Ï Suwdan aýawly peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suwdan aýawly peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr

view-icon 997
Şu günler ýurdumyzyň suw howdanlarynda oba hojalyk pudagynyň dürli hajatlary üçin zerur bolan ätiýaçlyk gorlaryň üstüni ýetirmek maksady bilen, şu möwsümdäki ygallary we sil suwlaryny ulanmak arkaly suw toplamak işi alnyp barylýar. Türkmenistanyň Suw hojalyk minsitrliginde TDH-nyň habarçysyna aýdylmagyna görä, oba hojalyk ekinleriniň suwarylýan möwsümine çenli ýurdumyzyň suw howdanlarynda suwuň 2766 million kub metri toplanar.

Türkmenistanda suwuň ulanylmagyna aýawly garamak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasatyň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýar. Ýurdumyzda suwaryş ekerançylygynda suwdan peýdalanmagyň döwrebap we tygşytly tehnologiýalaryny ulanmak, şu maksatlar üçin örän uly suw gurluşyk desgalaryny gurmak we ulanmak boýunça baý tejribe toplanyldy. Hut suw hojalygyna degişli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň gurak howa şertlerinde oba hojalygynda önümçiligiň netijeliligi gazanylýar hem-de azyk bolçulygy we oba hojalyk önümleriniň artýan möçberlerini, şol sanda azyklyk bugdaý ýaly wajyp ähmiýetli önümi daşary ýurtly sarp edijilere ibermäge oňaýly mümkinçilik döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça suw hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylmy innowasiýalaryň we işläp taýýarlamalaryň durmuşa geçirilýändigini we bu pudagyň ösdürilmegine içgin üns berilýändigini aýdyň görkezýän mysaldyr. Ýurdumyzda şu ugra degişli ylym suwy gaýtadan ulanmak bilen bagly meseläniň çözülmegine, ýüzleý suwarmagyň agrotehnikasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, suwaryşyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak baradaky wezipeleriň berjaý edilmegine uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň obasenagat toplumynda täze tehnologiýalara, özboluşly inženerçilik çözgütlere we özgertmelere daýanmak arkaly suwuň her bir damjasyny aýawly ulanmak ugur edinilýär. Suw howdanlarynyň sygymlylygyny artdyrmak boýunça toplumlaýyn we maksada okgunly işler alnyp barylýar, munuň özi suwuň gorlaryny döretmäge şol gorlary möwsümler boýunça netijeli paýlamaga hem-de gorlary meýdanlarda has zerur bolan mahalyna çenli aýawly saklamaga mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky işler elmydama geljekki döwri nazara almak arkaly amala aşyrylýar we aýratyn-da gyşky – ýazky döwürde ýurdumyzyň suw üpjünçiliginiň ygtybarly esaslaryny döretmäge, ählumumy derejede howanyň üýttgemeginiň we guraklygyň döredip biljek amatsyz täsirinden baş alyp çykmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda has uly suw howdanlary hasaplanýan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy” suw howdanyny we Hanhowuz suw howdanyny giňeltmek boýunça işler batly depgin bilen alnyp barylýar. Bu emeli suw howdanlary birbada birnäçe welaýatlary suw bilen üpjün edýän Garagum derýasynyň örän uly suw gurluşyk ulgamynyň hereket etmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Garagum derýasy ýurdumyzyň ekin meýdanlaryny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmekde möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda onuň kenarynda köp sanly döwrebap tehnika toplanyldy. Hanany arassalamak, suw akabasynyň suw geçirijiligini gowulandyrmak, böwetleri we suwuň akymyny kadalaşdyryjy desgalary abatlamak boýunça meýilleşdirilen işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem Murgap derýasynda Saryýazy suw howdanyny giňeltmek bilen bagly işler geçirilýär. Bu emeli suw howdanynda sil suwlarynyň uly möçberleri toplanýar hem-de ol Murgap jülgesinde ekin meýdanlarynyň giňeldilmegine ýardam bermelidir.

