Ï Türkmenistanyň energetika mümkinçilikleri ählumumy ösüşe we rowaçlyga hyzmat edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň energetika mümkinçilikleri ählumumy ösüşe we rowaçlyga hyzmat edýär

view-icon 1220
Aşgabatda ХVI halkara nebitgaz maslahaty açyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda “Garaşsyzlygymyzyň 20 ýylynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyň geljegi” atly 16-njy halkara ylmy maslahaty öz işine başlady.

Bu halkara maslahatyna dünýäniň ýurtlarynyň 20-den gowragyndan 500-e golaý wekil gatnaşýar. Maslahatyň işine alymlar we bilermenler, abraýly halkara guramalarynyň, dünýäniň esasy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we biziň ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar gatnaşýarlar.

Hasap boýunça eýýäm on altynjy gezek geçirilýän maslahata bolan ägirt uly gyzyklanma dünýäde uglewodorod serişdeleriniň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolan Türkmenistan bilen baglanyşyklydyr. Ol biziň ýurdumyzyň açyk energetika syýasaty, oňyn halkara başlangyçlary bilen şertlendirilendir we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldanan global energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara Gutlagynda sergi we maslahat Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz telekeçiliginiň we daşary ýurtly maýa goýumçylaryň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryna we ileri tutulýan ulgamyna dahylly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda wajyp orun eýelemelidir, bu bolsa öz nobatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de depginli ösüşine ýardam eder diýip aýratyn nygtady.

Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň arasynda berk ornaşandygy we häzirki wagtda energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi, onuň möhüm ugurlarynyň bolsa ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakdan we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan, pudagyň çig mal binýadyny berkitmekden, şol sanda geçen 20 ýylyň dowamynda Amyderýanyň ýakasynda, Merkezi Garagumda, Hazaryň deňiz ýalpaklygynda we kenarýaka zolaklarynda açylýan täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan çaltlandyrylan depginlerde özleşdirmekden, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň köp ugurlaýyn ulgamyny döretmekden ybaratdygy bellendi.

Häzirki wagtda bilermenler ýurdumyzyň umumy geologiýa ätiýaçlyklaryna 71,21 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde baha berýärler, şolaryň 53,01 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň serişde ätiýaçlyklarydyr, 18,2 tonnasy bolsa deňiz ýataklaryna degişlidir. 2011-nji ýylyň birinji oktýabryna çenli gazyň subut edilen ätiýaçlyklary 25,213 trillion kub metre barabardyr. Deňeşdirmek üçin aýdanyňda ozal Türkmenistanyň energetiki kuwwatyna 45,44 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde baha berilýärdi.

Munuň özi gutarnykly sanlar däldir: türkmen tebigy ýataklary çylşyrymly, köp ugurly gurluşygy bilen tapawutlanýar hem-de uglewodorod serişdeleriniň bir asyrdan gowrak wagtlap çykarylýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň geologik kartasynda entek özleşdirilmedik ýerler az däl. Ýurdumyzyň gündogarsynda ýerleşýän Günorta Ýolöten-Osman ýatagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar, ondaky gorlar 26,2 trillion kub metr gaza barabar diýlip baha berilýär we dünýäde ikinji orunda durýar. Bu maglumatlar Beýik Britaniýanyň “Gaffney, Сline & Assoсiates” halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz halkara auditi boýunça tassyklandy, bu kompaniýa “Türkmengeologiýa” döwlet konserni bilen şertnama boýunça Türkmenistanyň geljegine uly umyt baglanýan ýataklaryndaky uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sertifikasiýasyny amala aşyrýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasyna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzda gazyň çykarylýan möçberleri ýylda 230 milliard kub metre, nebitiň çykarylyşy 67 million tonna ýeter. “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara ugradylýan möçberini ýylda 180 milliard kub metre çenli artdyrmak bellendi.

2010-njy ýylda 1 müň kilometre golaý aralyga uzalýan we ýylda 30 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply bolup, ýurdumyzdaky ähli iri ýataklary “mawy halka” birleşdirýän Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyna badalga berilmegi Türkmenistanyň sazlaşykly depginde ösýän milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak boýunça uly möçberli meýilnamalary bilen şertlendirilendir.

