Gündogar – Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşykçylary geljekki sebit gaztransport ulgamynyň ilkinji kyrk kilometrini cekdiler. Bu gaz gecirijisini bäş ýylyň dowanda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Ol Mary welaýatynyň „Şatlyk“ gaz kompressor stansiýasyndan Balkan welaýatynyň „Belek“ gaz kompressor stansiýasyna çenli uzap gider. Ol ýurtda iň iri gaz geçirijileriniň biri bolar. Onuň diametri – 1420 millimetr, uzynlygy bolsa 766 kilometr bolar.
„Belek“ kompressor stansiýasyndan gündogar tarapa gaz turbalaryny çekmäge gurluşygyň potratçysy „Türkmennebitgazgurluşyk“ Döwlet konserniniň gurluşyk-gurnama edaralarynyň birnäçesi gatnaşýarlar. Bu gaz geçirijisiniň ugry birnäçe böleklere bölünýär. Bu bolsa bölegiň 110 kilometrlik böleginiň ähli ugrunda kebşirleme işlerini birbada geçirmäge şert döredýär. Potratçy işleriň depginini çaltlaşdyrmak üçin ýarym awtomatlaşdyrylan enjamlary gurnalan önümçilik ammarlaryny gurdy. Tekjelerde pletleri (sapaklary) ýarym awtomatlaşdyrylan usulda kebşirleme işleri alnyp barylýar. Soňra bolsa olar gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýan ýerlerine eltilýär. Şonuň üçin hem gaz geçirijisiniň ugrunda her günde turbanyň 700 metrden 800 metre çenlisi gurnalýar. Bu ýerde turbalaryň izolýasion işleri we turbalary garyma goýmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Gaz geçirijisiniň beýleki böleklerinde bölümler turbalaryň çekiljek ýerlerini arassalamak we tekizlemek işlerine girişdiler.
Bu işe täze tehnikalaryň we kebşirleýji enjamlaryň çekilmeginiň, gurluşygy enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň hasabyna gurluşygyň işleri golaý wagtda epesli ýokarlanmaly. Muňa “Türkemengaz” Döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň hünämenleriniň gaz geçirijisiniň ugrunda inženerçilik-gözleg işleriniň ählisini tamamlamaklary, şeýle hem bu geljegi uly bolan möhüm gaz transport ulgamynyň taslama-smeta resminamalarynyň doly möçberde işlenilip düzülmegi şert döreder.
Institut tarapyndan taýýarlanylan taslama boýunça bäş ýylyň dowamynda diňe bir turba çekmek bilen çäklenilmän, eýsem “mawy ýangyjyň” akymyny barlamaga ukyby bolan ösen infrastruktura hem döredilmelidir. Gaz geçirijisiniň ugrunda basyşyň iş ýagdaýynda bolmagyny goldamak üçin gaz geçirijiniň ugrunda compressor stansiýalaryň sekizsini gurmak göz öňünde tutulýar. Baş gaz geçirijisiniň gurluşygy gaz geçirijisini dolandyrmakda telemehazasiýa we awtomatizasiýa ulgamyny, elektrohimiýa goragyny, şulara meňzeş desgalar bilen tehnologiki aragatnaşyk ulgamyny, gara ýoldan geçilmegi we beýleki ýüze çykýan päsgelçilikleri öz içine alýar.
Gurluşykçylar bu täze gaz geçirijisiniň gurluşyk-gurnama işleriniň ählisini ýerine ýetirmek we olaryň daşky täsirlerden bolmaklary üçin tagallalary etmeli bolarlar. Olar sil suwlarynyň akyp geçýän ýerlerine gabat gelerler, turbalary şorly toprakdan, zeý suwlaryndan goramaly bolarlar, oýly-beýikli ýerlerden turba geçirmeli bolarlar. Gaz geçirijisiniň ugrunda geçelgeleriň bäşisini keseleýin burawlamak usulynda ýerine ýetirmeli bolar.
Täze gaz geçirijisiniň gurluşygy diňe bir onyň gurluşygyny ýerine ýetirijileriň ussatlygyny görkezmän, eýsem durmuş infrastrukturasyny ösdürmek üçin hem-de onuň geşjek ugrunyň çäklerinde täze müňlerçe iş orunlarynyň döremegine hem ygtybarly esas bolar. Bu bolsa halkyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk ösdürilmegine hyzmat eder.
Gaz geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kubmetr gaz bolan Gündogar-Günbatar täze gaz geçirijisi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiň häzirkizaman içerki sarp edilşiniň ösen talaplaryna laýyklykda we halkara energetika bazarynyň täze reallaryna laýyklykda kämilleşdirýän we döwrebaplaşdyrýan gaz transport ulgamynyň möhüm bölegi bolar. Ol ýurdyň iri ýataklarynyň halkalaýyn ulgamyny döretmek we daşary ýurtlara iberilýän gazyň akymyny çaltlandyrylmagyny üpjün etmek, şeýle hem ýurdyň içiniň gaz üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlanadyrmak üçin zerurdyr. Gaz akymynyň täze ugurlarynyň döredilmegi sebitleriň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolar. Onuň ösüş depginleri „Türkmenistany 2011-nji-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda“ bellenilendir.
Meselem, Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde täze onlarça kärhanalary, elektrostansiýalary we beýleki möhüm senagat desgalaryny gurmak we ulanmaga bermek, esasy pudaklaryň, ilkinji nobatda – elektroenergetikanyň ösdürilişini üpjün etmek, sebitleriň elektroenergetika bolan ösen talaplaryny kanagatlandyrmak, elbetde, energogöterijileriň daşary ýurtlara iberilişini göz öňünde tutmak wezipesi durýar. Hut şonuň üçin hem ýylda geçirijilik mümkinçiligi 30 milliard kub metr gaz bolan bu täze gaz geçirijisi ýurtda döredilýän gaztransport ulgamynyň möhüm bölegi bolmalydyr.
Gündogar-Günbatar baş gaz geçirijisi köp pudakly gaztransport kommunikasiýalar ulgamynyň esasy bölegi bolmalydyr. Ol hereket edýän we täze halkara turba geçirijileri arkaly köp mukdarda daşary ýurtlara ýangyç iberilişini üpjün etmelidir. Biziň ýurdymyz dünýä bazarlaryna gazy çykarmagyň diwersifisirlenen ulgamyny döretmek bilen, onuň iri üpjün ediji ýurtlarynyň biri bolup biler. Geljegi uly bolan bu deliller ilkinji nobatda örän uly ätiýaçlyk baý tebigy gaz gorlary bolan Galkynyş ýaly iri ýataklara daýanýar.
Häzirki wagtda „Türkmengaz“ döwlet konserni tarapyndan gaz we gazkondensat ýataklarynyň onlarçasy, şol sanda Döwletabat we Şatlyk ýaly ajaýyp ýataklar, iri ýataklar bolan Malaý, Kerpiçli, Garaşsyzlygyň on ýyllygy, Gazlydepe, Bagaja, Ýelguýy we beýlekiler ýaly iri ýataklar özleşdirilýär. Guýularyň ulanylýan ammarlarynyň sany 1000 birlige ýetýär. Täze baş gaz geçirijisi geljekde ýurdyň bu gaz ýataklaryny, türkmen tebigy gazyny ýewropa we gündogar ugurlary boýunça ugradylmagy üçin bitewi gaztransport toryna birikdirer.