Ï Taryha şaýat gala
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryha şaýat gala

view-icon 3729
Taryha şaýat gala

Ajaýyp ýadygärlikler mukaddes Watanymyzyň demirgazyk künjegindäki Daşoguz welaýatyna hem aýratyn görk berýär. Bu gadymy künjegiň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň geňeşliginiň çägini etekläp oturan Diýarbekir (Ýarbekir) galasy her bir adamyň ünsüňi özüne çekýän ýerleriň biridir. Bu ýadygärlik barada Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň ýüregi» atly eserinde hem ýazylýar we söwda kerwenleriniň birnäçe menzil aşyp, bu galanyň deňinden hem geçendikleri yatlanylýar.

Taryhy maglumatlara görä Diýarbekir (Ýarbekir) galasynynyň esaslandyrylan döwrüni alymlar b. e. öňki IV – b. e. III asyrlary bilen seneleýärler. Galada b.e. X-XIV asyrlarynda ýaşaýyş gülläp ösüpdir. Gala bişen we çig kerpiçlerden bina edilipdir. Diwarlarynyň uzynlygy 250x220 metre , umumy gorag meýdany 284,5 gektara barabardyr.

Galanyň iň irki döwürlerden başlap, tä XIV asyra çenli ýaşaýyş mekany bolmagy, onuň öz döwründe örän ähmiýetli galalaryň biri bolandygyndan habar berýär.

Galanyň diwarlarynda 6 sany diň saklanyp galypdyr. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende galanyň aşaky böleginiň b.e. öňki IV asyra degişli çig kerpiçden bina edilendigi anyklanyldy. Kerpijiň ölçegi 40x40x10sm, ýöne şeýle kerpiçler galanyň ýokarky böleginde hem ulanylypdyr, bu bolsa orta asyrlarda hem şeýle ölçegli kerpiçleriň ulanylandygyny görkezýär. Galanyň içindäki ussahanalarda orta asyra degişli keremika önümler tapyldy.

Bu ýadygärlikde 1929-njy ýylda L.P.Sokolow, 1934-nji ýylda M.Woýewodskiý tarapyndan, 1950-nji ýylda S.P.Tolstowyň ýolbaşçylygynda Horezm arheologiýa etnografiýa ekspedisiýasynyň ylmy işgärleri we 1958-1963-nji ýyllarda N.N.Wakturskaýanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň ylmy işgärleri hem-de 1968-1970-nji ýyllarda Ý. Nerazigiň ýolbaşçylygyndaky toparyň ylmy işgärleri giňişleýin barlag we gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler.

Netijede, galanyň içinden we töwereginden syrçaly we syrçasyz gap-gaçlaryň bölekleri, demir önümleri, monjuklar, teňňeler, syrçalanan binagärlik bezeg bölekleri tapylypdyr. Galanyň töwereginde köp sanly orta asyr keramikasy we köp görnüşli önümçilik gurallary , çeper keramika öndürmek üçin galyp tapyldy. Ýadygärligiň töwereginde köp sanly küýze öndürilýän ussahanalaryň tapylmagy, bu ýerde ösen senetçiligiň bolandygyna şaýatlyk edýär.