Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde halkara nebitgaz forumy öz işini tamamlady, onuň çäklerinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2011” atly halkara sergisi we “Garaşsyzlygymyzyň 20 ýylynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Aşgabatda geçirilen ykdysady gözden geçirilişe daşary ýurt nebitgaz we serwis kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, ABŞ-dan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Fransiýadan, BAE-den, Ýaponiýadan, Malaýziýadan, Indoneziýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ýewropanyň, Aziýanyň, GDA-nyň birnäçe ýurtlaryndan dürli döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň 500-e golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň işgärleri, diplomatlar gatnaşdylar.
Dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň foruma bildiren uly gyzyklanmasy uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetiki kuwwaty bilen şertlendirilendir. Şunda Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän açyk daşary syýasaty möhüm orun eýeleýär. Dünýäniň ykdysadyýeti üçin strategik taýdan möhüm bolan ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.
Ählumumy energetiki howpsuzlygyny üpjün etmekde türkmen Lideriniň öňe süren oňyn başlangyçlary we türkmen ýangyç-energetiki toplumyny, milli ykdyspadyýeti ösdürmek üçin görülýän çäreler, ýurdumyzda döredilen degişli halkara kadalary, milli kanunçylyk we anyk taslamalar bilen berkidilen amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesine dünýäniň nebitgaz işewürliginiň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna goýulýan maýalary goramagyň berk syýasy we ykdysady kepillikleri hökmünde garalýar.
Üç gün dowam eden forumyň işiniň barşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we olaryň hyzmatdaşlary türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudagynda özara gatnaşyklaryň geljegine we strategik ugurlaryna degişli bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, türkmen uglewodorodlarynyň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy halkara ylmy maslahatyň ikinji gününiň esasy meseleleriniň biri boldy. Forumda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, umumy gory şertleýin ýangyjyň 71,21 milliard tonnasy möçberinde baha berilýän energetiki döwlet hökmünde Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen uly möçberli taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak bilen köpugurly gaz geçiriji ulgamy döredýär.
Olaryň hatarynda Amyderýanyň sag kenaryndaky geljegi uly ýataklardan gözbaş alýan Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi bar. Ýakyn ýyllarda onuň geçirijilik ukybyny bir ýylda 40 milliard kub metr gaza ýetirmek bellenildi. Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasy boýunça, şeýle hem demirgazyk ugurda, Russiýa Federasiýasyna iberilýän gazyň möçberini artdyrmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ we Hazarüsti gaz geçirijilerini gurmagyň taslamalary işjeň ilerleýär.
Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini, şeýle hem ýurdumyzyň gündogarynda açylan Günorta Ýolöten-Osman ýatagyny özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalary daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ady agzalan ýatak öz serişdeleriniň gorlary boýunça 26,2 trillion kub metr gaza eýe bolup, dünýäde ikinji orunda durýar. Şunuň bilen bagly wezipeleriň giň gerimliligi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynyň ähli ugurlarynda – seýsmiki gözleg, buraw, nebitgaz ulgamynyň dürli desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlarda işjeň özara gatnaşyklaryny göz öňünde tutýar.
Ýangyç-energetika ulgamynyň Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hil taýdan täze gatnaşyklary kemala getirýän binýat bolmagy kanunalaýykdyr. Şol gatnaşyklar hoşniýetli erk-isleg, açyklyk we birek-birege hormat goýmak, özara ykdysady bähbitlilik ýörelgelerine esaslanandyr. Forumda bellenilişi ýaly, 2030-njy ýyla çenli Ýewropa ýurtlarynyň energiýa serişdelerine bolan isleginiň iki esse artjakdygy çaklanylýar. Munuň özi olaryň Hazar sebitine, has takygy, Ýewropa bazaryna esasy gaz iberijileriň biri hökmünde garalýan Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny şertlendirýär.
Uglewodorod ýangyjynyň çykarylýan we daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmek bilen, Türkmenistanyň şol bir wagtda täze nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek, nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak üçin netijeli çäreleri görýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň içinde we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň onlarça görnüşini çykarýan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän kuwwatlyklar hem 20 esse artdy.
Şeýlelikde, serginiň we maslahatyň işiniň barşynda olara gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň ýagdaýy we onuň esasy ugurlary hakynda doly maglumat aldylar, tagallalary birleşdirmegiň we maýa goýmagyň ugurlaryny kesgitlediler, özara gatnaşyklarda toplanan tejribäni alyşdylar.
Türkmen hünärmenlerini gyzyklandyrýan we ýakyn geljekde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gerek boljak zatlar maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy we iri kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklarynda görkezildi. Olar Aşgabat şäherine Türkmenistanyň täze tilsimatlary, enjamlary peýdalanmak baradaky görkezmesini nazara almak bilen, täze işläp taýýarlamalaryny getirdiler. Olaryň arasynda “Сhevron”, “Shell”, “EххonMobil” /ABŞ/, “BP” /Beýik Britaniýa/, “Total” we “Schlumberger” /Fransiýa/, “Itera” /Russiýa/, “RWE” /Germaniýa/, “Eni” /Italiýa/, “Petronas Charigali” /Malaýziýa/, Hytaýyň (СNPС), milli nebitgaz korporasiýasy, “Hyundai” /Günorta Koreýa/ we dünýäniň nebitgaz işewürliginiň beýleki ägirtleri bar.
Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Muňa pudakda ornaşdyrylýan innowasiýalar, ýurdumyzyň geologiýa gözlegçileriniň açýan täze uglewodorodlaryň ägirt uly gorlary ýardam berýär. Bu ulgamda öz halkara borçnamalaryny gürrüňsiz ýerine ýetirip, uglewodorodlaryň gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyryp we olary daşary ýurtlara ibermek bilen, biziň ýurdumyz dünýäniň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň çözgüdine önjeýli goşandyny goşýar.
Aşgabat sergisi we maslahaty energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda we degişlilikde Türkmenistanyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagynda, pudaga maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tilsimatlary çekmekde ýene bir ädim boldy. Geçirilen netijeli duşuşyklaryň, täze taslamalaryň we teklipleriň, nebitgaz forumynda pikir alyşmalaryň eýýäm ýakyn geljekde täze şertnamalara we düzümiň desgalaryna öwrülip, işewür gatnaşyklaryň özara bähbitli berkitdilmegine hyzimat etjekdigi gürrüňsizdir.
Halkara forumyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara halkara ölçeglerindäki diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy. Halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda görkezilen myhmansöýerlik we forumyň ajaýyp guralmagy, ýangyç-energetika ulgamynda oňyn başlangyçlar we halkara hyzmatdaşlygyna berilýän giň goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.