Ï Ildeşlerimiz ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ildeşlerimiz ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdylar

view-icon 2475
Ildeşlerimiz ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdylar
Ildeşlerimiz ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdylar
Ildeşlerimiz ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdylar
Ildeşlerimiz ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdylar

Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri Leýli Ýagşyýewa we Döwran Şammyýew ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça Stambulda geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar.

Maslahat BMG-niň Ösüş makasatnamasynyň Stambulda ýerleşýän sebitleýin edarasy tarapyndan guraldy. Ol Ýewropa we GDA ýurtlaryndan 40-dan gowrak ýaşlary bir ýere jemlemek bilen, olara ekologik işjeňlik pudagy boýunça tejribe we bilim alyş-çalşygy, daşky gurşawyň goragy hem-de howanyň üýtgemegi bilen göreş babatynda ýaşlaryň özara sebitleýin işleşmeklerini güýçlendirmek üçin itergi berdi.

Bu çärede ara alyp maslahatlaşmalar sebit ýaşlarynyň tejribe we bilim alyş-çalşygy üçin toparlaýyn çekişme, ýaş işjeňleriň we BMGÖM-iň daşky gurşawy goramak hem howanyň üýtgemegi bilen göreş pudagynyň işgärleriniň bilelikdäki taslamalaryny tanyşdyrma görnüşinde geçdi. Maslahatyň ahyrynda çäräniň netijelerini we ýaşlaryň hukularyny hem mümkinliklerini artdyrmak boýunça indiki ädimlerini ara alyp maslahatlaşmaklary üçin, BMGÖM-iň işgärleriniň duşuşygy bolup geçdi.

Maslahat daşky gurşawyň goragy we howanyň üýtgemegi pudagynda sebitleýin hem serhetaşa hyzmatdaşlygyň ösüşine ýardam eder, BMGÖM-iň tutuş sebitiň ýaşlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini ösdürmäge saldamly goşant goşar diýlip garaşylýar.

Ýewropa we GDA ýurtlary sebitinde ýaşlar hereketi we işjeňlik ähli ýurtlary dawalaryň öňüni almaga, howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerini peseltmäge we parahatçylygy hem durnuklylygy goldamaga çagyrmak bilen, daşky gurşawyň goragynda görnükli wezipäni ýerine ýetirdi. Bütindünýä derejesinde Ýaşlaryň bütindünýä konferensiýasy (GCOY) geçirilýär. Onuň guramaçysy bolup YOUNGO – BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýa girýän hökümete dahylsyz ýaşlar guramalarynyň resmi korpusy çykyş edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geçen ýyl Ýaşlar konferensiýasynyň (COY16) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çaçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçen konferensiýasynyň (COP26) öň ýanynda Beýik Britaniýanyň ilçihanasy, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik koordinatorynyň edarasy bilen bilelikde Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ilkinji ýaşlar konferensiýasyny geçirendigini bellemek gerek. Ol howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça bilimdir tejribe alyş-çalşygyny we ýaş işjeňleriň çekişmelerine itergi berlişini üpjün etdi.

Şeýle hem Türkmenistanda howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýaşlar işjeňligini tizleşdirme boýunça tagallalaryň çäginde şu ýylyň fewral aýynda BMGÖM ýaşlaryň ekologik habarlylygyny ýokarlandyrmak we ilaty ekologiýa kynçylyklaryna garamazdan, özüňi durnukly alyp barmagy höweslendirmek boýunça başlangyçlara çekmek maksady bilen, ýurduň ýaş ekologik işjeňleri bilen duşuşyklar geçirdi.