Dünýä ykdysadyýetiniň derwaýys meseleleri – halkara forumyň üns merkezinde
Şu gün türkmen paýtagtynda “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly iki günlük halkara maslahaty öz işine başlady. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky bilen bilelikde guraldy.
Paýtagtymyzyň “Mizan” işewürler merkezinde geçirilýän foruma Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, şeýle hem Citibankyň, Deutsche bankyň, Hytaýyň Ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Serbiýa Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Bangladeş Halk Respublikasynyň Milli banklarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Latwiýa Respublikasynyň maliýe ministrlikleriniň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Söwda wekilhanasynyň, Frankfurtyň maliýe we dolandyryş mekdebiniň, şeýle hem De La Rue, The Royal Mint Limited, Cleave&Devrient GmbH ýaly dünýäniň esasy kompaniýalarynyň wekilleri we beýlekiler bar.
Türkmen tarapyndan forumyň işine hökümet agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, maliýe ulgamynyň okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara maliýe düzümleriniň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri gatnaşýarlar.
Aşgabatda şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi türkmen döwletiniň bütin dünýäde abraýynyň artýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy babatda alyp barýan syýasatynyň ykrar edilmeginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Iki günüň dowamynda dürli ýurtlaryň esasy maliýe düzümleriniň we milli banklarynyň wekilleri dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyna degişli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşarlar. Hususan-da, forum global maliýe ulgamyndaky üýtgetmeler we onuň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlaryna täsiri, durnukly ykdysady ösüşiň wajyp guraly hökmünde netijeli sebitleýin maýa goýum syýasaty hem-de durnukly ösüşiň şertlerinde hususy ulgamyň we maliýe ulgamynyň ösüşi ýaly üç ugurda geçiriler.
Maslahatyň işiniň başynda ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen deňlediler. Gutlagda bu halkara maslahatynyň sebitde we halkara derejesinde gazanylan tejribäni paýlaşmaga, şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça mümkinçilikleri artdyrmaga itergi berjekdigi bellenilýär.
Çykyşlarda milli hojalyklaryň we olaryň ykdysady hem-de syýasy gatnaşyklarynyň bileleşigi hökmünde soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejä eýe bolýandygy nygtaldy. Globallaşmak hojalyk durmuşyny ösldürmegiň möhüm usuly we şol bir wagtyň özünde täze tapgyry bolup durýar. Ol dünýäniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny öz içine alýar, ykdysady taýdan ösüşe we döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär.
Dünýä hojalygynyň esasy bölekleriniň biri bolmak bilen, maliýe taýdan globallaşmak onuň beýleki ugurlary, ilkinji nobatda, maddy önümçilikdäki ýagdaýlar bilen ysnyşykly gatnaşyklarda ösdürilýär.
Şol bir wagtyň özünde globallaşmak dünýä ykdysadyýetinde täze gapma-garşylyklary we meseleleri şertlendirdi. Olaryň esasylarynyň biri hem dünýä bazarynyň örän durnuksyz bolmagy we çökgünlik ýagdaýlarynyň çalt geçmek mümkinçiliginiň güýçlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi bütin dünýäde ýaşaýyş-durmuş derejesine ýaramaz täsirini ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, maliýe we bank ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek global ykdysadyýetiň berkarar bolmagynda örän möhüm şert bolup durýar. Halkara ykdysady guramalar halkara pul-maliýe gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan dünýä ykdysadyýetini globallaşdyrmak prosesiniň esasy subýektleridir. Hut şolar global startegiýalary durmuşa geçirmek arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär we milli, sebitleýin we halkara maliýe ulgamlaryny birleşdirýän dünýä maliýe arhitekturasynyň ulgam dörediji edaralary hökmünde çykyş edýärler.
Şunda dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy halkara ykdysady guramalarynyň işiniň daşky ulgamyny kemala getirýär, olaryň özara gatnaşyklaryna, şeýle hem milli hökümetler we maliýe taýdan kadalaşdyryjy edaralar bilen gatnaşyklaryna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda çykyş edenler sebitleýin we global möçberde durnukly ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly daýanç nokadyna öwrülen şu forumyň derwaýysdygyny we örän ähmiýetlidigini bellediler.
