Ï Türkmenistanyň wekiliýeti HMG-niň Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti HMG-niň Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy

view-icon 4789
Türkmenistanyň wekiliýeti HMG-niň Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Migrasiýa Guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Bu geňeşiň sessiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, migrasiýa we ilatyň göçmegi ýaly hadysalaryň özara arabaglanyşygy barada çykyş etdi.

Türkmen wekilýeti öz çykyşynda Türkmenistanyň HMG bilen hyzmatdaşlygyny we daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mejbury migrasiýanyň öňüni almak bilen bagly alnyp barylýan işleri belläp geçdi.

Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu global mejlise gatnaşmagy Türkmenistan watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň we bu ulgamda dünýä tejribesini işjeň özleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.