
28-nji sentýabrda sagat 19:00-da "Watan" kinokonsert merkezinde "Kino sazlarynyň altyn toplumy" atly konsert bolar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylyk edýän ansambly söýgüli retro filmlerden könelmeýän sazlary ýerine ýetirer. Şeýle hem tomaşaçylar üçin filmlerden meşhur aýdymlar ýaňlanar, aýdymçylaryň arasynda Andreý Malahowyň ilhalar "Salam, Andreý!" gepleşigine gatnaşan Täçnabat Ýomudowa hem bar.
Mundan başga-da, paýtagtymyzyň teatrlary Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny dynç alyş tomaşalaryna hem-de aýdym-sazly gülküli konsertlere çagyrýar.

Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
26.09.2026. "Wah, siz aýallar" – 19:00;
27.09.2026. “Gelin gelyär” – 19:00;
28.09.2026. “Giýewleriň bäsleşigi” – 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
26.09.2026. “Aýdym sazly konsert” – 19:00;
27.09.2026. “Aýdym sazly konsert” – 19:00.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
25.09.2026. “Magnitofon” – 19:00;
26.09.2026. “Geliň, gülşeliň!” – 19:00;
27.09.2026. “Geliň, gülşeliň!” – 19:00;
28.09.2026. “Geliň, gülşeliň!” – 19:00;

Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:
26.09.2026. “Üç jojuk” –12:00;
26.09.2026. “Bir erkek aýalyňka geldi” – 19:00;
27.09.2026. “Altyn jüýje” –11:00; 13.00.
27.09.2026. "Eşit meni!" – 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
26.09.2026. "Janly gurjaklar" – 17.00;
26.09.2026. "Dostluk mukamy" – 19:00;
27.09.2026. "Şadyýan sazandalar" – 12:00; 17:00;
27.09.2026. "Dostluk mukamy" – 19:00;
Tomaşa gelmezden ozal, teatrlar bilen habarlaşyp, sahna oýunlarynyň tertibini anyklamagyňyzy maslahat berýäris.