Hazar deňzindäki ugleworod serişdelerini özleşdirmek ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň amatly ugurlarynyň ýene-de biri hasaplanýar, häzirki wagtda bu ýerde ygtyýarnamalaýyn bloklaryň 30-dan gowragy kesgitlendi, halkara kompaniýalarynyň birnäçesi şertnama boýunça önümi paýlaşmak şerti bilen işleýär. Olaryň arasynda Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy, bilelikdäki “Dragon Oil” britan-arap, Germaniýanyň “RWE”, Russiýanyň “Itera” komparýalary we beýlekiler bar. Olar bilen uly möçberlerdäki maýa goýumly taslamalar amala aşyrylýar. Şol sanda geljegine uly umyt baglanýan deňiz bloklarynda toplumlaýyn seýsmiki barlaglary we gözleg-agtaryş buraw işlerini geçirmek, deňizde nebitiň we gazyň çykarylmagyna degişli düzümleri ösdürmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýyaly, şu ýylyň tomsunda Hazaryň türkmen ýalpaklygynda tebigy gaz senagat taýdan çykarylyp ugraldy. 2011-nji ýylyň iýulynda Gyýanly şäherçesiniň ýanynda gazy gaýtadan işleýän we ýerüsti gaz terminaly ulanmaga berildi. Deňizdäki ýataklardan “mawy ýangyjy” kabul edýän toplumyň kuwwaty ýylda 5-10 milliard kub kub metr gaza barabardyr. Bu ýerde buraw we beýleki işleri geçirmekde ulanylýan deňiz gurluşlaryny ýygnamak boýunça seh gurulýar. Iri maýa goýumly taslamalaryň ýene-de biri deňiz ýataklaryndan gazy kabul edýän gaz gysyjy stansiýanyň gurluşygy bilen bagly bolup, Çeleken ýarym adasynda amala aşyryldy.

Türkmenistan ähli ýurtlaryň we halklaryň gyzyklanmalaryna jogap bolup durýan giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin anyk ye yzygiderli çäreleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde beýan eden energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hususan-da, gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar, Garadeňiz we Baltika sebitleriniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň kompaniýalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda bir bitewi we sazlaşykly strategiýany, energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli hukuk usullaryny kemala egtirmäge gönükdirilen sebitara energetika hyzmatdaşlygyny döretmek hakynda barýar.

Şeýlelikde, 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan--Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi şu ulgamdaky global hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli ädime öwrüldi. Hakykatyna garanyňda, bu gaz geçiriji Aziýada ýangyjy üstaşyr geçýän energetiki kommunikasiýalaryň täze, köp ugurly ulgamynyň döredilmegine badalga berdi. Türkmen gazynyň Eýrana iberilýän möberleri artdyrylýar, 2010-njy ýylyň ýanwarynda Döwletabat-Sarahs-Hangeran ikinji gaz geçirijiniň ulanmaga berilmegi muňa degerli ýarlam berýär.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy örän möhüm ähmiýete eýe bolýar we şonuň bilen birlikde iş ýüzünde amala aşyrylýar, bu taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň hünärmenleriniň, şeýle hemAziýanyň ösüş bankynyň wekilleriniň bu taslamany durmuşa geçirmek ugrunda işjeňlik görkezmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 2010-njy ýylyň dekabrynda TOPH gatnaşýan döwletleriň baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen maslahaty bu taslamany taýýarlamagyň depginleriniň güýçlendirilmegine itergi berdi. Mälim bolşý ýaly, şol maslahatda geçiriji boýunça Çarçuwaly ylalaşyga hem-de TOPH-a gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak hakyndaky hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary mahalynda tebigy gazy satyn almak-satmak hakynda gol çekilen ylalaşyk boýunça Bilelikdäki türkmen-pakistan jarnamasy transmilli energo ugry bolan TOPH taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Maslahatda TOPH-nyň gurluşygynyň barşynda, onuň ugrunda täze infrastruktura degişli ýüzlerçe desgalaryň guruljakdygy hem munuň energetika boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna anyk goşant boljakdygy hem-de umymy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýän netijeli we durnuklaşdyryjy ýagdaýa öwrüljekdigi, Aziýa kontinentinde syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň durnuklylygyna oňyn täsirini ýetirjekdigi bellenildi.

