“Ak şäherim - Aşgabat” atly köpugurly halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Ak şäherim -- Aşgabat” atly XII köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmen paýtagtynyň gazanýan üstünliklerine we ösüş mümkinçiliklerine bagyşlanylan däp bolan maslahat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş ugruna gönükdirilen syýasatynyň aýdyň beýanydyr.
Halk hojalyk toplumynyň durmuş ulgamynyň bähbidine ägirt uly serişdeleri sarp edýän Türkmenistan raýatlarymyzyň abadançydygyny we rowaçlagany üpjün etmäge gönükdirilen ykdysadyýeti döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş maksatly wezipeleri çözmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellemelidiris. Ak mermerli paýtagtymyz ýurdumyzyň durmuş- ykdysady kuwwatynyň esasy bölegini özünde jemleýär.
Şunuň bilen birlikde, wekilçilikli we özboluşly serginiň her ýylda geçirilmegi türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularyny we barha gözelleşýän paýtagtyna ählumumy söýgüsini aýdyň beýan edýär. Aşgabat ata Watanymyzyň ýüregidir, ol täze taryhy eýýamyň ýokary ymtylyşlary we döredijilik depgini bilen ösýär. Aşgabat ýurdumyzyň ajaýyp häzirki gününi we röwşen geljegini äşgär beýan edýän şäherdir. Gür baglyga bürenen seýilgähler, altyn gümmezleri bilen şugla saçýan köşkler we köpsanly suw çüwdürimleri, özboluşly binagärligi bilen haýran galdyrýan döwrebap belent jaýlary we desgalary bolan Aşgabat biziň buýsanjymyzdyr we şöhratymyzdyr, şol belent binalaryň we desgalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Başgaça aýdylanda, “ak şäher” diýmek diňe bir ak mermere örtülen şäheri däl, eýsem, “aşyklar şäheriniň” ägirt uly ruhy güýjünden ybaratdyr.
Sergä gatnaşyjylaryň sany ýylsaýyn artýar, olaryň sergide görkezýän zatlary has köpdürlüdir, döwlet kärhanalaryndan we belli bir ugurly pudaklaýyn edaralardan hem, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hususy kärhanalaryndan hem gelip gowuşýan teklipleriň sany artýar. Şu sergä ýurdumyzdan wekilleriň 140-dan gowragy, şol sanda daşary döwletlerden 14-si gatnaşýar. Maslahata uly gyzyklanma bildirilmegi äşgärdir we düşnüklidir. Sebitiň iri işewür we medeni merkeziniň, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkeziniň derejesine eýe bolan Aşgabat döwrebap, depginli ösýän şäheriň özboluşly keşbini özünde jemleýär, şonda ähli işler adamyň eşreti üçin amala aşyrylýar. Bu ýerde gözellik we amatlylyk, binagärligiň öňdebaryjy üstünlikleri, inžener-tehniki pikir we asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli binagärligiň däpleri, şeýle hem türkmenleriň däp bolan durmuşynyň aýratynlyklary sazlaşykly utgaşýar.
Türkmenistanyň paýtagtynyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady we medeni ösüşine ýardam etmek, uly şäheriň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň işini guramagy kämilleşdirmek “Ak şäherim--Aşgabat” atly XII köpugurly halkara serginiň we maslahatyň maksady bolup durýar. Häzirki wagtda Aşgabat ösen we köp görnüşli ykdysadyýete eýedir hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň arasynda maýa goýum taýdan özüne çekijiligi boýunça öňbaşçy bolup durýar. Türkmen paýtagty iri senagat we işewür merkezi bolmak bilen, ýokary bilim we ylym babatda özüniň mümkinçilikleri netijesinde kem-kemden “Intellektual kapitalyň” we innowasion ösüşiň merkezine öwrülýär. Şonuň üçin hem täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň, innowasion taslamalaryň ösdürilmegine, häzirki zaman dolandyryş tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, uzak möhletli geljekde ýaşaýyş jaý-jemagat we energetika hojalygynyň ulgamlaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga, şäher hojalygynyň kärhanalarynyň işiniň energiýa babatda netijeliligini ýokarlandyrmak üçin innowasion taglymlaly ornaşdyrmaga ýardam etmek maslahatyň öňünde durýan wezipelere girýär.
