Nobatdaky gezek türkmen paýtagty dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň jemlenýän ýerine öwrüldi. Şu gün Sergi köşgünde IV halkara Gaz kongresi we oňa gabatlanan pudaklaýyn sergi öz işine başlady. Bu ýöriteleşdirilen forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.
Şu wekilçilikli forumyň dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana gyzyklanmasynyň has-da artan wagtynda geçirilýändiginiň aýratyn manysy bardyr. Ozal habar berlişi ýaly, 17-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldaw bermeginde energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmegi boýunça Rezolýusiýa kabul edildi. Bu Rezolýusiýa energiýa serişdeleriniň turbageçirijiler arkaly we ýangyjy ibermegiň beýleki ulgamlaryny ulanmak bilen ygtybarly iberilmegini üpjün etmek işinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Halkara kongrese gatnaşmak üçin dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýaponiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, GDA ýurtlarynyň, Ýaponiýanyň we beýlekileriň 150-den gowrak kompaniýasy özleriniň 500 wekilini ugratdylar. Kongrese gatnaşýanlaryň arasynda hökümet guramlaryň, iri nebitgaz düzümleriniň, dünýäniň esasy habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem bar. Bularyň ählisi dünýäniň işewür toparlarynyň energetika döwletiniň derejesine eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ägirt uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň subutnamasydyr.
IV halkara Gaz kongresiniň işiniň öňüsyrasynda oňa gabatlanylyp pudaklaýyn sergi geçirildi. Onuň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, nebitgaz toplumynyň hünärmenleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň IV halkara Gaz kongresine we sergä gatnaşyjylara Gutlagyny üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda bu forumyň Türkmenistanyň alyp barýan nebitgaz syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ýakyn geljekde ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de dünýäniň energetika ulgamy bilen gatnaşyk saklamagyň ýolunda anyk ädimleri ädýändigini görkezmelidigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary onuň işiniň başlanmagy bilen gutlap, ýurdumyzda uglewodorod baýlyklaryny gözlemekde, çykarmakda, tebigy gazyň gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyrmakda, gazhimiýa senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işlere şu kongresiň oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu halkara Gaz kongresi we sergisi tejribe alyşmak üçin peýdaly bolar, biziň mümkinçiliklerimiz barada garaýyşlary aýdyňlaşdyrar we ýurdumyzyň gaz senagatyna täze maýa goýumlaryny çekmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgilerine çykmaga badalga berip, özara bähbitli gatnaşyklara giň ýol açar.
Sergi köşgünde üç günüň dowamynda esasy nebitgaz we hyzmat edýän kompaniýalaryň hem-de kärhanalaryň ençemesi özleriniň önümlerini we hyzmatlaryny hödürlärler. Russiýadan, HHR-den, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Awstriýadan, Polşadan, Italiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan kompaniýalaryň 45-si Sergi köşgünde öz pawilonlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olaryň hatarynda “Itera”, “Globus”, Ker Holding (Russiýa), CNPC (Hytaý), Chevron, Exxon Mobil, Halliburton, Weatherford (ABŞ), RWE (Germaniýa), WOMA GMBH (Awstriýa) , Pietro Fiorentini (Italiýa) , Dragon Oil britan-arap kompaniýasy, Petrofac (BAE), Schlumberger (Fransiýa), Sojitz, Komatsu (Ýaponiýa) , Hyundai (Koreýa), Wellguip (Finlýandiýa) kompaniýalary bar. Olar indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Sergä gatnaşýanlaryň arasynda geljegi uly türkmen bazaryna indi ýol açýan kompaniýalar hem bar.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň diwarlyklary bu ýere gelenlerde, ilkinji nobatda, daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, türkmen nebithimiýasynyň öňdebaryjysy, sebitde iň döwrebap we iri kärhana bolup durýan, garaşsyz hem bitarap Türkmenistanyň haýran galdyryjy üstünlikleriniň we ägirt uly mümkinçilikleriniň aýdyň nyşany bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, şeýle hem “Türkmengeologogiýa” döwlet korporasiýasy, pudaklaýyn ministrlikler hem-de konsernler we beýlekiler ýatdan çykmajak täsir galdyrýan ekspozisiýalary taýýarladylar.