Ï Türkmenistan gaz pudagy kämilleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan gaz pudagy kämilleşdirýär

view-icon 4759
Türkmenistan gaz pudagy kämilleşdirýär

Türkmenistanda satlyk gaz ätiýaçlyklaryny üpjün etmek maksady bilen, ilkinji gezek ýerasty ammar desgalaryny gurmak boýunça taslama durmuşa geçiriler. Ony durmuşa geçirmek işine halkara tejribesine laýyklykda iş alyp barmagy, şeýle hem tehniki-ykdysady esaslandyryşy, taslamany taýýarlamagy, enjamlaşdyrmagy we gurluşyk işlerini amala aşyrmagy üçin, halkara geňeş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ägirt uly gaz goruny ýurdumyzyň içinde tygşytly we netijeli ulanmakda, şeýle hem eksport mümkinçiligini artdyrmakda ýene bir ädim bolar. Ýerasty gaz ammarlary (ÝGA) Türkmenistanyň Bitewi gaz üpjünçilik ulgamynyň aýrylmaz bölegine öwrüler.

Gazy ýer astynda saklamagyň dünýä tejribesi ýüz ýyldan-da gowrak wagt bäri bar. ÝGA tükenen gaz we gaz kondensat ýataklaryna, duzly gowaklara, suw geçiriji gurluşlara esaslanýan inženerlik-tehniki desgalar toplumydyr. Olar esasy gaz turbalarynyň we gaz sarp ediji iri merkezleriň golaýynda döredilmek bilen, şu möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär: gaz sarp edilişiniň möwsümleýin deňsizligini kadalaşdyrmak we gaz üpjünçilik ulgamynda basyşy üpjün etmek; adatdan daşary sowuk gyş we beýleki adatdan daşary ýagdaýlary üçin gaz gorlaryny saklamak; gaz eksportyndaky deňsizligi kadalaşdyrmak; gaz çykarylanda ýa-da daşalanda ýüze çykyp biljek çykgynsyz ýagdaýlar üçin uzak möhletleýin strategik gaz ätiýaçlyklaryny döretmek.

Gazy saklamak ony çykarmak we daşamak bilen birlikde içerki hem daşarky sarp edijileri üznüksiz gaz bilen üpjün etmekde iň möhüm ugurdyr. ÝGA diňe bir üznüksiz gaz üpjünçiliginiň kepili bolman, eýsem girdejili işdir, sebäbi döredilen uglewodorod ätiýaçlyklary olary daşary ýurt bazarlarynda iň amatly bazar şertlerini göz öňünde tutup satmaga mümkinçilik berýär. ÝGA-da isleg döwründe alynýan taýyn gaz we alynmaly däl gazyň iň az talap edilýän tehnologik mukdary, ýagny tetärik gazy saklanýar.

ÝGA tebigy gazyň arassalanmagy netijesinde alynýan we daşamak hem ulanmak üçin ýaramly satlyk gaz bilen doldurylýar. Bazarlyk gaz turbalary poslatmaly däldir, ony ammara salmak üçin, ahyrky ulanyjy üçin ýangyç ýa-da uglewodorod çig maly hökmünde gazyň käbir sarp edijilik häsiýetleri bilen üpjün etmelidir.

Türkmenistan sebitde we dünýäde energiýa howpsuzlygyna möhüm goşant goşup bilýän kuwwatly energetik döwletdir. ÝGA desgalarynyň döredilmegi häzirki we bolup biljek hyzmatdaşlaryň islegi artan halatynda, ýurdumyzyň gaz eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berer. 2015-nji ýylyň dekabrynda Gündogar – Günbatar gaz geçirijisiniň işe girizilmegi bilen döredilen ýurdumyzyň bitewi gaz geçiriji ulgamynyň barlygynda Türkmenistan Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça gaz ibermek mümkinçiligini hasam artdyrar.