Maryda ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Bu Türkmenistanyň himiýa senagatynyň iri kärhanalarynyň biridir.
Kärhananyň esasy öndürjek önümi ýokary konsentirlenen azot döküni – ýokumly maddaly karbamid – azyndan 46,2 göterimli azot döküni bolar. Bu kärhana ýylda 640 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenendir. Karbamid öndürmekde ammiak esasy çig mal bolup durýar. Karbamid öndürmek üçin öňde goýulan meýilnamany ýerine ýetirmek üçin şu kärhananyň özünde 400 müň tonna ammiak öndüriler. Tebigy gaz bolsa onuň çig maly bolup hyzmat eder.
Bu wajyp desganyň gurluşygyny «Kawaski Plant Sistems» we «Sodžis Korporeýşn» kompaniýalarynyň konsorsiumy, şeýle hem «Renesans Türkmen» kompaniýasy alyp barýar. Işler gündelik bellenilen möçber boýunça berk ýagdaýda alnyp barylýar. Kärhananyň tehnologiki böleginiň taslamasy ýerine ýetirildi, ep-esli bölegi gurluşyk meýdanyna getirilen tehnologiki enjamlaryň gelip gowu\magy dowam ed[xr.. Inžener-geologiki gözlegler, moblizasion desgalaryň gurluşygy ýerine ýetirildi, ammiagyň we karbamidiň gurluşlarynyň düýbüni tutmak işleri alnyp barylýar, goşmaça desgalaryň gurluşygyna başlanyldy. Dolandyryş we barlaghana jaýlarynyň binalarynyň boýy barha belende galýar.
Bu wajyp taslamanyň durmuşa geçirilmegi, öňki hereket edýän kärhanalary hasaba almak bilen, geljekde ýurtda azot dökünleriniň öndürilişini her ýylda bir million tonna çenli ýetirmäge, himiýa senagatynyň önümlerini daşady ýurtlara iberilmeginiň möçberini ep-esli artdyrmaga şert döreder. Täze zawodlaryň geljekde ulanylmaga berilmeginiň uly durmuş ähmiýetiniň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr, olaryň işe girizilmegi bilen täze iş orunlary dörär.
Bu ugurda tehnologiýalara ygtyýarnamalary bolan - ammiak öndürmek boýunça «Kellog Brown» (ABŞ), karbamid öndürmekde «Stamiсarbon» (Niderlandlar) we karbamidi ownutmak işlerinde «Uhde Fertilizers Tehnologies» (Germaniýa) kompaniýalardygyny bellemek möhümdir. Bu bolsa häzirki döwürde himiýa önümleriniň bu görnüşlerini taýýarlamak boýunça iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanyljakdygyny aňladýar.
Ammiak we karbamid dökünleriini öndürmek boýunça zawodlar toplumyny gurmak taslamasy öz içine ammiak öndürmek boýunça birakymlaýyn enjamy we onuň bilen baglanyşykly ownatmak usulyny ulanmak bilen, karbamid önümçiliginiň ulgamyny öz içine alýar. Bir günde 1200 tonna ammiak öndürýän enjamy işletmek üçin ýakynda ýerleşýän gaz ýataklaryndan gelip gowuşýan tebigy gaz ulanylar. Bu ýerde ol dürli tehnologiýa ulgamalar arkaly sintez-gazy taýýarlamak, ony arassalamamk, gysmak we şuňa meňzeş usullar ulanylar. Himiki täsirleriň netijesinde bu enjam arkaly ammiak we kömürturşy gazy alynar
Soňra bu garyndylar çig mal hökmünde karbamid öndürilýän kärhana gelip gowuşar. Bu ýerde ammiak we kömürturşy gazy basyş tapgyryndan we sintez gazyndan geçiriler, çyglylykdan arassalanylar we owradylar. Bu kärhanada «stripper-prosess» iň täze tehnologiýasy ulanylýar. Ammiak kömürturşy gazy bilen garyşmagynyň netijesinde iň gymmat dökünleriň biri bolan karbamid emele gelýär. Bu häzirkizaman kärhanasynyň kuwatlylygy bir gije-gündizde 2 müň tonna ýakyn döküni öndürmäge niýetlenendir.
Täze kärhana buguň we elektrik energiýasynyň daşky çeşmelerine garaşly bolmaz. Önümçilik işleri üçin iň häzirkizaman bug gazanlarynyň ikisi ulanylar. Olaryň biriniň kuwwaty esasy ähli önümçilik ulgamlaryny herekete getirmek üçin ýeterlikdir. Ikinji gazan bug turbinasynyň işlemegini üpjün eder. Toplumda 22 MWt kuwwatlykdaky üýtgäp durýan tokly generator işlär. Ol tutuş önümçilik boýunça kadaly ýagdaýda ulanylyp, zawodlar toplumyny elektrik togy bilen üpjün eder. Esay önümçilikden başga-da himiki usulda suw taýýarlaýan, gözegçilik-ölçeg enjamlary we awtomatlaşdyryş (KIP i A) işleri üçin howany guradýan, üznüksiz ulanylýan suwy sowadyş ulgamy bölümleri we beýleki kömekçi bölümler bolar.
Ammiak we karbamid öndürjek bu zawodlar toplumynyň gurluşygynyň taslamasynda daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn üns berilipdir. Şunda önümçiligiň ähli tapgyrlarynda köp ugurlar boýunça gözegçilik amala aşyrylýar. Iň bir döwrebap enjamlar kärhananyň töweregindäki we tutuş sebitdäki ekologiýa ýagdaýyna etjek täsirini has azaltmaga mümkinçilik berer. Bu görkezijiler bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilen we halkara kadalaryna laýyk gelýän derejeden ýokary bolmaz, ýagny bu önümçiligiň arassa boljakdygyny görkezýär.
Baglaşylan şertnama laýyklykda Mary şaherinde zawodlar toplumyny gurmak işlerini 2014-nji ýylyň ortalaryna tamamlamak göz öňünde tutulýar. Işleriň alnyp barylşyndan çen tutanyňda gelip gowuşýan enjamlary gurnamak işleri bellenilen meýilnama boýunça başlanar. Bu bolsa gurluşygy öz möhletinde tamamlamaga şert döredýär.
Türkmenistanyň himiýa pudagyny 2020-nji ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasynda ammiak-karbamid toplumlarynyň birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar. Ammiak we karbamid öndürmek boýunça Marynyň zawodlar toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen, şeýle hem himiýa pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen 2020-nji ýyla çenli azot dökünleriniň öndürilişi birnäçe esse artar.