Ï “Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 4911
“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň nobatdaky sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda ýerleşdirilen habarlar, maglumat beriş, seljerme we statistiki häsiýetli makalalar köptaraplaýyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny beýan edýär.

Žurnal Garaşsyzlygyň 30 ýylynda dürli pudaklarda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan makala bilen açylýar. Onda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen 2021-nji ýylyň ýurdumyzyň senenamasyna möhüm wakalary ýazandygy nygtalýar. Şol wakalar ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek, ylym-bilimi, medeniýeti, saglygy goraýşy we sporty ösdürmek arkaly adam mümkinçiligini artdyrmak ýoly boýunça ýurdumyzyň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. Şu döwürde türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşynda uly özgertmeleriň bolup geçendigi, täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döredilendigi bellenildi.

Žurnalyň esasy mowzuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de onuň durnukly ösüşiniň möhüm ýagdaýlary baradaky meselelerden ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan —―parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” bölümindäki makalalar toplumyny bellemek gerek.

“Halkara gatnaşyklar” bölüminde ýerleşdirilen makalalarda Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ynsanperwer ugurlary açylyp görkezilýär. Şeýle-de onda ýurdumyzyň toplan tejribesi hem-de häzirki zaman daşary syýasat strategiýasy beýan edilýär. Bu bolsa halkara gatnaşyklar ulgamynda bitaraplyk institutynyň ähmiýetiniň barha artýandygyna we möhümdigine şaýatlyk edýär. Neşiriň makalalarynyň biri hemişelik, oňyn Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň özboluşlylygynyň öwrenilişine bagyşlanypdyr. Okyjylar taryha gysgaça syýahat edip, Seljuklar döwletinde diplomatiýanyň eýeleýän orny baradaky arhiw maglumatlary bilen tanşyp bilerler.

Makalalaryň birnäçesini bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ony sanly ulgama geçirmek baradaky mazmun birleşdirýär. Awtorlar okuw-terbiýeçilik işiniň esasynda täzeçil sanly tehnologiýalaryň, dünýäniň iň oňat bilim ülňüleriniň, umumadamzat we milli gymmatlyklaryň, halk terbiýesiniň baý däpleriniň durýandygyny belleýärler.

Arheologiýa ylmynyň döreýşine we gazananlaryna bagyşlanan makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder. Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan beýleki möhüm meseleleriň hatarynda milli ykdysady nusga, Durnukly ösüş maksatlary, ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşi baradaky meseleler bar. Şol makalalarda halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn seljerme berilýär, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça görülýän çäreler beýan edilýär. “Gender deňligi — durnukly ösüşiň girewi” atly makala Türkmenistanda gender syýasatyna seljerme bermäge bagyşlanypdyr. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, zenanlar barada döwlet derejesindäki alada sagdyn jemgyýetiň, onuň ynsanperwerliginiň we ahlaklylygynyň alamatydyr.

Žurnalyň şu sany türkmen halkynyň baý aýdym-saz sungatyna, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekde milli medeniýetiň eýeleýän ornuna degişli makalalar bilen tamamlanýar.