Ï Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

view-icon 135
Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

23 – 29-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda ýyly howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +25 gradusa ýeter, käbir sebitlerde bolsa has ýokary bolar. Hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.

Aşgabatda üýtgäp duran bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +12...+14 gradusdan +24...+26 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +4...+6 gradusdan +11... +13 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp duran bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +11...+16 gradusdan +23...+28 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +3...+8 gradusdan +10...+15 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +19...+24 gradus maýyl, gijelerine bolsa +4...+9 gradusdan +8...+13 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka etraplarda +11...+16 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp duran bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +12...+17 gradusdan +24...+29 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +3...+8 gradusdan +10...+15 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp duran bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +10...+15 gradusdan +22...+27 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +1...+6 gradusdan +9...+14 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp duran bulutly howa bolup howanyň temperaturasy gündizlerine +5...+10 gradusdan +14...+19 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa –3...+2 gradusdan +4...+9 gradusa çenli maýyl bolar.