Ï Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi

view-icon 5371

Şu gün ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ermenistanyň Türkmenistana gelen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Söwda-senagat edarasynda guralan mejlise gatnaşyjylar möhüm ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri özünde jemleýän döwletara gatnaşyklaryň özara ynanyşmaga esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Däp bolan dostlukly türkmen-ermeni gatnaşyklaryny ösdürmek üçin şu ýyllaryň dowamynda ýola goýlan ýokary derejedäki gepleşikler ygtybarly binýady döredýär. Şol gepleşikleriň çäklerinde ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary kesgitlenilýär. Taraplar ozal geçirilen mejlisleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet maksatnamalarynyň many-mazmuny, dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri hem-de üstünlikleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, milli ykdysadyýetimizi batly depginlerde diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak boýunça geçirilýän netijeli çäreler baý tebigy serişdeler we ägirt uly ykdysady kuwwaty, eksport mümkinçilikleri bolan iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmekde amatly şertleri döredýär.

Mejlise gatnaşyjylar taraplaryň uzak möhletlilik, ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, hyzmatdaşlygy mümkinçiligi has uly ugurlarda mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we anyk çäreleri kesgitlediler. Türkmenistan we Ermenistan amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm maksatlaryna doly laýyk gelýän köpugurly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berýär.

Söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi. Şunda häzirki zaman şertlerinde bu ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ählumumy ösüşiň we abadançylygyň aýrylmaz şerti hökmünde garalýar. Şeýle-de oba hojalygy, gurluşyk we binagärlik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Ynsanperwer ulgamyň türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň üýtgewsiz ugry bolup durýandygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda, şol sanda kinematografiýa boýunça has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň şu gezekki mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň iki dostlukly ýurduň we halkyň bähbidine ösdürilýän, däp bolan gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.