Lebap welaýatyndaky Garlyk käninde kaliý hloridini öndürýän magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşyk işleri tertip boýunça gyşarnyksyz alnyp barylýar. Bu ýerde zerur bolan geologiki-gözleg we taslamanyň resminamalary boýunça işleri geçirildi, gerekli bolan ilkinji desgalar we jaýlar guruldy.
Türkmen we belarus hünärmenleriň hyzmatdaşlygy görnüp duran netijelerini berýär. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bu iri desganyň düýbüni tutdular. „Türkmenhimiýa“ döwlet konserniniň we „Belgorhimprom“ açyk paýdarlar jemgyýetiniň (Belarus Respublikasy) arasynda kaliý dökünlerini öndürýän magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygy barada Ylalaşyga gol çekildi.
Az wagt geçenden soň, Garlyk käniniň bazasynda ýylda 1,4 mln. tonna kaliý hloridini, şol sanda 0,6 mln. tonna maýdalanan we 0,8 mln.tonna ownuk kaliý duzuny öndürmäge kuwwady bolan magdan baýlaşdyryjy kärhanasynyň gurluşygy barada „Belgorhimprom“ açyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyldy. Himiýa senagatynyň bu äpet desgasyny 2015 ýylyň başyna işe girizmek göz öňunde tutulýar.
Kärhananyň önümçiligi ýeriň aşagyndan kaliý magdanyny gazyp alýan, gaýtadan işleýän flatasion desgalary öz içinde jemleýän magdany baýlaşdyryjy we ony kaliý dökünine öwrüji kuwwatly kärhanany öz içine alar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ýerasty şahtalardan ýylda 8 mln tonna golaý magdan gazylyp alnar.
Taslama çözgütlerine laýyklykda, esasy tehnologiki enjamlaryň, şahtalar üçin gurluşlaryň we flotasion desganyň aýratynlyklary kesgitlenildi. Şahtalaryň ilkinji sütünlerini dikmeklik, şahta üçin niýetlenen enjamlary gurnamaklyk işleri we kaliý magdanyny öndürýän kärhananyň gurluşygy üçin taýýarlyk işleri ýaýbaňlandy. Şahtadaky köwüp geçiş işleri iň häzirkizaman akymlaýyn sementlemek usuly bilen amala aşyrylar. Bu bolsa işiň çalt depginde geçirilmegine ýardam berer.
Önümçilik meýdançasynyň inženerlik taýýarlyk işleri geçirildi. Bu ýerde flotasion kärhananyň jaýy, şahta gurluşlary we silden goraýan bent emele geler. Magdan baýlaşdyryjy kärhanasynyň gurluşyk meýdançasynda täze kärhananyň gurluşykçylary üçin niýetlenen ýaşaýyş şäherçesiniň bir tapgyry guruldy we eýýäm ikinji tapgyrynyň işleri alnyp barylýar.
Şu günki günde kärhananyň gurluşygynda Türkmenistanyň, Belarus respublikasynyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Turkiýe we Italiýa döwletleriniň hünärmenleri zähmet çekýärler. Şertnama laýyklykda kärhanada işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamaklyk maksady bilen 200 sany türkmen ýaşlary Belarus Respublikasynyň Döwlet tehnologiki uniwersitetine we Milli tehnologiki uniwersitetine okuwa ugradyldy.
Türkmenistanyň çäginde kaliý duzy ýüze çykan 13 sany ýatagy bar. Gözleg işleri geçirilip, peýdalanmak üçin has amatlylary-Garlyk, Týubegat we Garabil känleridir. Bu känleriň kaliý magdanlarynyň umumy gorlary 2,8 mlrd tonna diýip kesgitlenilýär.
Himiýa senagatynyň bu desgasynyň işe girizilmegi, ýurduň oba hojalygynyň kaliý dökünlerine bolan islegini kanagatlandyrar, şonuň ýaly hem önümiň esli möçberini daşary bazarlarda satmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine öz saldamly goşandyny goşjakdygy şübhesizdir.