Lebap welaýatynyň demirgazygynda ýerleşýän Babarap gaz kondensat ýatagyny senagat taýdan işlemäge girişildi. Ýakynda bu ýerde täze guýularyň ikisi ulanmaga berildi. Her gije-gündizde 3000 metrden gowrak çuňlukdan gaz geçirijisine tebigy gazyň 300 müň kub metrden gowragy, kondensatyň bolsa 40 tonna golaýy akdyrylýar.
Häzirki wagtda zerur bolan gaz çykaryjy ulgam döredilýän Babarap ýatagy Üňüz aňyrsyndaky Garagumda energiýa serişdeleri senagat taýdan şu ýyl işlenip başlanan meýdançalaryň ikinjisidir. Ozal habar berlişi ýaly, bu ýerde her gije-gündizde 700 müň kub metre çenli tebigy gazy, şeýle hem kondensatyň köp mukdaryny çykarmaga ukyply bolan Kerwen gaz kondensat ýatagy işe girizilipdi.
Kerwen we Babarap ýataklarynyň senagat taýdan işe girizilmegi gazy gaýtadan işleýän kuwwatly Naýyp toplumyny çig mal bilen bökdençsiz üpjün etmegiň we ýokary derejede arassalanan ekologiýa taýdan arassa harytlyk tebigy gazy turba geçirijilere akdyrmagyň möçberini artdyrmagyň kepilidir. Ýakyn wagtlarda häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlara laýyklykda, bu zawodyň awtomatlaşdyrylan birinji desgasyny döwrebaplaşdyrmak we goýberilýän önümiň möçberini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Üstünlikli amala aşyrylýan bu energetika taslamalarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmek, şol sanda Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň ýerasty hazynalarynyň uglewodorod serişdeler kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiki maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu ýerleriň meýdançalary bolsa indi onlarça ýylyň dowamynda senagat taýdan işlenilýär. Täze gaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyry “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň “Lebapnebitgazgurluşyk” edarasynyň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” önümçilik müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar.
Şertnamalaýyn Bagtyýarlyk çäginde Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň iri taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, soňky döwürlerde Amyderýanyň sag kenarynda täze Akaýry, Pirguýy, Şiringuýy ýataklarynyň açylmagy, derýanyň çep kenarynda bolsa Demirgazyk Kerpiçli ýatagynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň energetika kuwwatyny artdyrmak, halkyň durmuş ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan ýadawsyz işleriniň netijesidir. Özüniň gorlary boýunça dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň çalt depginlerde senagat taýdan özleşdirilmegi hem şu maksatlara gönükdirilendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe inžener-geologiýa, ylmy-tehniki we gurluşyk-gurnama maksatnamalarynyň tutuş toplumynyň amala aşyrylmagy netijesinde tebigy gazyň we uglewodorod kondensatynyň çykarylyşy ýurdumyzyň gündogar sebitinde yzygiderli ýokarlanýar. Bu bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasydyr. Muny sanlar hem görkezýär—eger-de 2008-nji ýylda bu sebitde 7 milliard kub metr gowrak “mawy ýangyç” çykarylan bolsa, geçen ýylda bu görkeziji 18 milliard kub metrden gowrak boldy. Şu ýyl bolsa ýerastyndan 20 milliard kub metre çenli tebigy gaz almak göz öňünde tutulýar. “Mawy ýangyjyň” daşary ýurda iberilişi yzygiderli artdyrylýar, welaýatyň gazy gaýtadan işleýän toplumlary, şeýle hem halk hojalygynyň ähli düzümleri tebigy gaz çig maly bilen bökdençsiz üpjün edilýär.
Mundan başga-da, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň känlerinden alynýan, esasan hem Kerwen we Babarap meýdançalaryndan çykarylýan gazyň düzüminde dury nebit önümlerini öndürmek üçin gymmat bahaly uglewodorod çig maly bolan gaz kondensatyň ep-esli mukdary bardyr.
Häzirki wagtda bu sebitde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ylmy-tehniki we tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça iň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän pudaklaýyn täze düzüm desgalaryna Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny we gaz çykaryş kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde uly orun degişlidir.