„Gazagystan-Türkmenistan-Eýran“ halkara demir ýolunyň türkmen böleginiň – Bereket-Gyzylgaýa-Serhetýaka şahasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar.
Bu bölegiň uzynlygy 444 kilometrdir. Türkmenistanyň Demir ýol ulgalary ministrliginiň bölümleriniň hünärmenleri 25 metrlik demir gözenekleri ýüpek ýolunyň 700 metrlik sapagyna çalyşmak, şeýle hem ýoluň ugrundaky täze stansiýalaryň on ýedisiniň ählisinde ikinji ýoly çekmek işlerini alyp barýarlar.
Stansiýalaryň üçüsinde menziller gurular, hususanda, olaryň ilkinji Serhetýaka stansiýasynda gurulýar. Şeýle hem bu ýerde serhet we gümrük gulluklarynyň binalary, ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Ýaňy-ýakynda bu stansiýada Graşsyz, Bitarap Türkmenistanyň çägine girilýändigini almatlandyrýan esasy girelgäniň gurluşygy tamamlandy. Ýoluň bu bölegini elektrikleşdirme, ýoly dolandyrmak üçin awtomatiki we duýduryş ulgamlary bilen üpjün etmek işlerine başlanyldy
Ýoluň bu bölegi gurulýär we eýýäm işläp başlady, synagdan geçirilýän ýol arkaly tehnikany, gurluşyk materiallaryny, işçileri daşamak bilen, gurluşyk we tehniki düzümler gatnaýar
Biziň ýollarymyzyň Gazagystanyň serhedine – Gümrük birleşigine çykmagy Russiýanyň, Gazagystanyň we Belarusyň örän giň çäklerinde ýükleri we harytlary daşamagy ep-esli ýeňilleşdirmäge şert döreder. Özi hem bu täze ýol Pars aýlagynyň kenarlaryna barýan ýoly 700 kilometrden hem gowrak gysgaltmaga şert döreder. Türkmenistan üçin täze ýoluň çekilmeginiň ýene bir bähbitli tarapy – ol hem bu özleşdirilmedik sebitlerde täze durmuşyň başlanýanlygydyr.
Türkmenistanyň garaşsyzlygy ýyllary içinde müňlerçe kilometrden gowrak täze demir ýollary çekildi. Olaryň her biri özboluşly ähmiýete eýedir we möhümdir. Meselem, Pars aýlagyna tarap çekilen ilkinji Tejen-Sarahs-Maşat ýoly Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ýükleri üstüşyr geçirmäge mümkinçilik berdi. Sehetden geçilýän ýerde wagonlaryň dar tigirleri giňine çalşylýar we soň bolsa onuň tersine edilýär. Şeýle hem bu ýerde ýük terminallary we ýük saklanylaýan jaýlar we beýlekiler guruldy. Häzirki wagtda bu geçelge arkaly millionlarça tonna ýükleri daşamak bilen, müňlerçe demir ýol wagonlary geçýär.
Ýa-da, Türkmenabat-Atamyrat ýoluny we Amyderýanyň üstünden gurlan bir ýarym kilometrlik köprüni alyp görsek, Kötendagy ösdürmäge, şeýle hem Özbegistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň serhetlerine çykmaga mümkinçilikleri berdi. Aögabat-Garagum-Daşoguz demir ýoly Daşoguz welaýatyny ösdürmäge mümkinçilik berdi, ony ýurduň paýtagty bilen ygtybarly baglanyşdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaýyň uzynlygy ýüz kilometrden hem gowrak, onuň hem köp bökeginiň Türkmenistanyň çäklerinden geçýän Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) - Andhoý (Owganystan) demir ýoluny gurmak baradaky çözgütleri möhüm waka boldy. Onuň gurluşygyna ýakyn wagtlarda başlamak göz öňünde tutulýar.
Beýik ýüpek ýolunyň geçen ugry bolan biziň ýurdumyzyň çäklerine gadym wagtlardan bäri ýedi ýoluň çatyrygynda diýip at beripdirler. Sebäbi bu ýerden ýollar demirgazykdan günorta, günbatardan-gündogara uzapdyr. Öňki döwürlerde ýüpek ýolunyň kerwen ýollary geçen ýerinde indi ulagyň häzirki zaman we oňaýly görnüşi bolan demir ýollary çekilýär.
Goňşy ýurtlaryň ählisiniň serhetlerine täze ýolaryň çekilmegi biziň ýurdumyzyň ýene-de ýedi ýoluň çatyrygynda ýerleşmäge mümkinçilik berer, demir ýol ulaglary arkaly hem içki ugurlar boýunça, hem halkara ugurlary boýunça ýükleri daşamagy epesli ardyrmaga mümkinçilik berer.