Türkmen gazyny daşary döwletlere ibermegiň beýleki amatly ugurlary boýunça degerli çäreler işlenip taýýarlanylýar. Hususan-da, tebigy gazy örän köp möçberlerde öndürýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň hem-de ýakyn on ýyllykda energiýa serişdeleriniň importunyň ösüşini artdyrmagy göz öňünde tutýan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň bähbitleriniň gabat gelmegi soňky ýyllarda döwletara derejesindäki özara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini şertlendirdi. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekilmegi hem-de Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatyny ýöretmegi, milli kanunçlygyň halkara kadalaryna laýyk gelmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýlaryň döredilmegi—bularyň ählisi daşary döwletleriň işewür toparlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy muňa anyk mysal bolup biler, onuň durkunyň täzelenilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy üçin ABŞ-niň 1,6 milliarddan gowrak dollary gönükdirildi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Eýranyň, Ysraýylyň iri şereketleriniň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurlan täze ýangyç we nebithimiýa desgalarynyň tehnik häsiýetnamalary boýunça sebitde deňi-taýy ýokdur. Bularyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň nebithimiýa senagatynda hakyky tehnologik öwrülişige öwrüldi, häzirki wagtda bu senagat dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli nebit önümleriniň onlarça görnüşlerini işläp çykarýar. Olaryň arasynda ýokary oktanly, etilleşdirilmedik awtomobil benzinleri, awiasion kerosin, gidro arassalaýyşdan geçirilen dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen, dizel we uniwersal ýaglaryň köp görnüşleri bar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy sebitde suwuklandyrylan gazy daşary ýurtlara has köp möçberde ugradýan diýlip hasaplanýar, ony saklamak we ugratmak üçn awtomobil, demir ýol we deňiz terminallary guruldy. Şu ugurdaky, ýagny özara baglanyşykly tehnologik desgalaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyz üçin düýpgöter täze nebithimiýa önümçiliklerini döretmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga degişli mesele baradaky gurruň dowam etdirilip, Ýewropa komissiýasynyň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Russiýa Federasiýanyň we beýleki ýurtlaryň energetika we pudak edaralarynyň wekilleri öz çykyşlarynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýewraziýa kontinentiniň energetika bazarynda öňdebaryjylaryň hataryna ynamly goşulýandygyny nygtadylar.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň—“British Petroleum”,

“Shell” kompaniýalarynyň, Hytaýyň (СNPС), milli nebitgaz korporasiýasynyň “RWE”, “Total”, “Сhevron”, “Petronas”, “Dragon Oil”, “Itera”, “EххonMobil”, “Eni” we beýleki kompaniýalaryň wekilleri ýurdumyzda toplanan iş tejribesi, amala aşyrýan bilelikdäki taslamalar we geljek üçin niýetlenen meýilnamalar barada aýtdylar hem-de hususan-da, ägirt uly energetiki serişdelere eýe bolan türkmen bazarynyň örän oňaýly mümçinlikleriniň bardygyny, şeýle hem ýurdumyzda maýa goýumlary babatda daşary ýurt telekeçiligi üçin oňaýly ýagdaýyň döredilendigini bellediler.

“Gaffney, Сline & Assoсiates” britan kompanisasynyň wekiliniň Gnüorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar ýataklarynda geçirilen halkara auditiniň netijeleri baradaky maglumaty aýratyn gyzyklanma bilen diňlenildi, bu audit boýunça şol ýataklarda bar bolan uglewodorod serişdeleriniň umumy möçberleri 26,2 trillion kub metr gaza barabar bolup durýar diýlip baha berilýär, munuň özi “mawy ýangyjy” bu tebigy ýatagynyň dünýäde ikinji orna çykarýandygyny görkezýär.

