Ï Paýtagtymyzyň kartasynda ulag düzüminiň täze desgalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň kartasynda ulag düzüminiň täze desgalary

view-icon 749
Şu gün şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, köp sanly ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň böleginde demirgazyk G.Kulyýew we Andalyp köçeleriniň kesişýän ýerinde ulag ýol aýrydynyň, şeýle hem Andalyp köçesinde Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň ulanylmaga berilmeginiň dabarasy boldy.

Paýtagtymyzyň ulag ulgamynyň nobatdaky täze desgalary umuman alnanda 12 desgany: iki derejeli awtomobil ýolaýrytlarynyň 7-sini, Garagum derýasynyň üstünden geçýän köprüleriň 3-sini we awtomobil ýollarynyň uçastoklarynyň 2-sini göz öňünde tutýan “Gündogar-Gunbatar” ulag geçelgesini döretmegiň taslamasynyň çäklerinde “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ony halkalaýyn awtomobil ýoly bilen birleşdirip, Aşgabadyň Halkara howa menziline çenli säginmän hereket etmäge mümkinçilik berer. Şäheriň möhüm ulag ýollarynyň biri bolan, içerki sowma köçäniň ornuny ýerine ýetirýän G.Kulyýew köçesi yzygiderli hereket etmegiň köçesi bolar, onuň geçiriş ukyby bolsa 5 essä golaý artar. Täze ulag ulgamynyň bu bölegi Aşgabatda gurulýan halkalaýyn awtomobil ýolunyň demirgazyk bölegini şäher ýol-ulag düzümine goşmaga mümkinçilik berer.

“Gündogar-Günbatar” ulag geçelgesiniň desgalarynyň birinji nobatdakysynyň geçen tomusda işe girizilmegi üstaşyr ulaglary şäheriň merkezi böleginden çykarmaga mümkinçilik berdi, olar bolsa halkalaýyn awtomobil ýolunyň Gämi şäherçesiniň deňinde Aşgabat-Mary ýoly bilen kesişýän ýerindäki ýolaýrydy, Gämi şäherçesiniň sebitinde awtomobil ýolunyň uzyn uçastogy, Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň sebitinde ulag ýolaýrydy we Gämi şäherçesiniň demirgazygyndaky köpri halkalaýyn awtomobil ýolunyň Babarap şäherçesiniň golaýynda Aşgabat-Türkmenbaşy ýoly bilen we halkalaýyn awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy şaýoly bilen kesişýän ýerindäki ýolaýrytlar we başgalar bar. Şunuň netijesinde käbir şäher köçeleriniň geçiriş ukyby 4 esseden gowrak artdy.

Şu gün ulanylmaga berlen ulag ýolaýrydynyň 8 geçelgesi bar. Olaryň 4-si estakada görnüşinde ýerine ýetirildi. Binanyň ganatynyň uzynlygy 500 metre golaýdyr, gatnalýan böleginiň ini gatnaw zolaklarynyň üçüsi bilen her bir tarapa 25 metre barabardyr. Andalyp köçesiniň esasy gatnaw ýolunyň geçelgesi bu ýolaýryt bilen Garagum derýasynyň üstündäki köpriniň ganatlary arkaly utgaşdyrylandyr, onuň uzynlygy 150 metre golaýdyr, derýadaky köpriniň ganatynyň beýikligi bolsa 5,5 metre barabardyr.

Olary gurnamakda iň soňky ylmy gazanylanlary we inžener-tehniki işläp taýýarlamalary ulanmak bilen häzirki zaman we öňdebaryjy tehnologiki çözgütler öz beýanyny tapdy. Tehniki çözgütler amala aşyrylan mahaly agyr ýüke çydamlylyk häsiýetnamalar, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan howa hem-de geologiki şertler doly derejede nazara alyndy. Munuň üçin köprüleriň we estakadalaryň daýançlarynyň gurnamasynda dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen maýatnikli daýanç bölekleri, anyklaýjy enjamlar we şok-transmitterler oturdyldy. Seýsmiki ýerasty sarsgynlar ýüze çykan mahaly dempferler daýanç bilen binanyň ganatynyň arasynda sazlaýjylar bolar we ýeriň sarsgynynyň ganatlara az derejede geçmegini üpjün eder. Şok-transmitterler gapdal yrgyldylary peseltmek we olary uly daýançlara geçirmek üçin, sferiki maýatnikli daýanç bölekleri bolsa gapdal yrgyldylaryň täsirini peseltmek üçin niýetlenendir. Şeýlelikde, köpriniň ähli gurnamasynyň seýsmiki taýdan durnuklylygy üpjün edildi.

Ýol düşegini örtmek üçin Türkmenistanda ilkinji gezek tehnologiki täzelik bolan çagylly-mastikaly asfalt beton ulanyldy. Ol ähli örtükleriň ygtybarlylygynyň ýokary derejesini we onuň könelmäge hem-de agyr ýük göterýän ulaglaryň tigirlerinden basyş düşmeginden nätekizligiň emele gelmeginden durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer, şeýle hem onuň ulanylmagy sesleriň we ýol ugrunyň şöhlelenmeginiň pes derejesinde gatnawyň ýokary netijeliliginiň hasabyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny artdyrar.

Awtomobil ýolaýrytlarynyň estakadalary sesden, çägeden goraýjy bezeg ekranlar bilen üpjün edilendir. Olar geçýän awtomobil ulagyndan gelýän sesiň derejesini ep-esli azaldýar, şeýle hem ýoluň gatnalýan bölegini ýel bilen getirilýän çägeden goraýar. Ýollaryň bölüji zolaklary ýokary saklaýjylyk ukybyndaky metal germewler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Türkmenistanyň ýol gurluşygy üçin ýene-de bir täzelik ýoluň ýapgyt ýerlerini uly möçberli gözenekleri ulanmak bilen berkitmekdir. Bu ýokary netijeli we tehnologiki usul betonlamagy ep-esli arzan düşürýän usuldyr, ýöne şunda gurnamanyň talap edilýän berkligi gazanylýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň strategiki wezipelerinden we ýurdumyzyň ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga berilýän ähmiýetden ugur alyp, döwlet Baştutanynyň başlangyçlary, şol sanda BMG-niň Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýan Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyçlary häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanynyň nygtap geçişi ýaly, Orta Aziýa we Hazar deňzi zolagynda ulag ulgamlarynyň şaha ýaýradan düzümlerini kemala getirmek sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we şeýlelik bilen parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge, ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam eder.

Türkmenistan ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirip, iş ýüzünde bu ulgamda öz meýilleriniň çynlakaýdygyny görkezýär, biziň ýurdumyzyň binýadynda yklymyň möhüm söwda ýollarynda kuwwatly üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi eýýäm öňden bäri iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň tapgyryna girişdi. Eýýäm düşelen we taslamasy düzülýän polat ýollaryň müňlerçe kilometrleri we awtomobil ýollarynyň giň ulgamy, deňiz hem-de howa duralgalarynyň täzeleriniň gurluşygy we işläp gelýänleriň döwrebaplaşdyrylmagy muňa şaýatlyk edýär.

Nobatdaky ulag ýolaýrydyny we Garagum derýasynyň üstünden köprini ulanmaga bermegiň dabarasynda çykyş edenleriň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parahatçylyk we döredijilik syýasatynyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdiklerini nygtadylar. Olar şeýle hem Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna güýçlerini gaýgyrman öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we tejribesini gönükdirjekdiklerinie döwlet Baştutanyny ynandyrdylar.

Bu waka bagyşlap ajaýyp aýdym-saz kompozisiýasyny taýýarlan “Aşgabat” döredijilik toparynyň çykyşy baýramçylygyň täsirini has-da artdyrdy.