Ï Türkmenistanyň Prezidenti geljek birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini nygtady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti geljegiň birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini nygtady

view-icon 4973
Türkmenistanyň Prezidenti geljegiň birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini nygtady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde «Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir» – diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle-de ulag meseleleri bütin dünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidigine aýratyn üns çekdi. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir.