mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary barada aýtdy

view-icon 2917
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary barada aýtdy

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy. Bu barada Türkmensitanyň Prezidenti Döwlet maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, hut şu ýylyň özünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň umumy mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda birnäçe resminamalar kabul edildi. Şeýle-de şu ýylda Türkmenistan BMG-niň Halkara Söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022–2028-nji ýyllar döwür üçin saýlandy. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna «goşulýan ýurduň» derejesini almagy ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.

«Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sentýabr aýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisi geçirilýär. Bu mejlisde ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýik maksatlara bagyşlanyp, bu gatnaşyklarda döwrümiziň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga çagyryş bar», – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

«Türkmenistan bu işleri üstünlikli dowam etmegi maksat edinýär. Köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklarynyň umumy hereketleriň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri hasaplaýar. Şunuň bilen, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny öňe sürmek bilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýermek bilen, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňüne tutýar», – diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn üns çekdi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplandygyny nygtady.