Ï Täze jaýlaryň toý şatlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze jaýlaryň toý şatlygy

view-icon 5477
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy
Täze jaýlaryň toý şatlygy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan dürli täsirli dabaralardyr Balkan welaýatynda hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda her biri 32 hojalyga niýetlenip täze gurlan, ähli amatlyklary bolan dört gatly täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisiniň ulanylmaga berilmegi şeýle şanly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna berlen täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy baý mazmuna, aýratyn ähmiýete beslendi. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary eziz Watanymyzda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk toýumyz hem-de Baş baýramymyzyň şanyna ulanylmaga berilýän binalaryň açylyş dabarasy bilen mähirli mübäreklediler. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri bolan bagtyýar maşgalalara bolsa täze rowaçlyklaryň hemişe ýar bolmagyny arzuw etdiler. Olara täze öýleriň açarlarynyň uly şatlyk-şowhun bilen gowşurylmagy hem ýatdan çykmajak buýsançly waka, taryhy ähmiýetli özboluşly senä öwrüldi.

Binalaryň gurluşygyny “Bekrewe” hususy kärhanasynyň binagärleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler. Daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylyp gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde çagalaryň oýun meýdançasy, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin sport meýdançasy hem bar.

Uludan tutulan toý dabarasynda welaýatyň aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary alyslara ýaň saldy. Şeýle-de baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar dürli sergilere, teatrlaşdyrylan çykyşlara, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça geçirilen çekeleşikli ýaryşlara höwes bilen tomaşa etdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylar täze açylan ýaşaýyş jaýlarynyň öýlerine aýlanyp gördüler, döredilen döwrebap şertler bilen içgin tanyşdylar. Welaýat merkeziniň gözelligine gözellik goşan täze ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy Baş baýramymyzyň hormatyna bagyşlanan çärelere özboluşly bezeg berdi.