Her ýyl serginiň we maslahatyň guraýjylary bolan Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan hem-de binagärlikden elektrik energetikasyna, önümleri gaýtadan işleýän we ýeňil senagatyna, bezege hem-de şäheriň durmuşyny abadanlaşdyrmak düşünjesine girýän ähli zatlara çenli meseleleriň giň toparyny hödürleýärler. Şolary häzirki wagtda döwrebap tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir.
“Ak şäherim--Aşgabat” atly XII maslahatynda hem şeýle boldy. Onuň açylyş dabarasy mähriban şäherimize özboluşly döredijiligini bagyşlan aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, köpsanly aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara we myhmanlaryna Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, şol Gutlagda milli Liderimiz häzirki serginiň we maslahatyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli ugurlarda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagz etmek, netijeli ylmy-tehniki we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewür gatnaşyklary we özara peýdaly tejribe alyşmagy ösdürmek üçin uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.
döwürde durmuşa geçirýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamamyz Aşgabady dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, şäher hojalygy boýunça ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalara, ýaşaýşyň oňaýly ýagdaýyny saklamaga, tebigatyň goralmagyna, ekologiýa boýunça ählumumy meseleleriň çözülmegine mümkinçilik berýän desgalaryň taslamalary ilkinji nobatda nazarda tutulýar ” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda aýdylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy “Ak şäherim - Aşgabat” atly sergisine gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.
Türkmen paýtagtynyň gazananlarynyň we ösüş mümkinçilikleriniň wekilçilikli gözden geçirilişine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesi, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gollandiýanyň, Sloweniýanyň, Kipriň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň kompaniýalary gatnaşýarlar. Türkmen bazarynda eýýäm özlerini görkezmäge ýetişen kompaniýalar hem, uzakmöhletleýin esasda işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň geljekki hyzmatdaşlary hem bu ýerde hyzmatdaşlyk boýunça özleriniň mümkinçiliklerini hem-de tekliplerini hödürleýärler. Sergä milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň telekeçileri hem işjeň gatnaşýarlar. Mysal üsin, kompaniýalaryň, firmalaryň 50-ä golaýy – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu ýerde öz işiniň dürli ugurlaryny görkezýärler.
geçirilen ýyllarynyň dowamynda önuň öz taryhynyň peýda bolandygy bellärliklidir. Şol taryh boýunça türkmen paýtagtynyň ösüşiniň tapgyrlary bilen tanyşmak, ýurdumyzyň baş şäheriniň ýyl-ýyldan mümkinçilikleriniň artýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şu sergi hem paýtagtymyzyň häzirki wagtda okgunly ösýändiginiň aýdyň beýany bolmak bilen, uly şäheriň durmuşynyň ähli ugarlaryny – şäher düzümini döwrebaplaşdyrmakdan başlap, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlaryny ösdürmäge çenli dürli ugurlary öz içine alýar. Aşgabat sergisiniň köpugurlylygy ähli zatda aýdyň görünýär. Ony dürli ýurtlaryň wekilçilik etmeginde hem, işjeň teklipleriň köpdürlüliginde hem görmek bolýar. Sergi merkeziniň pawilonlary abadanlaşdyrmagyň we şähergurluşygynyň, şäheriň ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, söwda hem-de hyzmatlar ulagamlaryny ösdürmegiň geljekki meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär.
Bu ýerde ulag düzüminiň desgalaryny gurmak, şähergurluşygy, binagärlik, energiýa üpjünçiligi, telekommunikasiýalar we aragatnaşyk hyzmatlary, azyk we gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak, saglygy goraýşy ösdürmek hem-de daşky gurşawy goramak, daş-töweregi bagy-bossanlyga büremek we bezeg işlerini ýerine ýetirmek, suw we ýylylyk üpjünçiligi bilen meşgullanýan, şeýle hem halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýän kärhanalar öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezýärler. Sergi merkeziniň açyk meýdançalarynda paýtagtymyzyň şäher hojalygynda giňden ulanylýan, esasy önüm öndürijileriň dürli gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň nusgalary ýerleşdirilipdir.
Sergä gatnaşýanlaryň arasynda gurluşyk we gurluşyk materiallaryny öndürýän ulgamlara wekilçilik edýänleriň köp bolmagy öz-özünden düşnüklidir. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk pudagy okgunly ösdürilýär. Sergide görkezilen zatlaryň esasy bölegi paýtagtymyzyň häkimligi we Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi tarapyndan Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde hödürlenildi.
üçin, Sergi köşgüniň aşaky gatynda ýerleşdirilen ekspozisiýalaryň esasy bölegini “Polimeks” türk kompaniýasy eýeleýär. Ägirt uly pannolarda, monitorlarda, şeýle hem giň möçberli maketlerde kompaniýanyň türkmen paýtagtynda guran täsin binalary, şeýle hem durmuşa geçirýän iri taslamalary görkezilýär. Şol taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzili hem-de Olimpiýa şäherçesiniň binalar toplumy bar.
Sergä gatnaşýanlary arasynda gurluşyk bilen meşgullanýan hem-de ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän ygtybarly hyzmatdaşlaryň – “Buig Türkmen” we “VINСI Сonstruсtion Grands Projets” fransuz kompaniýalarynyň, Türkiýäniň köpsanly gurluşyk kompaniýalarynyň, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň şahamçasynyň (Ukraina) we “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň (Russiýa), şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kärhanalarynyň hem gatnaşýandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda olar paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwlet buýrmasy boýunça giň möçberli işleri amala aşyrýarlar.
Ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň we ulag edaralarynyň ekspozisiýalary paýtagtymyzyň ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýollary barada gürrüň berýärler. Aşgabatda geçirilýän sergä gatnaşýanlaryň arasynda elektrik energetikasy we telemetriýa ulgamyna wekilçilik edýän, Türkmenistanda geljegi uly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýän “Baltiýskaýa russkaýa energetiçeskaýa kompaniýa” şereketi, elektrotehniki enjamlary iberýän “Tema Mýuhendislik ЛТД. ШТИ” türk kompaniýasy, Energostroýeksport kompaniýalar topary, şeýle hem hemra telewizion enjamlary işläp taýýarlamakda we öndürmekde ýöriteleşdirilen “Triaх A/S Denmark” (BAE) kompaniýasy hem bar.
Sergä yzygiderli gatnaşýanlaryň hatarynda “Simens” german kompaniýasyny, ýolagçy gatnadýan, ýük daşaýan we ýörite tehnikalary iberýän “Ýarаw” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyny, Ýaponiýanyň “Komasu” we “Itoçu” kompaniýalarynyň hyzmat ediş merkezlerini görkezmek bolar.
Geljegi uly türkmen bazarynda berk ornaşmak üçin sergide ilkinji gezek öz mümkinçiliklerini görkezýänleriň arasynda Owadandepedäki aýna kombinatyny gurmak boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny etmek baradaky bäsleşige gatnaşan “Edison tehnolojis” german kompaniýasy, ýylylygy we sesi saklaýan materiallary öndürýän “Fakel” açyk paýdarlar jemgyýeti (Gyrgyzystan), “Kýutek” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti - telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän we olara hyzmat edýän rus kompaniýasy bar. “Torgowaýa kompaniýa “Tasma” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti – Kazandan gelen hem-de radiografiki gözegçilik üçin önümleri, aerofotoplýonkalary, lukmançylyk we beýleki tehniki plýonkalary öndürýän kärhana we dürli görnüşli ýuwujy serişdeleri çykarýan “Silk Route Beautu Produсts” kompaniýasy (BAE) hem Aşgabatdaky sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Türkmenistanda dynç alyş ulgamynyň işjeň ösdürilýändigini, baýramçylyklaryň hem-de iri sport ýaryşlarynyň yzygiderli gurulýandygyny nazara almak bilen, Sloweniýadan gelen “KSL Studio” kompaniýasy hem ilkinji gezek öz tekliplerini hödürleýär. Iri möçberli çäreleri ses we yşyk bilen bezemek babatda bu kompaniýanyň uly tejribesi bardyr.