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň görkezýän zatlary iň soňky gazanylanlar we tehnologiýalar, şol sanda uly gaz gatlaklaryny ýüze çykarmak, tebigy gazy çykarmak, arassalamak, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, turba geçirijileri barlamak, ýangyç serişdelerini ibermek, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak baradaky tehnologiýalar, şeýle hem nebit we gaz guýularynyň netijelliligini ýokarlandyrýan tehnologiýalar, dürli ölçeýji enjamlar, şu ulgamda giňden ulanylýan turba we beýleki köp sanly önümler bilen tanyşdyrýar. Sergi köşgüniň töweregindäki ýörite meýdançalarda ýöriteleşdirilen tehnikalar ýerleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, deňhukuklyk we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda guralýan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli uzakmöhletleýin maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan şeýle derejedäki halkara duşuşyklary netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly ýollaryny gözlemekde möhüm orun eýeleýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara enjamlary ibermek, häzirki zaman tehnologiýalary we hyzmatlar ulgamlarynda öz hyzmatlaryny teklip etmek bilen birlikde, türkmen kärdeşleri bilen göni gepleşikleri geçirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şol gepleşikler Türkmenistanyň baý ýangyç-energetika serişdelerini netijeli özleşdirmäge we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara badalga berip biler.
Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda IV halkara Gaz kongresiniň açylyş dabarasy boldy. Onuň işiniň öňüsyrasynda "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegine bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi.
Ýörite mejlis tamamlanandan soň, şu meselä bagyşlanyp, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin duşuşyk geçirildi.
Şonda ählumumy derejede energetiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara guralyny döretmegiň möhümdigi baradaky başlangyjyň 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlendigi bellenildi. 2008-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyňi Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi şu ugurdaky möhüm ädime öwrüldi. Hakykatyna garanyňda bu rezolýusiýa şu mesedäniň halkara derejesinde giňden ara alnyp maslahatlaşylmagyna badalga berdi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça BMG-niň bu rezolýusiýasy energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyna degişli oý-pikiri durmuşa geçirmekde täze tapgyra öwrüldi, şunda Türkmenistan täze başlangyjy öňe sürýän hökmünde çykyş edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň hasap boýunça ikinji rezolýusiýasy energiýa serişdelerini geçirmegiň meseleleri boýunça giň halkara gepleşigini dünýä bileleşiginiň yzygiderli we belli bir kada getirilýän häsiýetde kabul edýändigine şaýatlyk edýär. 2008-nji ýylda BMG-niň agzalary bolup durýan ýurtlaryň 57-si onuň bilelikdäki awtorlary hökmünde çykyş eden bolsa, häzirki wagtda olaryň sanynyň has-da artyp, eýýäm 71 döwlete ýetmegi Türkmenistanyň şu ugurdaky garaýyşlaryna we çemeleşmelerine dünýäde has giňden düşünilýändigini we oňlanylýandygyny aýdyň görkezýär.
Ýörite duşuşygyň barşynda rezolýusiýanyň möhüm ähmiýetli jähetlerine aýratyn üns berildi. Onuň energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyk etmek baradaky başlangyç babatda täze, hemmetaraplaýyn resminamany taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň döredilmegini we onuň hereket etmegini esaslandyrýandygy bellenildi. Hususan-da, rezolýusiýadan görnüşi ýaly, BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň 2014-nji ýylyň başynda şol mesele boýunça bilermenleriň halkara maslahatynyň çagyrylmagy baradaky teklibini oňlaýar.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda halkara bilermenler toparyny döretmek baradaky teklip Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan abraýly halkara forumlarynyň münberlerinden öňe sürüldi. Häzirki wagtda bu teklip anyk häsiýete eýe bolýar, çünki bu hemmetaraplaýyn halkara-hukuk resminamany BMG-niň derejesinde taýýarlamak ugrundaky iş yzygiderli ýagdaýda institusional görnüşlere eýe bolýar.