Çökgünligiň täsirini peseltmek maksadynda Türkmenistanda görlen çäreler barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ykdysady strategiýasynyň üstünlige eýe bolýandygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen Lideriniň çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde biziň ýurdumyz global maliýe-ykdysady çökgünligiň ýarmaz täsirinden sowulyp geçmegi we durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin berk esasy döretmegi başardy. Durmuş ugruna gönükdirilen bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek strategiýasy Türkmenistana özgertmeleriň ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmäge mümkinçilik berýär.
Şu aşakdaky maglumatlar hem biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň üstünlige eýe bolýandygyny tassyklaýar. 2008-2009-njy ýyllarda türkmen ykdysadyýeti özüniň deňagramlylygy we ösüşiň goşmaça çeşmeleriniň işjeňleşmegi netijesinde 6-9 göterim derejesinde durnukly ösmegini dowam etdirdi. 2011-nji ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş derejesi 14 göteriminden geçdi.
Soňky bäş ýylda maýa goýumlarynyň möçberi 9 esseden gowrak artdy. Geçen ýylyň jemleri boýunça esasy maýa goýumlarynyň ösüşi 23 göteriminden ýokary boldy, bu görkezijiniň jemi içerki önüme gatnaşygy 44 göterim derejesinde boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, munuň özi häzirki wagtda GDA-nyň çäginde iň ýokary görkeziji bolup durýar.
Dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň bilermenleriniň türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösüşine beren ýokary bahalary we oňyn çaklamalary Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň örän wajypdygynyň we derwaýysdygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol özgertmeler bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün edýär, onuň abadançylygyny ýokarlandyrýar we türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrýar.
Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň we beýleki maliýe edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ozaly bilen, milli ykdysadyýeti özgertmek boýunça işler türkmen döwletine dünýäniň çalt ösýän ýurtlarynyň sanawyna girmäge mümkinçilik berdi.
Ykdysady we maliýe durnuklylygy gazanmakda, önümçiligiň durnukly ösmegini üpjün etmekde salgyt – býujet syýasaty möhüm orun eýeledi. Bu syýasat ykdysady ulgama maýalaryň çekilmegini höweslendirdi we durmuş maksatnamalaryna çykdajylary artdyrmaga mümkinçilik berdi. Oýlanyşykly býujet syýasaty ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegini, girdejileriň çykdajylardan ep-esli artmagyny üpjün edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen döredilen Durnuklaşdyryjy gazna ykdysady ýagdaýa oňyn täsir edýär. 2008-nji ýylda daşary ýurt puly babatda manadyň alyş-çalyş hümmetiniň üstünlikli unifikasiýasy we 2009-njy ýylda milli walýutanyň denominasiýasynyň geçirilmegi hem ägirt uly ähmiýete eýe boldy.
Döwlet maliýe serişdelerini dolandyrmak babatda hem toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Hususan-da, halkara standartlaryny nazara almak bilen, täze býujet kanunçylygy hem-de buhgalter hasabatyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek babatda kanunçylyk işlenip taýýarlanylýar.
Bazar özgertmeleri geçirmek babatda hem uly ösüş gazanyldy. Olaryň depginleriniň çaltlandyrylmagy ýakyn we uzak möhletleýin geljekde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çalt depginlerde çykarmak maksady bilen, onuň serişde, senagat, zähmet we intellektual kuwwatyny özleşdirmegi göz öňünde tutýan köp ugurly diwersifikasiýa çökgünlikden goraýan esasy gurallaryň biri bolup durýar.
Bu wezipäni netijeli çözmek üçin soňky ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertleri bolup hyzmat eden anyk ädimler ädildi. Olaryň hatarynda “Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý” gaz geçirijisini gurmak ýaly ýangyç-energetika ulgamynda möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy we beýlekiler bar.
Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käniniň çäginde ony abadanlaşdyrmak we energiýa serişdeleriniň çykarylyşyny we we daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen zerur bolan düzümi döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hazaryň türkmen ýalpaklygynda uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberleri artdyrylýar.
Gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmek milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen täze kärhanalaryň gurluşygyna we hereket edýän önümçilikleriň durkuny täzelemäge ägirt uly maýalar goýulýar. Tebigy gazy peýdalanmak bilen işleýän energiýa öndürýän kuwwatlyklary artdyrmak işjeň depginlerde alnyp barylýar. Önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça taslamalar işlenip düzülýär.
Ulag ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär, munuň özi Türkmenistanyň öz üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmaga islegi bilen şertlendirilendir. Bu babatda öňdebaryjy gazanylanlara laýyklykda ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak amala aşyrylýar. Ähli ýerlerde häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamyny ösdürmek üçin oňaýly şertler döredilýär. Karz serişdeleriniň möçberleri artdyryldy, telekeçiler üçin ýeňillikli karz ugurlary açyldy. Hususy ulgamy karzlaşdyrmak bir ýylda 1,8 esse artdy. Orta we kiçi telekeçiligi höweslendirmek we goldamak ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine hem-de Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine tiz aralaşmagyna ýardam berýär.
Türkmen döwleti daşary ykdysady işlerini işjeň alyp barýar. Munuň şeýledigine 2011-nji ýylda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň 1,6 essä golaý artmagy şaýatlyk edýär. Eksportuň ilerleýän ösüşi bolsa oňyn daşary söwda aratapawudynyň emele gelmegine ýardam etdi, ol 2010-njy ýylyň degişli görkezijisinden 3,6 esse ýokary boldy. Dünýä ýurtlarynyň 100-den gowragynyň geçen ýyl Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlaryna öwrülendigi bellärliklidir.
Ýurdumyzyň bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak, banklary maýalaşdyrmak derejesiniň ösmegi, olaryň maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegi we möhüm maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýän karzyň möçberleriniň artdyrylmagy Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 2011-nji ýylda karzlaşdyrmagyň möçberi 20 göterimden gowrak, ýeňillikli karzlaşdyrylmagyyň möçberi bolsa 2 esse artdy.
Häzir ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan, 2011-2030-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli döwlet maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.
Soňky döwürde degişli ugurda işleri kadalaşdyrýan täze kanunçylyk namalary tassyklanyldy. Olaryň arasynda “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda”, “Karz birleşmeleri hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Olar bank ulgamyny ösdürmekde täze belentliklere ýetmek üçin kuwwatly gural bolup durýar.
Global maliýe çökgünliliginiň ýaramaz täsirine garşy durmagyň mehanizmlerini berkitmek häzir Türkmenistan üçin möhüm iş bolup durýar. Ol durnukly ykdysady ösüşi, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, maliýe-ykdysady we durmuş özgertmeleriniň geçirilmegini göz öňünde tutýar.
Garaşylyşy ýaly, bu ulgamda oňyn özgertmelerden alynjak makroykdysady netije ykdysadyýete maliýe serişdeleriniň goşmaça gelip gowuşmagyna, işewür işjeňliginiň artmagyna, halk hojalyk pudaklarynyň kärhanalarynda işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň maliýe üpjünçiligini artdyrmaga ýardam berer.
Ýakyn geljekde şeýle hem töwekgelçilikleri dolandyrmagyň hili we içerki gözegçilik, korporatiw dolandyryş, hasabat we hasabatlylyk meselelerine uly üns bermek göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, häzir Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri çaltandyrmak üçin döwlet maliýe serişdelerini dolandyrmagy, hususy ulgamyň ösmegini höweslendirmegi nazara almak bilen berk binýat döredildi, munuň özi ýakyn geljek üçin ykdysady ösüşi çaklamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerine eýe bolmagy, geografik taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatsöýüjilik we döredijilik syýasaty Türkmenistanyň geljeginiň uludygyny ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär.
Maslahatyň barşynda dünýä ykdysadyýetiniň, maýa goýum syýasatynyň möhüm meseleleri, bank we maliýe ulgamlaryny ösdürmegiň öňdebaryjy tejribesi boýunça halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary beýan edildi, şeýle hem global we sebitleýin ösüşe syn berildi.
Ertir Halkara maslahat öz işini dowam eder.