Ï Daglyk ýerlerde üzümi nädip ýetişdirmeli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daglyk ýerlerde üzümi nädip ýetişdirmeli

view-icon 1105
Günorta-Günbatar Köpetdagda badam we üzüm oňat ösüp ýetişýärler. Özi hem daglyk ýerler we onuň çylşyrymly relýefi ýerli ýaşaýjylary çekindirmeýär. Olar topragy we suwy ýerlikli peýdalanmakda täze usullary oýlap tapýarlar.

Ýkynda bu ýerde bolan biologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Zwerewiň belleýşi ýaly, daglyk sebitlerinde ýerleşýän Könegümmez obasynyň fermerleri daglyk ýerlerde badamyň, naryň we üzümiň ösdürip ýetişdirilişiniň netijeli usulyny işläp taýýarladylar.


Bagmanlar üzüm ekilýän meýdany dag eňňitlwriniň aşak başyndan taýýarlap başlaýaralr, onuň ugry boýynça suwaryş joýasyny çekýärler, ir baharda geljekki üzüm meýdanynyň hatarlap üzüm ekiljek çukurlaryny gazýarlar. Haçan-da nahallar berkände, onuň bir ösntgisini düýbüni emele getirmek üçin goýýarlar. Üzüm nahallarynyň beýleki has güýçlilerini we uzynlaryny ýörite gazylan çukura ekýärler. Ekilen nahaly bütewi kňk ulgamyny emele getirtmek üçin tiz suwarýarlar. Indiki ýyl indiki hatar üçin nahal ekiljek çukurlar gazylýa. Bularyň ählisi şu ýagdaýda gaýtalanyp durýar.

Dag eňňitlerinde ňsýän üzüme suw ýetmedik halatynda ol baýyrlygyň aşaky ýerlerindäki suw bilen suwaryp bolýar. Tejribäniň görkezişi ýaly, üzüm nahallarynyň 12-15 hataryny ekmäge mümkinçilik bar. Eňňidiň ýokarsyna suw bermeli bolan ýagdaýynda ýokarda belläp geçen tehnologiýamyz boýunça, bu ýerde ýene-de 10-12 hatary ösdürip ýetişdirmek boljak.

Halk gidrotehnikasyndan hem-de suwy tygşytly peýdalanamakdan ýene-de bir mysal. Dag ýerlerinde öýler eňňitlerde ýa-da baýyrlaryň depesinde gurulýar. Bu ýerlerde öýleri gurmak üçin ilki ol ýerler tekizlenýär. Onuň töwereginde ýerleşýän gumly toprak we ýer özleşdirmekde oňaýly bolmadyk dag jynslarynyň bölekleri gurşap alýar. Ýöne ýerli halk ýaşaýan ýerleriniň töwereginde bag nahallarynyň oňat hilli ösdürip ýetişdirýärler, naryň we süýji badamyň medeni görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

Badam gurak howa şertlerine çydamly bolup, onuň üçin indiki ýyla çenli güýz ýagyşlary doly ýeterlik bolýar. Bagbanlar tebigy ýagyş suwlary zerarly jaýlaryň we hojalyga degişli beýleki jaýlardan ýygnan suwi bir ýere jemläp, topragyň gyşky suwarymyny üpjün etmäge synanyşdylar. Dag eňňitlerinde jaýlaryň üçekleri bilen deň hatarda nahal ekiljek çukurlar gazylaýar. Olarda küşt tagtasy görnüşinde badam we nar ekilýär. Jaýlaryň üçeklerinde ternawlar bolup, ýagyn ýagýan wagtyndaky suw bir ýere toplanyp, bag nahallarynyň ekilen ýerlerine gönükdirlýar.

Ýylda adty ýagýan 300-400 mm ýagyn türkmen subtropikleriniň şertlerine laýyk gelýär. Jaý üçeginiň bir inedördül metrinden ýagyn güýçli ýagan ýagdaýynda 300 litr töweregi suw ýygnap bolýar. Diýmek 75 inedördül metrden ýylda 25 tonna suw ýygnamaga mümkinçilik bar. Ine, bagbanlar bu örän möhüm çäräni şeýle edip çözmegi başarypdyrlar.