Ï Önümçilige kömek
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümçilige kömek

view-icon 4807

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty tarapyndan neşir edilýän halkara ylmy-amaly žurnalynyň 2022-nji ýylyň soňky sanynda çap edilen makalalar toplumy şeýle atlandyrylýar.

Makalalar toplumyna türkmen alymlarynyň ýurdumyzda gelinkömelekleriň gurak klimat şertlerinde möçberiniň ulalyşyna we ösüşine hem-de Türkmenistanda arwana tohumly düýeleriň brusellýoz keseliniň öňüni alyş çärelerine bagyşlanan işleri girizildi.

Žurnalda neşir edilen beýleki makalalar hem diňe bir ylmy däl-de, eýsem amaly häsiýete-de eýedir.

Şolaryň arasynda «Garagumda gün energiýa desgalarynyň ulanylyşy», «Türkmenistanda çägeli we tozanly tupanlar we olaryň ýaramaz netijelerine garşy göreş çäreleri», «Yssy klimat şertlerinde iýmitlenme stereotipleriniň zenan bedenine edýän täsiri» ýaly möhüm makalalar bar. «Süýji buýanyň anatomik morfologik derňewleri», «Daglyk Türkmenistanyň ýabany bitýän badamlary», «Türkmenistanda daşky gurşawyň döwlet monitoringiniň kanuny taýdan düzgünleşdirmegi» ýaly makalalar bolsa diňe bir alymlaryň – hukukçylaryň däl, eýsem ekologlaryň we beýleki hünärmenleriň hem gyzyklanmasyny artdyrýar.

Žurnalda däne ekinleriniň boý alşyna we ösüşine ýerasty suwlaryň temeraturasynyň täsiri, Türkmenistanyň oba hojalygynyň ösüşiniň tebigy şertleri, orta asyr Türkmenistanyň jykyrlary – suwy ýokary galdyryjy desgalary baradaky gyzykly makalalar hem çap edilipdir.