Şunda aýdylan sanlar şol ýataklaryň mümkinçilikleriniň aňry çäklerdigini aňlatmaýar. Häzirki wagtda hususan-da, ýüze çykarylan ýataklaryň meýdanyny kesgitlemek we olaryň senagat möçberli gorlaryny tassyklamak maksady bilen geçirilýän gözleg işleriniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň ýarysyndan azragy ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, entek nebitiň we gazyň toplanan örän uly zolagynyň günbatar, demirgazyk-günbatar we günorta-gündogar taraplarynyň çäkleri kesgitlenen däldir. Täze guýularyň burawlanmagy bilen birlikde, goşmaça seýsmiki barlaglaryň geçirilmegi bu ýerde bar bolan uglewodorod serişdeleri babatdaky deslapky baha düýpli takyklamalary girizmäge mümkinçilik berer. Geljekki geologiýa-gözleg işleriniň netijeleriniň häzirki wagtda şol ýataklarda gazyň gorlaryna degişli maglumatlarda görkezilenlerden has ýokary bolmagy mümkin diýlip hasaplanýar.

Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni Günorta Ýolöten ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek işlerini çalt depginde alyp barýar. Bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň-- Hytaý Halk Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan işleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde şu maksatlar üçin ABŞ-nyň 10 milliarda golaý dollary gönükdiriler. Eýýäm 2012-nji ýylyň ahyryna çenli bu ýerde ilkinji guýular ulanmaga berler, harytlyk gazy taýýarlamak boýunça iri zawodlar gurlar. Birinji tapgyrda ýatakda her ýylda “mawy ýangyjyň” 10-30 milliard kub metrini çykarmak göz öňünde tutulýar.

Ýaşlar we Minara ýataklarynda, şeýle-de bularyň golaýynda ýerleşýän hem-de nebitli we gazly diýlip hasaplanýan beýleki meýdançalarda geologiýa-gözleg we agtaryş işleri dowam etdirilýär, türkmen geologlary bu ýerler nebitiň we gazyň has köp toplanan zolagyny emele getirýär diýip belleýärler, megerem, onuň dünýäde iň uly zolak bolmagy ähtimal.

Umuman alanyňda, soňky ýyllarda ýurdumyzda uglewodorod serişdeli täze ýataklaryň doly möçberde özleşdirilmeginiň Türkmenistanyň gaz babatdaky kuwwatyny has-da artdyrjakdygyna söz ýok. Munuň özi türkmen tebigy gazynyň ozal bar bolan energetiki ugurlar, şeýle hem geljekde eksport boýunça bellenýän ugurlar arkaly uzakmöhletleýin we ygtybarly ýagdaýda islendik möçberlerde iberilmegini amala aşyrmak üçin berk kepillikleriň bolmagyny üpjün edýär, şol ugurlar dünýä energetika howpsuzlygynyň täze binýadynyň möhüm ähmiýetli düzümlerine öwrülmelidir, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň toplumy hut şol binýadyň döredilmegine gönükdirilendir.

Türkmen gazynyň Ýewropa iberilmeginiň, şol sanda Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň hasabyna iberilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatda garalan möhüm ähmiýetli meseleleriň biri hökmünde görkezmek bolar. Şunda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana açyk hem-de degişli hukuk kadalarynyň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine, taraplaryň bähbitlerine hormat goýulmagyna we balansyna esaslanýan we goşulyşan, toplumlaýyn bazary teklip etmäge taýýardygy bellendi.

Şu ýylyň ýanwarynda Ýewropa komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barrozunyň Türkmenistana ilkinji resmi sapary şu ugurdaky möhüm ädime öwrüldi. Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropa komissiýasynyň ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşigine goşulýan ýurtlaryň birek-birege strategiki hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny hem-de energetika, şeýle hem beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny we giňeldilmegini maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.

Şeýlelikde, şu günler türkmen paýtagty halkara derejesinde pikir alşylýan ýere öwrüldi, bu ýerde energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryny ösdürmek, energetika boýunça goşulyşmak we howpsuzlyk bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ertir Sergi köşgünde halkara sergisi we maslahaty öz işini dowam etdirer.