Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde türkmen paýtagtyny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan XI köpugurly halkara sergisiniň çäklerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň dürli edaralarynyň we pudaklarynyň wekilleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň açylyş dabarasyndan soň oňa gatnaşyjylara dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýän ak mermerli Aşgabat hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezildi.
Soňra binagärligiň we şäher gurluşygynyň esasy ugurlaryna, Aşgabat şäheriniň ulag hem-de energetika ulgamynyň ösüşine bagyşlanan umumy mejlis geçirildi. Onda edilen çykyşlarda häzirki zaman tehnologiýalary we şäher gurluşygy boýunça dünýä tejribesini nazara almak bilen, Aşgabady ösdürmegiň esasy ugurlary, gurluşygyň innowasion usullary, Türkmenistanda ýol gurluşygy, ýerli çig mallardan öndürilen gurluşyk materiallarynyň ulanylyşy, şäher gurluşygynda hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak, ýakyn we uzak geljek üçin paýtagtyň energiýa üpjünçiligi ýaly meselelere garaldy.
Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlaryny we tanyşdyryşlaryny gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda binalaryň berkligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meselelerinde dünýä tejribesiniň ulanylmagyna, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine we beýleki meselelere bagyşladylar. Maslahata gatnaşyjylar pudaklaýyn hyzmatdaşlygy we tutuşlygyna halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitlemegi öz öňünde maksat edip goýan şunuň ýaly çäreleriň özara maglumatlary alyşmakda hem möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Bu maslahata gyzyklanma öz-özünden düşnüklidir. Merkezi Aziýada iri işewürlik hem-de medeni merkez, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesine eýe bolan Türkmenistanyň paýtagty okgunly ösýän häzirki zaman şäheriniň – geljegiň şäheriniň gaýtalanmajak keşbini özünde jemlemek bilen, gözelligiň we amatlylygyň, binagärligiň öňdebaryjy gazananlarynyň, inžener-tehniki çözgütleriň, milli binagärlik sungatynyň gadymy däpleriniň özboluşly sazlaşygyny emele getirýär. Kähalatlarda diňe bir myhmanlar däl-de, aşgabatlylaryň özleri hem öňki tanyş köçeleriň we seýilgähleriň öz keşbini okgunly özgerdip, täze aýratyn, diňe özüne mahsus sypata eýe bolýandygyna haýran galýarlar.
Aşgabatda amala aşyrylýan şäher gurluşyk maksatnamasy häzirki döwrüň şäheriniň durmuş üpjünçiliginiň ähli ugurlaryny – senagaty, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank, ýaşaýyş-jemagat ulgamlaryny, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, syýahatçylygy we sporty öz içine alýar. Şunda paýtagty ösdürmek işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenen – ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar gatnaşyklary ösdürmegi, täze kärhanalary we innowasiýalara hem-de ylma esaslanýan önümçilikleri döretmegi, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegi öz içine alýan Milli maksatnamalaryň çäklerinde durmuşa geçirilýär.
Şu we beýleki meseleleriň gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylmagy geçirilen gepleşikleriň barşynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Ertir sergi we maslahat öz işini dowam etdirer.