Şu gün Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň dokma senagaty önümleriniň ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan pudaklaýyn sergisi ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşyklarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýär hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki halklaryň arasyndaky dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga täze itergi berer.
Dokma sergi-ýarmarkasyny “Ýokut-2000” täjik kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Dokma senagaty ministrligi guradylar. Ony geçirmek üçin biziň ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbä geldi, oňa pudagyň düzüm birlikleriniň we Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri girdiler.
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly hem-de depginli ösýän gatnaşyklar iki ýurduň köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge, iki doganlyk halklaryň taryhy we ruhy -medeni däpleriniň umumylygyna esaslanan söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Soňky ýyllarda köp ugurly ikitaraplaýyn türkmen-täjik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň esasynda dokma senagaty ulgamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygy ep-esli giňeldi. Geçen ýylyň awgustynda Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Täjigistanyň baştutanynyň täze önümçilik toplumyna we tutuşlygyna alnanda Türkmenistanyň dokma senagatyny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirip, daralan ýüplügi öndürýän Abadanyň ýüplük egriji fabriginiň ikinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy guwançylyr.
Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm hem-de geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde dokma senagaty ýokary derejedäki Aşgabat gepleşikleriniň jemleri boýunça Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Emomaly Rahmonyň gol çeken Bilelikdäki türkmen-täjik beýannamasynda bellenildi. Şol resminamada oba hojalygy we obasenagat toplumynyň önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek babatda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy hem bellendi. Biziň ýurdumyz ýaly, Täjigistan hem pagta öndürýän ýurtdur, dokma senagatyna öz ykdysadyýetini ösdürmekde uly orun berýär. Şonuň üçin hem dokma senagatyny döwrebaplyşdyrmakda we ösdürmekde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň tejribesi täjik hyzmatdaşlarymyz üçin örän peýdaly bolup biler.
Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň dokma senagatynyň häzirki sergi ýarmarkasynyň geçirilmegi netijeli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysadyýetiň bu ulgamynda netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň dokma önümleriniň bu gözden geçirilişi iki ýurduň pudaklaýyn kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ilkinji üstünlikli tejribesidir, oňa tikinçilik önümçiligi babatda Täjigistanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “Ýokut-2000” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet gönüden-göni gatnaşýar.
Türkmenistanyň dokma senagatynyň sergisi owadan bezelen “Ýokut-2000” söwda merkeziniň birinji gatynda ýerleşdirildi. Täjik myhmansöýerliginiň iň oňat däplerinde dabara gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny halk sazandalary-kernaýçylar gutladylar.
Şu gün söwda merkeziniň binasynyň öňündäki meýdança Täjigistanyň hökümet agzalary, minisrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, dostlukly ýurtda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň baştutanlary, hususy işewürligiň, şeýle hem bu ýerde işleýän daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, talyp ýaşlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Myhmanlaryň hatarynda dostlukly türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerine we gönüden-göni dokma sergisine tüýs ýürekden gyzyklanma bildiren täjik paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylary bar, täjik habar beriş serişdelerinde geçirilen giňden mahabatlandyryş çäreleri muňa ýardam etdi. Mysal üçin, sergi-ýarmarkasynyň açylyşynyň öňüsyrasynda Täjigistanyň milli telewideniýesiniň ýaýlymlary boýunça bu waka bagyşlanylan ýörite film görkezildi, onuň açylyşy hakynda Duşenbäniň dürli künjeklerinde ýerleşdirilen owadan bannerlerde hem habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara Gutlagynda şu wakanyň ähmiýeti nygtalyp geçildi, şol gutlag onuň aşylyş dabarasynda okaldy we bu ýere ýygnananlar tarapyndan uly joşgun bilen garşylandy. “Bu sergi-ýarmarka Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmekde, iki ýurduň işewürler toparlarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şeýle hem Türkmenistanyň dokma pudagynda gazanylan üstünlikleri görkezmekde möhüm ähmiýete eýe bolar” diýlip, Gutlagda aýdylýar.
Sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Şarif Said iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenýän ýylynda şeýle çäräniň guralmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Bellenilişi ýaly, bu sergi türkmen we täjik hyzmatdaşlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary giňeltmäge tarap ilkinji ädim bolar.
Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň sergisi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli dokma pudagynyň gazananlary barada gowy düşünje almaga mümkinçilik berýär. Ol bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biriniň häzirki döwürde ösüşiň täze belentliklerine ýetýändigini açyk-aýdyň görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda pudagyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň 80 göterime golaý möçberine, pagta egriji fabrikleriň we dokma toplumlarynyň, tikin, ýüpegi gaýtadan işleýji önümçilikleri-de goşmak bilen öndürilýän önümlere dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda isleg bildirilýär. Şonuň üçin hem Duşenbede görkezilýän sergide çykarylan önümler taýýar egin-eşik önümçiligine ýöriteleşýän täjik hyzmatdaşlarynyň türkmen dokma önümçiliginde öndürilýän önümlere aýratyn gyzyklanmasy bilen şertlendirilendir.
Sergi-ýarmakasynyň guraýjylar diňe bir içerki bazaryň artýan islegine jogap berýän iri dokma toplumlary däl, eýsem, daşary ýurtlara satmak bilen meşgullanýan dokma önümçiliginiň işewürliginde dünýäniň derejeli öňdebaryjylary bilen deň hatarda bäsleşýän iri dokma toplumlarydyr. Olar paýtagtymyzyň ägirt uly önümçilik kärhanalary-- “Türkmenbaşy dokma toplumy” we “Aşgabat dokma toplumy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleridir, şeýle hem sebitlerde ýerleşen Gökdepe we Gypjak dokma hem-de, Ruhabat jinsi toplumlardyr. Bu ýerde öz önümlerini Bereket tikin fabirigi we Mary şäheriniň “Ýeňiş” fabrigi, ýüpek önümlerini bolsa Ruhabatdaky panbarhat matalaryny öndürýän fabrik we Aşgabadyň ýüpek fabrigi hödürleýär.
Milli görnüşde örän owadan bezelen diwarlyklarda dokma önümçiliginiň ähli ugurlary beýan edilýär. Olar bolsa tebigy çig maldan edilen ýokary hilli ýüplügiň öndürilişinden başlap, dünýä bazarynda daşary ýurtly öndürijiler bilen hili we görnüşi boýunça bäsleşip bilýän pagtadan we ýüpekden edilen taýýar önümlere çenli ähli işler bolup durýar. Bu ýerde nah ýüplükleriň we matalaryň, taýýar egin-eşikleriň nusgalary görkezilýär, ýagny erkek kişileriň köýnekleri, ulular we çagalar üçin trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri, şol sanda dynç alyş we sport geýim-gejimleri, döwrebap jinsi önümleri synlap bolýar.
Öý hojalygynda ulanylýan dokma önümleri, ýagny ýorgan-düşek daşlyklary, aşhana enjamlary, tüýjümek matalardan edilen önümler hem giňden görkezilýär. Şeýle hem lukmançylyk we kosmetiki pamyk önümleri sergide öz ornuny tapypdyr. Älemgoşaryň ähli reňklerini özünde jemleýän dürli panbarhat matalary, milli keteni mata, şeýle hem olardan edilen önümler sergä tomaşa etmäge gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär. Şonuň ýaly-da bu ýerde elde dokalan ýüpek halylary, ýüpekçilik pudagynyň esasy çig maly bolan pileler görkezilýär. Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýi bolsa milli nagyşlar bilen bezelen türkmen zenan lybaslarynyň gadymy we häzirki zaman nusgalaryny, gelin-gyzlaryň el işlerinden döredilen milli nagyşlary, şeýle hem sowgatlyk önümleri hödürleýär.
Türkmen dokmaçylarynyň önümleri bilen tanyşanlarynda, sergä gatnaşyjylar türkmen hünärmenleriniň bu pudak we onuň ösüşi barada berýän giňişleýin gürrüňlerini üns bilen diňleýärler. Türkmenistanyň önümçilik toplumlary tarapyndan çykarylýan dürli görnüşli baý dokma önümleri, biziň ýurdumyzyň dokma pudagynyň alyp barýan işi barada giňişleýin düşünje almaga ýörite taýýarlanan wideofilm hem ýardam berdi.
Duşenbede sergi-ýarmarka öz işini 15-nji aprele çenli dowam eder. Onuň işiniň barşynda türkmen we täjik dokmaçylarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we geljegini anyklaşdyrmaga mümkinçilik berjek ikitaraplaýyn işjeň duşuşyklaryň birnäçesiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.