Ï Türkmen kölüne milliard kubmetr zeý suwlary ýygnandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kölüne milliard kubmetr zeý suwlary ýygnandy

view-icon 1035
Suwarymly ýerleriň keşbini düýpgöter özgertmäge gönükdirilen ajaýyp gidrotehniki desgasy bolan - „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen kölüniň ilkinji nobatdakysyna üç ýyl gowrak mundan ozal badalga berdi. Şonda, Daşoguz ugry boýunça 385 kilometri we Baş türkmen kollektory bilen 740 kilometrden gowrak ýoly geçmek bilen, Lebap, Daşoguz, Mary, Ahal welaýatlarynyň meýdanlaryndan ýygnanan kollektor-drenaž suwlarynyň ilkinji kubmetrleri bu uly suw desgasyna ýygnanyp başlady. Ol Garaşor çöketliginden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde taslama suw sygymlylygy 132 milliard kubmetr bolan adam elleri bilen döredilen ägirt uly köl döredildi.

Bu kölüň ikinji nobatdakysynyň köp desgalary guruldy ýa-da olaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu suw toplaýjy desga geljekki adam eli bilen dörediljek deňziň nusgasy bolup galdy. Onuň kenarlarynda 600 metrlik gatla, beýikligi 14 metr bolan 22 kilometrlik gaçy galdyryldy. Bu bolsa zeý suwlarynyň köp mukdaryny toplamaga şertleri döredýär. Bu günki gün bu kölde bir milliard kubmetr töweregi suw ýygnandy, bu ýere bir sekuntda 10-dan 12 kubmetre çenli suw gelip gowuşýar.

Köp işler ýerine ýetirildi. Ýöne öňde edilmeli işler hem az däldir. Taslama boýunça Garaşora sekuntda 450 kubmetr suw akmaly – onuň sekuntda 210 kubmetri Daşoguz ugry boýunça we sekuntda 240 kubmetri Baş türkmen kollektory boýunça gelip gowuşmaly. Bu wezipe „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň indiki nobatdakysynyň gurluşygy tamamlanandam soňra çözüler. 54 kilometrlik kanal suw toplaýjydan Garaşor çöketligine çenli gerek bolan ölçegler boýunça gekildi hem-de suwy köp mukdarda kabul etmäge taýýardyr.

Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň çäklerinde ýurduň Suw hojalyk ministrliginiň bölümleri baş, welaýat, etrap, hojalygara kollektorlaryny giňeltmek we çuňaltmak işlerini dowam etdirýärler, oňa degişli gurluşlar gurulýar. Bu bolsa Garaşor çöketligine kollektor-drenaž suwlarynyň akdyrmagy düýpli artdyrmaga, ýurduň ähli sebitlerinde diýen ýaly ýeriň melioratiw ýagdaýlaryny gowlandyrmaga şertleri döreder.

El bilen döredilen derýalaryň hanasyna gelip gowuşýan kollektor-drenaž suwlarynyň möçberi artýar. Oba hojalyk ekin meýdanlarynyň müňlerçe gektarynyň melioratiw ýagdaýy mese-mälim gowlandy. Bu bolsa däne, gowaça, gök we bakja, miwe ekinleriniň hasyllygyny ýokarlandyrmaga özüniň oňaýly täsirlerini ýetirdi. Türkmenistanyň kartasyndan sowma suw howdanlary, batgaly ýerler ýitdi. Täze ekin meýdanlary, baglyklar emele gelýär. „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy boýunça oba hojalyk ekin dolanşygyna 450 müň gektar meýdanay täzeden ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar.

Aşgabat-Garagum-Daşoguz ulag ýolunyň Daşoguz suwy bilen kesişýän ýerinde uly ulag köprüsi guruldy. Şunuň ýaly köpri şu uly ýoluň Baş türkmen kollektory bilen kesiýän ýerinde Bokurdak sebitlerinde hem guruldy. Ondan öň Baýramaly-Gazojak ulag ýolunyň kesişýan ýerinde awtoulag köprüsi guruldy. Bu toplumyň beýleki desgalaryny abadanlaşdyrmak we gurmak – ýol çekmek, geçelgeleri, köprüleri, gidrotehniki desgalary gurmak wezipeleri öňde dur.

„Altyn asyr“ türkmen kölüniň täsir edýän zolagynda eýýäm geljegi uly bolan täze ýer bölekleriniň bardygyny geçirilen gözleg işleri görkezdi. Bu ýerleri emeli derýalardan we suw toplanylýan ýerlerden suwarmak arkaly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilikler bolar. Garagumyň öri meýdanlarynyň 10,3 million gektary suwlandyryldy. Täze suw howdanlarynyň – emeli derýalaryň kenarlarynda bu günki gün mal sürileri suwa ýakylýar, olaryň kenarlarynyň ugurlarynda ösümlikler boýa galdy – maldarçylygyň iýmitlik binýady barha berkeýär.

Bu uly suw howdanyna suw içmäge we iýmitlenmäge ýabany haýwanlar hem gelýärler, guşlar hem ýaşaýarlar. Bu emeli derýalara we suw howdanlaryna balyklaryň hem köp görnüşi – kollektorlar dürli ösüntgilerden arassalaýan ot iýýän balyklar ýygnandy. Gurluşykçylaryň, çopanlaryň, Bada we Ak ýaýla, Balaşen şäherçeleriniň ýaşaýjylarynyň işden boş wagtlary balyk tutmak bilen meşgullanmak gyzykly pişä öwrüldi. Türkmen köli toplumynyň ähli howdanlarynda geljekde balykçylygy ösdürmeklige uly mümkinçilikler bar.

Türkmen köli sebitiň ekologiki ýagdaýyny gowulandyrýar – öňler Amyderýany, Tejen, Murgap derýalaryny hapalaýan kollektor-drenaž suwlary indi Garaşor çöketligine ugrukdyrylýar. Geçirijilik mümkinçiliginiň artmagy bilen we drena1 suwlarynyň köp mukdarda akdyrylmagy bu derýalara akýan zeý suwlarynyň düýbünden kesilmegi mükindir. Bu bolsa olaryň arassalygyny epesli ýokarlandyrar.

„Altyn asyr“ Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň tamamlanjak wagty uzakda däl. Suw toplaýjylarda drenaž suwlary ýeterlik mukdarda ýygnanar, ol Garaşor çöketligine akdyrylar, ol çalt depginler bilen doldyrylar.