Gyşky we ýazky sil suwlarynyň, şol sanda Köpetdagyň gerişlerinden akyp gaýdýan uly möçberlerdäki suwlary aýawly ulanmak boýunça geçirilýän çäreler suw gorlary bilen üpjünçiligiň derejesini artdyrmaga ýardam bermek bilen çäklenmeýär. Dag eteklerinde gurulýan we bar bolan suw howdanlary dagdan gaýdýan suw akymynyň badyny peseldýär hem-de ilatly ýerleri, oba hojalyk desgalaryny we ekin meýdanlaryny suwuň basmagyndan goraýar. Köpetdagyň eteginde şunuň ýaly suw howdanlarynyň eýýäm birnäçesi guruldy we ýurdumyzda bu möhüm ähmiýetli işleriň depgini has-da ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň Suw hojalyk ministrliginiň düzümleri Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgançaý derýajygynda täze emeli suw howdany gurýarlar.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda-da täze suw howdany gurulýar. Balkan welaýatynda-da Etrek derýasynda Mämmetköl suw howdany giňeldilýär. Şu derýada we oňa goşulýan Summarda hanany arassalamak we gönülemek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda Amyderýada we Murgapda hem sil suwlaryna garşy durmak, kenarlary berkitmek, hanany gönülemek, bentleri abatlamak bilen bagly işler giň gerime eýe boldy. Mary welaýatynda “Zähmet – Türkmengala” maşyn kanalynyň durky täzelenildi, onuň suw göteriji stansiýalarynda dünýäde öňdebaryjy önüm öndürijileriň täze kuwwatly suw sorujylary goýuldy. Mälim bolşy ýaly, Amyderýanyň sag kenarynda hakykatyna garanyňda düýpgöter täzeden döredilen Ýylgynagyz suw akabasy şu ugurda amala aşyrylan has wajyp ähmiýetli taslamalaryň biri bolup durýar, munuň özi ekin meýdanlaryny giňeltmäge, täze meýdanlary özleşdirmäge we suwarmaga mümkinçilik döretdi hem-de geçirilýän işleriň toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýän subutnama öwrüldi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda zeýkeşleriň we suwaryş ulgamlarynyň durkuny täzelemek boýunça uly möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi agrotehniki çäreleriň netijeliligini artdyrmaga, wajyp ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem gowaça ekmek üçin taýýarlanýan meýdanlara ýuwuş suwuny tutumak işi alnyp barylýar.

Topragy zaýalanmakdan goramak ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýene-de bir möhüm ähmiýetli wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda şorlan topragy taba getirmek, suwaryş desgalaryny we zeýkeşleri döwrebaplaşdyrmak we gurmak boýunça çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içgin alada etmegi netijesinde, şu ugurda bellenilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin döwlet tarapyndan ep-esli möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär we ýörite tehnikanyň uly tapgyrlary satyn alynýar.

Häzirki döwürde topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak miraplaryň wajyp ähmiýetli wezipeleriniň biridir. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýerlerdäki zeý suwlaryny sowýan zeýkeşleriniň birinji tapgyry ulanmaga berildi we bular bitewi hem-de ýokary netijeli suw gurluşyk ulgamyna birikdirildi. Netijede, suwarylýan meýdanlaryň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, zeý suwlarynyň golaýdaky çöketliklere we suw akabalaryna akmagynyň öňi alynýar. Bu çäreler Türkmenistanda we tutuş sebitde ekologiýanyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam berýär. “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek boýunça örän uly taslamany amala aşyrmagyň ikinji tapgyryna degişli işler dowam etdirilýär, munuň özi ýurdumyzda zeý suwlaryny oba hojalygynyň hajatlary üçin gaýtadan ulanmak boýunça geljekde diýseň uly mümkinçilikleri döreder. Galyberse-de, Orta Aziýada suw çeşmeleriniň çäklidigini göz öňünde tutanyňda, bu işiň ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistan zeý suwlaryny gaýtadan ulanmak bilen bagly meseläni çözmekde sebitde oňat nusga görkezýär.

Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde suw hojalyk pudagynyň malddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde miraplaryň ygtyýarynda “Katerpiller”, “Komatsu” we “ÇTZ” kysymly ýokary öndürijilikli ýer gazyjy tehnikalar, suwy ýokary çykarmak üçin niýetlenen döwrebap enjamlar bar.

Tehniki taýdan ýokary derejede üpjün edilmegi suwdan peýdalanmakda damjalaýyn we pürkdürip suwarmak ýaly oňaýly we döwrebap usullaryň ulanylmagynyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär, türkmen topragynda bu usullaryň netijelidigi hem-de suwuň tygşytly ulanylmagyna ýardam berýändigi subut edildi. Bu bolsa häzirki wagtda oba hojalyk ekinleri üçin niýetlenen meýdanlary artdyrmak bilen bagly möhüm wezipäni berjaý etmegiň ýene-de bir ýoly hasaplanýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak arkaly, suwuň aýawly ulanylmagy, serhetüsti suwlaryny ulanmagyň meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär hem-de şu ugra degişli möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär, şunda halkara derejesinde ykrar edilen hukuknamalary we sebitdäki ähli ýurtlaryň bähbitleriniň dolulygyna göz öňünde tutulmagy esasy ugur edinilýär. 2012-nji ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Toparynyň “Serhetüsti suw akabalaryny we halkara köllerini goramak we ulanmak boýunça” Konwensiýasyna goşulmagy şu ugurda möhüm ähmiýetli ädime öwrüldi.

Köpasyrlyk taryhynyň dowamynda türkmen halky suwa bahasyna ýetip bolmajak baýlyk we ýaşaýşyň gözbaşy hökmünde garap gelýär. Suwa aýawly garamak baradaky öwüt-nesihatlar nesilden-nesle geçýär, şunda suwuň her bir damjasy altyna deňelýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri hasaplanýan suw gorlaryndan netijeli we aýawly peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan möhüm ähmiýetli wezipelerini üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligine degişli düzümleriň işgärleri tarapyndan ähli welaýatlarda möwsümleýin işler ýaýbaňlandyryldy. Esasy maksat oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagyna, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam bermekden ybaratdyr, çünki münüň özi milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirip ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.