Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty öz işini tamamlady. Bu maslahata Geňeşe goşulýan ýurtlaryň demir ýol we ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem şu ugur boýunça işleýän halkara guramalaryň wekilleri, bilermenler gatnaşdylar.
Geňeşiň düzümine 17 döwletiň – GDA gatnaşyjy ýurtlaryň 11-siniň, Bolgariýanyň, Gruziýanyň, Latwiýanyň, Finlýandiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň demir ýol edaralary goşulýar. Şu ýurtlaryň ählisinde demir ýoluň ini 1520 millimetre barabardyr, munuň özi olaryň arasynda demir ýol gatnawyny ýeňilleşdirýär, ýükleriň aýlanyşygynyň ösüşine ýardam berýär. Geňeşiň maksady “1520 giňişlikde” demir ýol ulaglarynyň işini döwletara derejesinde utgaşdyrmakdan, demir ýollaryň dünýäde iň uly halkara ulgamlarynyň biriniň tehnologik bitewiligini we düzümleriň ylalaşykly ösdürilmegini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.
Forumyň iki günläp dowam eden işinde ýük wagonlaryny ulanmak we olaryň dolanyşygy boýunça ylalaşykly düzgünleri işläp taýýarlamak, bu ulgamda toplumlaýyn özara hasaplaşyklary geçirmek, demir ýollarda ulanylýan enjamlaryň hilini üpjün etmek ýaly köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem üstaşyr geçirilmegini ösdürmegiň, sebitde ýükleriň daşalýan möçberlerini artdyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy.
Maslahatda iri halkara ulag ulgamynyň “günorta derwezi” hökmünde Türkmenistanyň dünýäde ini boýunça tapawutlanýan demir ýolly sebitler bilen has netijeli demir ýol gatnawlaryny ýola goýmakda wajyp ähmiýetli orny eýeleýändigi bellenildil. Ýurdumyz taryhyň dowamynda yklymda möhüm ähmiýetli söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Demirgazyk-Günorta” transmilli ulag geçelgesiniň uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. Onuň gurluşygy işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär, demir ýolyň “Bereket-Serhetýaka” bölegi ýakyn wagtda ulanmaga berler. Täze demir ýollar halkara derejesinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda demir ýol gatnawynyň sazlaşykly ösdürilmegine ýardam berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulgamy has-da giňelip, ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar we wajyp ähmiýetli täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna taýýarlyk görülýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty Ýewraziýa sebitiniň ulag ulgamynyň ösdürilmegine umumy çemeleşmäni gözläp tapmak, netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şonda demir ýol ulgamyny we üstaşyr gatnawy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, demir ýol ulgamynyň netijeli işlemegi ugrunda tagallalary utgaşdyrmak bilen bagly wezipelere garaldy hem-de hususan-da, demir ýollara gelýän otlularyň hiline gözegçilik edilmegini üpjün etmek boýunça degişli kadalaşdyryjy binýady işläp taýýarlamak we tassyklamak dowam etdirildi. Forumyň jemleri boýunça kabul edilen Teswirnamada demir ýol ulaglary ulgamyny ösdürmegiň, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary, şu ulgamda bar bolan örän uly mümkinçiliklerden peýdalanmak boýunça geljekki çäreler beýan edildi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, türkmen topragyndaky myhmansöýerlik, maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň we onuň ulag ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini aýtaryn bellediler.