Rezolýusiýanyň möhüm kadalarynyň birine laýyklykda, BMG-niň Baş sekretary agza döwletleriň we BMG-niň degişli düzümleriniň, şol sanda sebitdäki toparlaryň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, şeýle hem halkara hyzmatdalygynyň oňlanýan görnüşlerine degişli meseleler boýunça oý-pikirlerini aýtmagy sorap biler. Şol pikirler Sekretariatyň umumylaşdyrylan çykyşy görnüşinde Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň garamagyna hödürlener. Bu bent BMG-niň gün tertibine ählumumy ähmiýetli täze, aýratyn ugruň goşulýandygyny we onuň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bu Guramanyň agza döwletleriniň onlarçasynyň çekilýändigini aňladýar.
Kabul edilen resminamanyň ähmiýeti barada aýdylanda, Türkmenistanyň oňa dünýäniň energetiki giňişliginde hyzmatdaşlara we özara arkalaşykly hereket edilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda döwletleriň çemeleşmelerini we garaýyşlaryny has-da ýakynlaşdyrýan örän çynlakaý ädim hökmünde garaýandygy bellenildi. Rezoýusiýanyň biragyzdan goldanylmagy bolsa energetika degişli meseleler boýunça netijeli we täsirli gepleşik babatda gyzyklanma bildirýän ähli döwletleriň umumy üstünligi bolup durýar. Şol rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen, şu gepleşik maksatlaryň beýan edilýän tapgyryndan anyk ädimleriň tapgyryna geçýär.
Başlangyjy amala aşyrmagyň esasy ugurlaryny, hususan-da, hukuk, institusional we maglumatlar bilen bagly ugurlary, rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini, şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýa edilmegini we türkmen ýangyjynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini ýörite duşuşygyň barşynda beýan edilen esasy meseleler hökmünde görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň garamagynda täze düzümi -- Energetika geňeşini döretmek baradaky başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ädime öwrüljekdigi bellenildi. Türkmen tarapynyň pikirine görä, hut şol geňeş energetika howpsuzlygy boýunça täze konwensiýalaryň, şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň monitoringini amala aşyrmagy ugur edinýän guramanyň wezipesini berjaý edip biler. Türkmen Lideriniň şu teklibi örän täsirli we täze ädim bolup durýar.
Kabul edilen rezolýustiýa bilen baglylykda Türkmenistanyň we BMG-niň hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada aýdylanda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ähli başlangyçlarynyň sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilendigi nygtaldy. Energetika ulgamy we şu ugur boýunça ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada aýdanyňda, hut Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan we amaly nukdaýnazardan ýerine ýetirilip bilinjek anyk teklipleri öňe sürmek boýunça işiniň amala aşyrylmagy netijesinde häzirki wagtda eýýäm BMG-niň ulgamyndaky çynlakaý we köp derejeli gepleşigi aýratynlykda görkezmek gerek. Hususan-da, geçen ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýro şäherinde BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio +20” maslahatynda türkmen Lideri tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň munuň subutnamasy bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek ýaly netijeli we tutuş dünýä bileleşiginde oňyn seslenme döreden teklibiň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. Ýer ýüzünde howanyň üýtgemeginiň köp sanly ýagdaýlar bilen bagladygy hemmelere bellidir, ählumumy energetikanyň daşky gurşawa öz täsirini ýetirmegi şonuň ýaly ýagdaýlaryň biridir. Şu düzüm şol ýagdaý bilen baglylykda ýüze çykýan meseleleri çözmek bilen meşgullanmalydyr. Şu meselä ekologiýa bilen baglylykda garanyňda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze ugur döreýär.
Ýörite duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýa edilmegine we türkmen energşiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna çykarylmagyna degişli mesele barada durup geçip, Türkmenistanyň milli energetika strategiýasynyň diňe bir türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin köpugurly ýangyç geçiriji ulgamyň döredilmegini däl-de, ilkinji nobatda Türkmenistanyň öz çäginde köp ugurly we netijeli hereket edýän energetika ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny bellediler.