syýahatçylyk, mahabat we neşirýat işi bilen meşgullanýan kompaniýalarynyň bölümleriniň hem bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretjekdigi şühbesizdir. Öýleriň içki bezegleri, durmuş tehnikasyny ulanmak, şeýle hem şäher bezegi babatda öňe sürülýän teklipler köpdürlidir. Däp bolşy ýaly, sergide dokma pudagynyň önümleri, şeýle hem haly önümleri we özboluşly milli sowgatlyklar hödürlenilýär.
Döwlet we köpsanly hususy kärhanalaryň tekjelerinde bolsa paýtagtymyzyň bazarlaryndaky hem-de söwda kärhanalaryndaky azyk bolçulygy öz beýanyny tapýar. Şol tekjeler dürli görnüşli we tagamly azyk önümlerinden doldurylypdyr.
bäsdeşlik hem-de ýokary tehnologiýalara aýratyn üns berilmegi serginiň tapawutly taraplarynyň biridir. Dünýädäki ýagdaýa laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa ulgamlara hem-de şäher hojalygynda ulanylýan energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklary üçin kämil enjamlar bilen baglanyşykly taslamalara aýratyn üns berlipdir. Şol taslamalar bolsa, amatly ýagdaýy saklamaga hem-de tebigaty goramaga, düýpli ekologiýa meselelerini çözmäge öz goşandyny goşmaga ýardam edýär.
Güniň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda türkmen paýtagtynyň ösüşine bagyşlanan ХII köpugurly halkara sergisiniň çäklerinde “Ak şäherim - Aşgabat” atly halkara maslahaty öz işine başlady. Maslahata biziň ýurdumyzyň dürli edaralarynyň we pudaklarynyň, hususy telekeçiligiň wekilleri, şeýle hem Russiýanyň, Gazagystanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň we Belarusyň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşýarlar. Maslahatyň umumy mejlisiniň öň ýanynda ak mermerli türkmen paýtagtyna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Döwrebap Aşgabat şäherinde raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen paýtagtynda myhmanlar gujak açyp garşylanýar, bu ýerde iri halkara maslahatlary we işewür duşuşyklary, köp öwüşginli baýramçylyk dabaralary hem-de giň möçberli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.
ýygnananlaryň dykgatyna häzirki zaman tehnologiýalary jähtinden hem-de dünýäniň şähergurluşyk tejribesini nazara almak bilen Aşgabadyň binagärliginiň esasy ugurlaryna, şäheriň senagat, ulag we energetika düzümini ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan çykyşlar we habarlar hödürlenildi. Maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda gurluşygyň innowasion usullary, ýerli çig maldan taýýarlanan häzirki zaman gurluşyk materiallaryny ulanmak, uly şäherde amatly ýagdaýy üpjün etmek, durmuş ulgamyny ösdürmek, şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, söwda we hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde hususy kärhanalaryň orny ýaly möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.
ençemesi gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ulanmaga, şol sanda gurulýan desgalaryň ygtybarlylygyny we berkligini üpjün etmäge, ekologiýa hem-de seýsmiki howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmäge bagyşlandy.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň çäklerinde pudaklaýyn hyzmatdaşlygy we tutuş halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny we mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam edýän işewür duşuşyklary hem-de tanyşdyryş dabaralaryny geçirmegiň wajypdygyny bellediler.
Ertir “Ak şäherim - Aşgabat” atly ХII köpugurly halkara sergisi we maslahaty öz işini dowam eder.