Ï Köşejik dünýä indi...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köşejik dünýä indi...

view-icon 1166
Döwlet maldarçylyk birleşiginiň iň iri ýöriteleşdirilen hojalyklarynyň bäşisiniň tohum sürülerinde düýeleriň arrwana görnüşleriniň bäş mühden gowragy idedilýär.

Olardan 1600-den gowragy Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň „Sakarçäge“ daýhan birleşiginde, 800 töweregi Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň „Jeýhun“ daýhan birleşiginde, 1300 töweregi – Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň „Kirpili“ daýhan birleşiginde idedilýär. Balkan welaýatynda Serdar etrabynyň „Gyzylarwat“ daýhan birleşiginde 1000-e golaýy we S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň „Türkmenistan“ daýhan birleşiginde 800-e golaýy idedilýär.


Hojalyklardaky mallaryň takmynan ýarysy ene mallardyr. Ene düýe köşegini 12 aýyň dowamynda göterýär, we bir ene düýeden üç ýyldan gowrak wagtyň içinde ortaça iki köşek alyp bolýar. Düýelerden köşek almak möwsümi ýanwar aýyndan başlap aprel aýyna çenli dowam edýär. Düýelerden alynan köşekleriň ýarysy düýe çopanlaryna hususy eýeçiligine berilýär.


Köşejikler örän gowşak ýagdaýda dünýä inýärler hem-de ýarym ýyla çenli onuň ýanynda enesi bolmaly bolýar. Tejribeli maldar olary çüýşejikden iýmitlendirmäge elmydama taýýar bolup durýar.

Köşejiklere ilkinji günden başlap gowy hilli hyzmat edilýär hem-de olar eý görülýär, ýazyň salkyn şemalynda durmagyna maý berilmezden, olar sowuklamadan goralýar. Diňe şondan soňra, haçan-da olar ulalanda, olar üçin sowuk hem, yssy howa hem, suwsuzlyk hem gorkuly däl.