Ýörite duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly durnukly we üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly rezolýusiýanyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň hakykatdan-da taryhy waka öwrülendigini hem-de Milletler Bileleşiginiň agzalary bolup durýan ähli döwletleriň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky başlangyjy hemmetaraplaýyn oňlaýandygyny we ony iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda Türkmenistan bilen gyzyklanma bildirip işlemäge taýýardygyny aýdyň görkezendigini bullediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Rezolýusiýa BMG-niň Halkara bilermenler toparynyň döredilmegine we işlemegine badalga berdi. Bu toparyň esasy maksady ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara hukuk guralyny işläp taýýarlamakdan ybarat bolar.
Şu gün bolan ýörite duşuşygyň mowzugy şu Kongresiň birinji gününiň gün tertibiniň hem derwaýysdygyny nygtady. Ol dünýä gaz bazarynyň we Türkmenistanyň ondaky ornunyň synyna bagyşlandy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary forumyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen hünärmenleri geljekki hyzmatdaşlary ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň işi bilen tanyşdyrdylar we bar bolan kuwwatyň hem-de pudagy ösdürmegiň ähli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasynda ýurdumyzyň milli energetika ulgamyna täze maýa goýumlaryny çekmek babatdaky strategiýasy we ugry barada gürrüň berdiler. Şol ugurlaryň hatarynda bolsa ýataklary gözlemek, gazy gaýtadan işlemek, hyzmatlary etmek, döwrebap önümçilik we gaztransport düzümini döretmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek çäreleri hem bar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýet häzirki zaman dünýäsinde ýapyk görnüşde hereket etmän, dünýäniň ykdysady ulgamynyň bir bölegi bolup durýar we umumydünýä ösüşine anyk goşandyny goşýar. Türkmenistan dünýä ykdysadyýetine işjeň gatnaşýar we ykdysady, durmuş hem-de syýasy babatda dürli ugurly halkara başlangyçlaryny öňe sürýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýetniň dünýä ykdysady ulgamyna netijeli goşulyşmagy üçin biziň ýurdumyz önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, ulag we kommunikasiýa ýollaryny ösdürmek, ýokary hilli bazar düzümini, ykdysady we hukuk kepilliklerini hem-de uly möçberli maýalaryny çekmek üçin şertleri döretmek ugruna eýerýär.
Şunuň bilen baglylykda, forumda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözleri mysal getirildi. Döwlet Baştutanymyz ägirt uly energetika serişdelerine eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda öz halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryny netijeli peýdalanmak bilen çäklenmän, olary bütin adamzadyň bähbitlerine ulanmak üçin gönükdirmegi göz öňünde tutýar diýip, ençeme gezek nygtady.
Biziň ýurdumyzyň ýangyç çig malyny gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamynda, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin iri düzümleýin desgalary gurmakda iň täze tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlygynyň berkemegi bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär.
