Ï GDA-nyň demir ýol ulaglaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-nyň demir ýol ulaglaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi

view-icon 753
Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty öz işine başlady. Wekilçilikli maslahat türkmen topragynda GDA ýurtlarynyň Geňeşine girýän demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini, şeýle hem şu ulgamda işleýän halkara guramalaryň wekillerini, bilermenlerini ýygnady.

Geňeşiň maksady—demir ýol ulagynyň işini döwletara derejesinde utgaşdyrmak, halkara demir ýollarynyň tehnologik bitewiligini üpjün etmek, düzümi ylalaşykly ösdürmek bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, Geňeşiň işine diňe GDA-nyň ýurtlary däl-de, eýsem, demir ýollarynyň ini 1520 millimetre deň bolan Ýewropanyň we Aziýanyň döwletleri hem gatnaşýarlar.

Halkara guramanyň düzümine 17 ýurduň, hususan-da, Geňeşiň agzalarynyň hukuklary esasynda GDA-nyň 11 ýurdunyň: Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ukrainanyň we Türkmenistanyň demir ýol edaralary girýär. Geňeşiň işine Bolgariýanyň, Gruziýanyň, Latwiýanyň, Finlýandiýanyň demir ýol edaralary assosirlenen agzalar hökmünde, şeýle hem şertnamalara laýyklykda Litwanyň we Estoniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Demir ýolçularyň we ulag gurluşykçylarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara Konfederasiýasy bu maslahata synçy hökmünde gatnaşýar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň olara iberen Gutlagyny uly joşgun bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz GDA-nyň agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň Aşgabatda geçýän 57-nji maslahatynda demir ýol ulgamy bilen aýrylmaz bagly bolan gaýragoýulmasyz meseleleriň bähbitli ugurlarynyň, şeýle hem ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda demir ýol bilen bagly ähli möhüm meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapyljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, bu ulgamy ösdürmäge uly üns berýär. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzda polat ýollaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Täze gurlan demir ýollar ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda uly mümkinçilikleri açar, goňşy döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösüp, ýokary derejelere çykmagyna ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz öz Gutlagynda belledi.

Geňeşiň Aşgabatda geçirilýän maslahatynyň gün tertibine ýük wagonlaryny ulanmagyň, bu ulgamda toplumlaýyn özara hasaplaşyklaryny işläp düzmegiň, demir ýollarda ulanylýan enjamlaryň we beýleki zatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň ylalaşylan düzgünlerini işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler girizildi. Demir ýollaryny peýdalanmak bilen üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmegiň , sebitde ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda Geňeşiň işi demir ýol arkaly daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin sebitde bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmaga gönükdirilendir diýip bellenildi. Mundan başga-da, “1520 giňişlik” diýlip atlandyrylýan döwletlere we olaryň demir ýol ulgamlaryna ýük alyşmak, demir ýollarynyň ini başga ýurtlar bilen has netijeli demir ýol gatnawlaryny ýola goýmak möhümdir. Şu nukdaýnazardan bolsa Türkmenistanyň çäkleşýän döwletler bilen halkara demir ýol geçelgelerini, hususan-da, yklymda “Demirgazyk-Günorta” demir ýoluny döretmek baradaky başlangyçlary aýratyn möhüm bolup durýar. Mälim bolşy ýaly ýakyn geljekde türkmen demirýolçularynyň öz güýji bilen bu demir ýoluň “Bereket-Serhetýaka” bölegi ulanmaga berler. Türkmenistanyň hereket edýän we ulanmaga beriljek halkara demir ýol köprüleri bilen birlikde täze ulag geçelgesi dünýäniň iri demir ýol ulgamlarynyň biriniň “Günorta derwezesi” hökmünde ýurdumyzyň derejesini berkider.

Şonuň bilen birlikde Türkmenistan halkara ulag ulgamyny has-da ösdürmäge öz goşandyny goşýar, ýurdumyzyň amatly geografik taýdan ýerleşmeginde jemlenen ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleriň amala aşyrylmagy üpjün edilýär. Täze demir ýollaryň ugrunda inženerçilik desgalarynyň, halkara ýük daşalmagy we ýolagçy gatnadylmagy üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edilen häzirki zaman menzilleriň onlarçasy gurlar.

Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmek-Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, onuň halkara ulag geçelgesi hökmünde ähmiýeti biziň günlerimizde has-da artýar. Halkara demir ýol gatnawlaryny berkitmekden başga-da, täze demir ýollary ýurduň içerki sebitlerini çalt ösdürmäge ýardam edýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň demir ýol ulgamy ep-esli giňäp, ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar, giň gerimli täze ulag-aragatnaşyk taslamalaryny amala aşyrmaga taýýarlyk görýär.

Sebitde üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmakda Türkmenistanyň uly orun eýeleýändigini bellemek bilen çykyş edenler ýurduň ulag ýollarynyň düýpli abatlanylmagy we ösdürilmegi, halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňelmegi bilen açylýan uly mümkinçilikler hakynda bir pikire geldiler.

Häzirki pudaklaýyn maslahat Ýewraziýa giňişliginiň ulag ulgamyny ösdürmäge umumy çemeleşmäni gözläp tapmak, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýene bir ähmiýetli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi. Maslahatyň birinji gününiň dowamynda demir ýol ulgamyny we üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, tutuş sebitiň demir ýol ulgamynyň netijeli işlemegi üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, degişli kadalaşdyryjy binýady işläp düzmek boýunça wezipelere seredildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty ertir öz işini dowam eder.