Häzirki wagtda Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirlýän gawunlaryň görnüşleri üç ýüze golaýlaýar. Olaryň görnüşleri barha artýar, diňe soňky ýyllaryň dowamynda türkmen seleksionerleri tarapyndan „bakja ekinleriniň şasynyň“ täze görnüşleriniň onlarçasy döredildi. Olaryň hatarynda örän tagamly, etlek, hoşboý ysly Şa gawunyny, Akmaraly, Ak gürbegi görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Ekerançylyk muzeýiniň sanawyna laýyklylkda, gawunlaryň 1000-den gowrak görnüşi döredilipdir. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň seleksionerleri diňe bir täze görnüşli gawunlary oýlap tapmak bilen meşgullanman, eýsem wagtyň geçmegi bilen ýitip giden görnüşlerini hem dikeltmek bilen meşgullanýarlar. Şu günler türkmen bazarlarynda gawunyň gadymy görnüşleri we örän süýji tagamy bolan Gülaba – Ak gülaba, Gök gülaba, Sary gülaba gabat gelmek bolýar. Gawunyň Gülaby görnüşiniň ösüp ýetişmegine 80-95 gün gerek bolýar, olaryň hasyllylygy bolsa her gektarda 200-300 sentnere barabardyr, süýjüligi bolsa 16-18 göterimdir. Lebap welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän bu ajaýyp gawunlar tagamlylyk we ýakymly yslylygy boýunça geçirilýän halkara sergilerinde altyn we kümüş medallara birnäçe sapar eýe boldy.
Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän meşhur Garrygyz gawuny hem türkmen saçagyna gaýdyp geldi. Hazirki wagtda bu güýz-gyş gawunyny Ahally bakjaçylar hem ösdürip ýetişdirýärler. Ol 90-100 günüň dowamynda ösüp ýetişýär, hasyllygy bolsa her gektardan 300-400 sentner hasyl alyp bolýar hem-de öz düzüminde 16-18 göterim süýjülik saklaýar.
Türkmen gawunynyň gaýtalap bolmajak tagamynyň syrlary ýurduň howa-toprak şertleriniň aýratynlyklary, ýylda ýyly howaly günleriň 193-den275 güne ýetmegi bilen baglanyşyklydyr. Türkmen gawunlarynyň köp görnüşleri özleriniň çalt ýetişişi we köpçülikleýim ýetişişi boýunça dört sany möwsümleýin toparlara bölünýär.
Birinji topara çalt ýetişýän görnüşler bolan 60-7- günde ýetişýän Zamylar, Zamçalar, Mazylar we beýlekiler degişlidir. Däp bolşy ýaly gawunlaryň bu görnüşleri gawun möwsümini açýarlar. Bu gawunlaryň etleri tagamy boýunça örän ýakymly, näzik, güýçli gawun yslary boýunça tapawutlanýar we süýjüligi 8-den15 göterime çenlidir.
Ikinji topara gawunlaryň has giň ýaran görnüşleri bilan tomus aýlarynda ýetişýän Waharman, Mesek, Şekerpalak we beleki görnüşleri girýär. Bu gawunlar 75-100 günüň dowamynda ýetişýär. Olaryň miweleri dürli tagamlary boýunça tapawutlanýar. Olaryň düzüminde 14-18 göterim süýjülik bolup, olar gawun kakyny taýýarlamaga örän ýaramlydyr. Bu gawunlaryň paçagynda inçe nagyş şekilleri we dürli torlar bolýar.
Garrygyz, Gülaby, Gürbek ýaly gawunlar güýz-gyş gawunlary hasaplanylýar. Üçünji topara degişli bolan bu gawunlar 95-100 günüň dowamynda ýetişýär. Olaryň köpüsi galyň we dykyz etliligi, örän tagamlylygy, daşamaga we uzak wagtlap saklamaga bolan mümkinçiligi bilen tapawutlanýar. Olar göwrümleri boýunça ortaça ölçegde bolup, agramlary 4-6 kg, kähalatlarda 8-10 kg. hem ýetýär. Gawunlryň bu topary kak etmäge, bal gaýnatmaga we agzy ýapylýan gaplarada bal hökmünde saklamaga ýaramlydyr.
Gawunlaryň Gara gotur, Beşek, Alma gülaby, Akgaş ýaly görnüşleri dördünji topara degişlidir. Olar 100-120 günüň dowamynda ýetişýär, agramlary bolsa 16 gilagramdan hem geçýär. Gyş gawunlary süýjüligi boýynça tomus we güýz-gyş gawunlary ýaly bolmaýar. Ýöne olar gyş döwründe ulanylsa tagam duýjulygynyň üstüni ýetirýär, olaryň süýjüligi 14-16 göterim çäklerindedir.
Türkmen gawunlary köp asyrlaryň dowamynda öz hili boýunça uly şöhrata eýe bolupdyr hem-de uly islegden peýdalanypdyr. Gawundan taýýarlanýan kak önümi iň ýokary tagam hasap edilipdir. Kak taýýarlanylanda gawun dilimlenip, paçagy aýrylar we günüň aşagynda serilýär-guradylýar. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gawunlar ýöne bir bakjaçylyk işi hasap edilmän, eýsem ol gadymy halk däp-dessury bolup, sungat derejesine ýetirilipdir.