Ï Ýurdumyzyň ulag-ýol düzümi dünýä ülňüleriniň derejesine çykýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ulag-ýol düzümi dünýä ülňüleriniň derejesine çykýar

view-icon 695
Şu gün paýtagtymyzda we onuň töweregindäki Ahal welaýatynyň çäklerinde ulag köprülerini, estakaladalary we bölüji zolaklary özünde jemleýän ulag-ýol düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabaralar guraldy.

Täze desgalaryň açylyş dabarasyna şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köp sanly şäher ilaty, hem-de Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýalar toparynyň hünärmenleri gatnaşdy. Şu gün ulanmaga berlen desgalaryň 8-siniň hatarynda paýtagtymyzyň daşyndan geçýän halkalaýyn ulag ýolunyň we Aşgabat-Mary ýolunyň Gämi obasynyň ýanyndaky ýol bölüji desga, “Gündogar-Günbatar” ulag ugrunyň Gäminiň ýanyndaky bölegi, Gämi obasynyň demirgazygynda Garagum derýasynyň üstünden geçýän köprüniň ýanynda ýol bölüji desga, Aşgabat-Türkmenbaşy ýoly bilen halkalaýyn ulag ýolunyň çatrygyndaky, Babarap obasynyň golaýyndaky estakadalaýyn ýol bölüji desga bar.

Bu desgalar özüniň kuwwatly inženerçilik binasy bilen, bu ýerde ägirt uly möçberli işiň alnyp barlandygyny görkezýär. Ýol bölüji desgalaryň sekiz girelgesi bolup, olaryň dördüsi ýokary göterilen görnüşindedir. “Gündogar-Günbatar” ulag ýolundaky tapgyrda uzynlygy 2,5 kilometre, ini bolsa 35 metre, her tarapynda üç hereket zolagy bolan bu desga birinji tehniki derejä doly laýyk gelýär. Garagum derýasynyň üstünden geçýän köprüniň uzynlygy bolsa 150 metre barabardyr. Bu agzalan desgalaryň hemmesi şunuň ýaly çylşyrymly gurluşyklara bildirilýän aýratyn talaplara doly laýyk gelýär.

Gurlup ulanmaga berlen hem-de gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda iň soňky gazanylanlar hem-de inženerçilik-tehniki çözgütler giňden ulanylýar. “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň hünärmenlerinden başga-da, bu işlere Türkmenistanyň we Russiýanyň öňdebaryjy taslama, gurluşyk guramalarynyň işgärleri gatnaşdy.

Estakadalaryň we ýol bölüji zolaklary gurluşygynda häzirki döwrüň iň kämil gurnama materiallary ulanyldy. Bu babatdaky tehniki çözgütler ýurdumyzyň howa hem-de geologiki şertleri göz öňünde tutulyp berjaý edildi. Köprüleriň hem-de estakadalaryň sütünleriniň gurnamalary üçin yranýan sütün bölekleri, çeýe gurnamalar ulanyldy. Olar dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan Italiýanyň “Fip”, Fransiýanyň “Freýsine”, Germaniýanyň “Mauer”, Şweýsariýanyň “Mageba” kompaniýalarynyň önümleridir.

Estakadalar geçýän ulaglaryň sesini aňrybaş derejede peseldýän, şeýle hem ýoly çäge syramagyndan goraýan bezegli ses we goraýjy ekranlar bilen üpjün edilipdir. Desganyň bölüji zolaklary örän berk demir germewler bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Türkmenistanyň ýol gurluşygy üçin täzelik bolan gaýdyş ýollary berkitmekde uly göwrümli geogözenekler ulanyldy. Şunuň ýaly ýokary netijeli tehnologik usul betonlamakdan has arzan düşýär we gurnamanyň berkligini üpjün edýär. Ulag ýollarynyň gurluşygynda şeben-mastiç asfalt betonynyň ulanylmagy geljegi uly usul hasaplanylýar. Ýollara şeýle örtükler düşelende agyr ýükli ulaglaryň tigirlerinden emele gelýän gapyrgalaryň we ýoluň tiz hatardan çykmagynyň öňi alynýar. Şeýle hem bu usulyň ulanylmagy sesiň azlygy, ýoluň öwüşgin bermesiniň pesligi hem-de tigirleriň ýola galtaşmak derejesiniň ýokarylygy bilen ýol hereketiniň howpsuzlygyny şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolan döwrüň talabyna laýyk gelýän ulag düzüminiň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeler syýasytynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähetden milli Liderimiz tarapyndan ozal hereket edýän ýollary döwrebaplaşdyrmak, täze ulag ýollaryny gurmak, tutuş ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ägirt uly taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ulag ýol gurluşygynda ýurdumyzyň paýtagtynyň mynasyp paýy bardyr. Bu ýerde göwrümi hem-de möçberi boýunça ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksatnamanyň esasy ugry bolup durýar. Türkmen paýtagtynyň baş nyşanlarynyň biri bolan we dünýä derejeli ulag ýoly hasaplanýan Arçabil şaýoly täze taryhy eýýamda ýetilen arzyly sepgitleriniň biridir. Aşgabady täze döwrebap ulag ýolunyň gurşap alyp paýtagtymyzyň iri gatnaw ýollarynyň birine öwrüljek wagty hem indi uzakda däl.

Halkalaýyn ulag ýolunyň gurulmagynyň baş maksady üstaşyr we agyr ýükli ulaglaryň Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa şäher içindäki ýollaryň gatnawyny ýeňleder, olaryň hatardan çykmak derejesini peselder we paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrar. Ýeňil we ýük awtoulaglarynyň bu ýerden göni ýol bilen şäheriň islendik ýerine baryp bilmegi halkalaýyn ýoluň ýene-de bir ähmiýetli tarapydyr.

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegi bolan we Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan Türkmenbaşy—Aşgabat—Farap ulag ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň gerimi has-da giňelýär. Bu strategik ähmiýeti bolan ýoluň umumy uzynlygy 1000 kilometrden gowrakdyr. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde çykyş edeninde Hazar hem-de Gara deňizleriň, Orta Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmegi ugur edinýän BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça öňe süren başlangyjynyň häzirki döwürde ähmiýeti has-da artýar.

Döwlet Baştutanymyzyň birnäçe gezek belleýşi ýaly, Orta Aziýa we Hazar deňzi zolagynda ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala gelmegi sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini şertlendirer hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyny, durmuş-ykdysady taýdan ählumumy durnukly ösüşi üpjün eder.

Türkmenistan ulag ugurlaryny diwersifikasiýa etmek syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň binýadynda yklymyň möhüm söwda ýollarynda kuwwatly üstaşyr merkeziniň döredilmegi ýaly meýilleriniň has çynlakaýdygyny äşgär edýär. Demir ýollaryň müňlerçe kilometriniň çekilmegi we ulag ýollarynyň taslamalarynyň düzülmegi deňiz hem-de howa menzilleriniň gurulmagy we bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu günki dabaralarda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň ösdürilmegi, hasylly ýerleriň özleşdirilmegi, tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagy üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine ýardam eder. Şeýle hem täze ýollar işjeň hem-de özara bähbitli hyzmatldaşlygyň ösdürilmegine, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, dünýäniň köp halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine öz täsirini ýetirer.

Şu günki şanly wakalaryň hormatyna, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.