Daşary ýurt maýalaryny we tehnologiýalary çekmek üçin Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin beýleki zerur şertleriň ählisi döredildi. Soňky döwürde ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň esasy kompaniýalarynyň köpüsiniň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly isleg bildirýändigi tötänden däldir.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda energiýa çeşmeleriniň hem-de olary ibermegiň serişdeleriniň ygtybarly we elýeterli bolmagynyň meselelerine hem deglip geçildi. Munuň özi ählumumy häsiýete eýe bolup, dünýädäki umumy ýagdaýa, halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetine we ugruna, ol ýa-da beýleki döwletleriň hem-de sebitleriň ösüşe goşulyşmagynyň derejesine ýetirýän täsirini artdyrýar. Bellenilişi ýaly, bar bolan töwekgelçiliklere, şol sanda dünýäniň aýry-aýry sebitlerindäki syýasy durnuksyzlyga, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli halkara gurallarynyň ýokdugyna, käbir ýurtlaryň ykdysady ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyna garamazdan, geljekde tebigy gaza bolan isleg has-da artar. Aýry-aýry döwletleriň, şol sanda Ýewropadaky ýurtlaryň atom stansiýalarynyň energiýasyndan peýdalanmakdan el çekmegi bu ýagdaýyň şertleriniň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda tebigy gazyň dünýäniň ýangyç-energetika ulgamyndaky paýynyň uly däldigine (30 göterimden gowrak) garamazdan, onuň ýylda sarp edilýän möçberiniň ösüş depgini energiýa serişdeleriniň beýleki görnüşlerinden has öňe geçýär. Çünki, tebigy gaz, beýleki uglewodorod serişdelerinden tapawutlylykda, ekologik taýdan arassa ýangyç bolmak bilen, organiki sintez üçin hem örän oňat çig maldyr. Dünýä bazaryndaky ýagdaýy nazara almak bilen, bu ýangyja bolan islegiň yzygiderli artjakdygyny ynamly aýtmak bolar. Halkara bilermenleriniň pikirine görä, 2030-njy ýyla çenli gazylyp alynýan ýangyçlaryň arasynda gaz has çalt, ýylda 2,1 göterim, nebit bolsa 0,7 göterim öser. Bu sanlar dünýäde energiýanyň sarp edilişinde gazyň paýynyň artjakdygyna, degişlilikde, ony çykarmakda, gaýtadan işlemekde hem-de alyjylara ýetirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ösjekdigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, ýangyç serişdeleriniň ýataklaryny özleşirmek we bu ulgamda bilelikdäki halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin iri maýa goýum serişdelerini hem-de häzirkii zaman tehnologiýalaryny çekmek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Munuň üçin bolsa bizde ähli şertler döredildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli çäginiň, şol sanda Hazar deňziniň ýalpaklygynyň täze ýangyç ýataklaryny gözlemek nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýändigi hemmämize mälimdir. Şoňa görä-de, eýýäm ýataklaryň geologiki gurluşynyň geofiziki barlaglarynyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly nebit we gaz düzümlerini ýüze çykarmak, olary gözleg-barlag buraw işleri üçin taýýarlamak, soňra nebit we gaz serişdeleriniň mümkinçiliklerine baha bermek we olary senagat gorlarynyň hataryna goşmak boýunça işler alnyp barylýar.
Kongresde çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, geologiýa-gözleg we burawlamak işleriniň gerimini giňeltmek, nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny berkitmek işleri dowam etdirilýär. Bu ugurda dünýäniň esasy önüm öndürijileri we nebitgaz enjamlaryny iberijiler bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody hem öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrýarlar.
Ýokarda aýdylanlary nazara almak bilen, türkmen tarapynyň dünýäniň esasy kompaniýalary bilen nebitgaz ulgamynda giň möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatdaky teklipleri beýan edildi. Munuň üçin biziň ýurdumyzda döredilen şertler, has takygy amatly maýa goýum ýagdaýy, deňi-taýy bolmadyk salgyt ýeňillikleri we beýlekiler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýangyç çykarýan we gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge maýa serişdelerini çekmek üçin ajaýyp şertlerdir.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň, Halkara gaz birleşiginiň, aýry-aýry ýurtlaryň energetika minsitrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, dünýäniň esasy kompaniýalarynyň wekilleri energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, öz çykyşlarynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň energetika bazarynda ynamly öňe çykýandygyny nygtadylar.
Umuman, IV halkara Gaz kongresiniň we oňa gabatlanyp gurlan pudaklaýyn serginiň işiniň birinji gününiň çäklerinde ägirt uly energiýa serişdelerine eýe bolan türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygy, şeýle hem daşary ýurtly işewürler üçin bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň ýangyç-energetika tolplumynyň we geljekki daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda täze netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder. Ara alyp maslahatlaşmalar işjeň we oňyn häsiýete eýe boldy. Foruma gatnaşyjylaryň umumy baha bermegine görä, munuň özi duşuşygyň örän gyzykly we peýdaly bolmagyna ýardam berýär.
Ertir halkara Gaz kongresi we sergi öz işini dowam etdirer.